Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Çopan oglanjyk

Iñ uly arzuwyň amala aşmasy

2 minut alar

Oglanjygyň iň uly arzuwy meşhur karateçi bolmakdy. Ol bir gün betbagtçylykly hadysa sebäpli çep elini ýitirýär. Ene-atasy onuñ iň uly arzuwlaryny amala aşyrmak, çagalaryny begendirmek üçin karate mugallymyny hakyna tutýarlar.
Birinji sapakda mugallym oglanjyga garşydaşynyň sag elini tutup, üstünden agdarma hereketini görkezýär. Ikinji, üçünji we hatda soňraky sapaklarda hem elmydama şol bir zady gaýtalaýarlar.
Bir gün oglanjyk mugallymyna: "Jenap, men bu ýagdaýdan gaty ýadadym indi başga herekete geçip bilmerismi?". Mugallym bu haýyşy kabul etmeýär we örän çalt hereketli bolmasa bu hereketiñ gutarmajakdygyny aýdýar. Oglanjyk hereketi şeýlebir çalt edýärdi
hatda mugallymyny hem göz açyp ýumasy salymda ýerden ýere urýardy.
Günleriň birinde mugallymy elinde kagyz alyp gelýär. Kagyzda oglanjygyň karate çempionatyna gatnaşyp biljekdiginiñ ýazylandygyny mugallymy aýtýar. Ertesi gün zalda ilkinji garşydaşynyň öňünde durjak bolanda, oglan höwes bilen içeri girýär we mugallymynyň öwreden bir hereketi bilen garşydaşyny ýykýar. Hatda ol şol bir hereket bilen finala çykmany başarýar.
Finalda bäsdeşiň göwresiniñ özünden iki esse ulydygyny görüp gaty gorkýar, ýöne bilýän hereketini edip çempion bolýar we soňky garşydaşyny hen ýeňýär.
Mugallymynyñ ýanyna begenip ylgap barýar we ondan soraýar: "mugallym Nädip bolup geçendigine özümem düşünemok, diňe bir hereketi bilýärin, ýekeje elim bar we men çempion boldum." Mugallymy oglanjyga seredýär we şeýle diýýär: bu hereketden ýekeje goranyş usuly bar ol hem garşydaşyň diñe çep elinden tutmak arkaly amala aşyrylýar.

59 |