Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Ine, ýene gozgadym...

3 minut alar

Başda, iki sany filosowyň "pikir tejribesini" paýlaşyp, siz näme pikir edýaňiz diýmekçidim? Gynansakda, munuň 400 nyşandan geçjekligi sebäpli her näçe dilim barmasada "makala" görnüşinde ýazaýyn diýdim. 

Elbetde, mowzukdan hem belki aňansyňyz, şuny okap otyranlaryň köpüsiniň eşiden ýa-da bilýän meselesi bolsa gerek: Afrikadaky çagalar

Şeýle bir fakt bar, hakykat hem diýsek bolar, UNICEF(United Nations International Children's Emergency Fund)-iň aýtmagyna göra Afrikada her günde onlarça çaga açlykdan-suwsuzlykdan,ýönekeý kesellere çare tapyp bilmänligi üçin dünýäden ötýär. Bu ýerde men diňe uly döwletler, şeýle hem bizleriň kömek  etmelidigi, olaryň nahili derejede kömege mätäçdigi barada aýtmakçy däl. Bilşimiz ýaly, dünýäde köp adamyň olara kömek eder ýaly ýagdaýy bar, emma bu ýerde hem şeýle sorag ýüze çykýar: "Name üçin kömek edeli?", "Dünýäde ötse bize täsir etmejek,hat-da perwaýymyzada bolmajak adamlar..." we ýene-ýeneler, bular barada aýdyp başlasak soňy gelmejek dawa turar, ýöne goşmaça zat aýtmaly bolsa " Hökmanylyk" adalgasynyň ujy görünýar, eger bu meseläniň filosofiýa tarapyna  sogulsak. Afrikaly çagalara kömek edýän adamlar bu "Hökmanylyk" çagini özleri üçin geçýärler, ýagny, biri olara:"Siz etmeseniz bolmaýa, hökman etmeli" diýip buýruk berenok. Şeýle hem siz olara kömek etseňiz özüňizi hoşal duýmakda erkin siz, emma kömek etmedik hajatyňyzda hem gynanmaklygyň geregi ýok. Bu barada size başda aýdan filosoflarmyyň biriniň pikir eksperimentini paýlaşmakçy. Bu barada modern(döwrebap) filosoflaryň biri bolar Peter Singer öz pikir eksperimentinde şeýle diýýär:

Goý, 100$-a taze köwüş aldyňyz diýeli, we kölüň gyrasynda ýörişe çykdyňyz. Görseňiz bir çaga köle ýykyldy we gark bolup barýar. Çalt bolmaly(egin eşikleri çykarara wagt ýok). Ýüzmegi bilýäňiz,emma bökseňiz aýakkap bilen bilelikde eşikler - dynç 

Bu ýerde pikirlenmegiň hajaty ýok. Elbetde, çagany halas ederis. Halas etmesek, gaty erbet...Köp nokadyň ýerine ýazjak zatlarymy eýýäm pikirlendiňiz. Bu pikirden ýola çyksak hemme "Dogry" diýer, emma üns berenler ikisiniň doly deň daldigini aňarlar we "Käşkä, bulam şolar ýaly ýeňil bolsa" diýendir. Şeýle hem, görmeýän,tanamaýan adamlarymyzdaky wakalar bizde şol täsiri bermeýär. Hemem analiz etsek, ol ýerde(kölli mesele) göni edip boljak zat belli, hemem iň gyzykly ýeri ol ýerde diňe biz bar. Başga adamlar bolan bolsa mesele biraz başgaça hem bolup bilerdi. Bu ýerde Singeri gepletsek naçe adam bolany möhüm däl, sen özüňe jogap ber.  Onuň aýtmagyna görä Amerikada her adam hat-da girdejisiniň 1/100-ni bagyşlasa hem nämeler edip bolmazdy?!  Ýöne surata diňeje bir tarapdan seredip bolmaz.  Bu barada ýene bir modern filosof bolar Garet  Gardin öz pikir eksperimentinde garşy çykýar:

Goý, siz 50 adamlyk gamide diýeli we ýene 10 adama ýer bar, ýöne deňizde gark bolup oturan 100 adam bar. Hemmesini alyp bolmaýar(alsaňyz näme boljagy belli), Haýsy 10-syny aljak...

Gardin bu ýerde hijisi  almalyň diýýär, çünki diňe 10-syny almak beýlekilere zalymlyk boljagyny, hem-de almasalar 40 adam bilen rahatlyk bilen deňizden çykjakdyklaryny nygtaýar... Indi,meniň ýazgylarymdaky köp nokadyň syryny çözen bolsaňyz gerek),ýeri,Gardin ol ýerde azajyk serhetden geçip, öte almaýanlaryň wyzdanlydygy, ol ýurtlaryň beýle bolmagynyň dolandyryjylaryň ýalňyş syýasat alyp barmagy,ilat gürlügine baglaýar. Bir ýere çenli Gardin dogry aýtýar diýsegem, emma munda hem giňişleýin pikirlenseň ýagdaýlaryň doly deň däldigini görmek bolar. Birinjidenä, tejribedäki ýaly resurslar ol derejede çäkli däl. Dogry syýasat alnyp barylsa, gowy zatlaryň bolup bilmek ähtimalllygy gaty uly. Bu ýerde ahlak çyzygyny nirä çyzanymyz möhüm, emma Singerçilere görä çyzygyň nirä çekilmelidigi belli. Ýeri,siziň nähili garaýyşlaryňyz bar Singer mi, Gardin mi? Ýa üýtgeşik pikir we garaýyşlaryňyz barmy? Teswirlerde duşuşalyň!

152 |