Mugallym (talyp)
Içimizdäki dolduryp bolmajak boşluk... ýa-da "Geçmiş ömürler" filminiň mazmuny
6 minut alar
- Aňlamak üçin aň gerek, pikirlenmek üçin beýni... ýatlamak üçin hatyra. Hakydamdan gitmedigiň pursat, sen hemişe ýadymda...
"Geçmiş ömürler"...
Biraz bu film hakynda ýazasym geldi. Çuň manyly we kän zadyň üstünde oýlanmaga mejbur eden filmlerden biri.
"- Eger bir adam beýleki biri bilen duşuşan bolsa, onda olary geçmiş ömürleriniň birinde inýen baglandyr..."
Ine, şu sözlem "Geçmiş ömürler" filminiň pelsepewi tarapyny doly beýan edýär. Film aslynda durmuşyň manysy, bagt, iş durmuşy, arzuwlar, "men-iň" gadyry, ruhy gymmatlyklar we esasan hem, ynsan gymmaty hakynda gürrüň berýär. Doly beýan etmäge başlamazdan öň, biraz reinkarnasiýa we koreý medeniýetindäki "inýen" (soulmate, ýagny "ruh ýoldaşy") düşünjesiniň üstünde durup geçeliň (bular hakynda giňişleýin okap bilersiňiz, men ýüzleý durup geçmekçi, sebäbi makalanyň aglaba bölüminde filmiň pelsepesi hakynda ýazmak isleýärin):
Reinkarnasiýa - bu ruhuň bakylygy hakyndaky taglymat. Bu ynanja göra, ruh ölümsizdir we her gezek başga bir predmetde "bir ömrüniň dowamynda" eden etmişine görä täzeden dünýä inýär. Bu proses üznüksizdir. Ruh öz aslyýetini ýitirmeýär, onuň düýp "fundamenti" saklanyp galýar.
P.S. Türkmen edebiýatynda reinkarnasiýa meselesine G.Ezizowyň "Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:" goşgusynda duş gelmek mümkin.
Inýen - bu ömür ýumagy ýa-da ykbal. Inýen düşünjesi reinkarnasiýa bilen içgin baglanyşyk saklaýar. Koreý medeniýetinde 8000 gezek inýen arkaly baglanan adamlar maşgala gurýarlar, ýagny olar 8000 ömrüň dowamynda biri-biri bilen duşuşypdyrlar. Inýen, geçmiş ömründe duşuşan adamlary geljekki ömründe biri-birine duşurýan güýç.
P.S. Bu düşünjeler buddizm bilen baglanyşykly (*filmde berilýän maglumata görä elbetde).
Duýduryş: Makala spoýler saklaýar. Eger filmi görmedik bolsaňyz, ilki görüp soň okamagy maslahat berýärin.
"Geçmiş ömürler" filminiň baş gahrymany "Nora" atly gyz. Ol çagaka maşgalasy bilen Kanada göçmeli bolýar. Onuň arzuwy edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolmak. Emma onuň Seulda He Sun (Hue Song) atly aralarynda örän üýtgeşik gatnaşyk bolan çagalyk dosty(?) bar. Ikisi hem biri-birine ýakyn, ikisi hem biri-birini halaýar. Bularyň arasyndaky gatnaşyga çagalyk söýgüsi diýmek mümkin. Bular soňunda biri-birinden aýrylmaly bolýarlar...
Aradan 12 ýyl geçýär, Nora Amerikada ýazyjylyk karýerasyna başlaýar. He Sun bolsa Seuldaky naýbaşy kollejleriň birinde inženerçilik ugruna okuwa girýär. Günleriň birinde Nora kakasynyň düşüren filmleriniň birinde -ol režissýor- He Sunyň özüni gözleýändigi hakynda ýazan teswirini okaýar. Ol dessine yzyna jogap ýazýar we bular täzeden gürleşip başlaýarlar. Emma bu ýagdaý uzak wagtlap dowam etmeýär, sebäbi Nora He Sunyň özüne ýaramaz täsir edýändigini bellemek bilen, oňa Puliser ýazyjylyk sylagyny almakda päsgel berýändigini aýdýar, oňa iň bolmanda şol sylagy gazanýança gürleşmezligi teklip edýär...
