Iň ýakyn "Tiz kömek"
2 minut alar
Goňşy bu size iň ýakyn tiz kömekdir.
Ykbalyň sizi duşurmagy bilen goňşyň seniň ýakyn garyndaşlaryňdan soň iň ýakyn adamyň hasaplanylýar. Käwagt ýetmezçilik ýüze çykanda, maslahatly iş ýüze çyksa biz ilkinji goňşymyza barýarys, sebäbi goňşy hemişe seň ýanyňda edil “tiz kömek” ýaly kömege taýýardyr.Öňki döwürlerden bäri goňşyň bilen ýakyn gatnaşykda birek-birege ikitaraplaýyn kömek edip gelmek agzybirligiň alamaty hasaplanýar.
Goňşy bilen ylalaşykda ýaşamak.
Goňşyň bilen islendik meselede ýüze çykan kynçylyklary ylalaşyp çözjek bolmaly. Adaty durmuşda goňşy gatnaşyklary üç sany paýhasa daýanyp kadaly ýaşap bolar:
Düşünişmek
Geçirimlilik etmek
Ylalaşyk gözlemek
Bu meselede iki tarap hem deň hereket etmegi zerurdyr.
Goňşy bilen ylalaşykda ýaşamak üçin esasy edilmeli talaplar:
1. Töwerekde aýdylýan gep-gürrüňlere gulak asmazadan ,hakykata özbaşdak göz ýetirjek bolmaly;
2. Islendik dawaly meselede bir-birinden ýüz öwürmän, çözgüt gözlemeli;
3. Iki tarap hem biri-birine sylag-hormat, paýhas görkezmeli;
4. Geçirimlilik etmäge çalyşmaly;
5. Dawaly meselede ylalaşyk tapmaly we dawanyň dowam etmegine ýol bermeli däl;
6. Özara dawa jenjeli hukuk jedeline öwürmejek bolmaly;
“Goňşy gadryny goňşy biler” diýen nakylyň manysy näme?
Bu nakyla bir rowaýatyň üsti bilen göz ýetirjek bolalyň. Rowaýata görä;
(bir adam başga bir oba baranda onuň öýüne höwesi gelipdir we öýüň eýesine öýi satmaklygy teklip edýär. Öý eýesi öýüň bahasyny iki ýüz müň manat diýip aýdýar. “Aslynda öýüň hakyky bahasy ýüz müň manat, ýene ýüz müň manat bolsa gowy goňşym üçin soraýaryn ,ýöne sen bu puly bereniňde hem men goňşymdan aýrylyp bilmerin”diýip jogap berýär).
Goňşy gatnaşyklary dowamly gatnaşyk hasaplanýar, hat-da ömrüň ahyryna çenli hem dowam edýär.Türkmen halkynda maşgalada, goňşy gatnaşyklarynda bir tarapyň parhly bolmagy ündelýär.Ylalaşmaklyk ýol almadyk ýagdaýynda bir tarapyň pesräk bolany “seniňki dogry” diýeni gowydyr, dowamly dawa-jenjeliň içinde ýaşamak iki tarap üçin hem bähbitli däldir.Şonuň üçin hem ata-babalarymyz “ody gozgasaň öçer,goňşyňy gozgasaň göçer” diýip ündäpdirler.