P.S. Başdaky Nobel baýragy Puliser baýragy bolýar. Soň ol arzuw has hem kiçelýär...
Aradan ýene 12 ýyl geçýär. Nora ol aralykda eýýäm Artur atly Amerikaly ýewreý ýigide -Artur hem ýazyjy- durmuşa çykýar. Bular bilelikde bagtly durmuşda ýaşaýarlar, emma wagtyň geçmegi bilen Nora özünde nämedir bir zadyň kemdigini duýup başlaýar - Watan söýgüsi we şonuň bilen bilelikde gelýän ýaşlyk söýgüsi... Içindäki boşluk duýgusy oňa durmuşynda we edýän işlerinde täsirini ýetirýär. Stressli we şüpheçil, geçmişe nazarly ýaşamaga sebäp bolan bu duýgular, He Sunyň Amerika gelmegi bilen has hem artýar. He Sunyň Amerika geliş sebäbi, elbetde Norany görmek we içki duýgularyny, durmuşyny onuň bilen paýlaşmak.
Bular duşuşýarlar, gürleşýärler. Ertesi gün Nora He Suny ýoldaşy Artur bilen tanyşdyrýar. Olar söhbet edýärler -aslynda gürrüňiň içine Artur goşulmaýardy, sebäbi olar koreýça gürleşýärdiler- edilýän söhbetler bolsa, elbetde geçmiş bilen bagly. Olar geçmişini ýatlaýarlar, belli bir wakalaryň üstünde durup geçýärler, käbir wakalary bolsa ähtimallyklar arkaly -"eger şonda şeýden bolsadym" görnüşinde- soraga çekýärler... We soňunda, "geçmiş ömrümizde belki biz är-aýal bolandyrys" diýmek arkaly, filmiň mazmunyny jemleýärler, ýagny dialog gutarýar. He Sun yzyna, Koreýa gaýdyp barýar, Nora bolsa Amerikada, öňki durmuşyna dowam edýär...
Umumam alnanda, filmiň sýužeti şundan ybarat. Bu filmde esasy üns berilmeli zat - gahrymanlar we olaryň içki dünýäsi. Nora arzuwçyl, maksada okgunly we durmuşynda beýik sepgitlere ýetmek isleýän gyz. Onuň üçin edil ene-atasy ýaly, öz şahsyýetini we indiwiduallygyny ykrar etdirmek hem-de kabul etdirmek 1-nji orunda durýar. Onuň kakasy belli režisýor, ejesi bolsa suratkeş. Özi bolsa ýazyjy bolup, at-abraýa eýe bolmagy arzuw edýär. Ol maksadyna ýetmek üçin elinde bar zatlaryň köpüsini bagyş etmäge taýýar. Hut şunuň üçin hem Nora 12 ýyldan soň täzeden He Sun bilen gatnaşyp başlan wagty, arakesme bermegi we bir pursatlyk gürleşmezligi karar edinýär, sebäbi olaryň gatnaşygy -Noranyň pikiriçe- onuň ünsüni bozýar we ony maksatlaryndan uzaklaşdyrýar. Noranyň Artur bilen durmuş gurmagy hem raýatlyk meselesi bilen bagly. Maşgala bolmak arkaly Nora Amerikanyň raýatlygyny gazanýar (mundan öň ol Kanada raýatydy). Nora gatnaşyklaryndan maksimum peýda gazanmaga ymtylýan biri, onuň üçin ynsan gymmatlygy birinji orunda däl. Beýle diýmek bilen men Norany aýyplamak islämok, elbetde ol durmuşyndan razy we bagtly, ýöne armanly...
He Sun barada aýdylanda, ol wepaly biri. Ömri boýunça bir adama wepaly bolan we geljegini hem şoňa esaslanyp guran adam. Ol durmuşyny elbetde özbaşdak dowam etdiripdi, emma bir gün hemme zat täzeden başlanar diýen umyt bilen. Ol belli bir sebäp bilen -näme sebäpdigine düşünmedim- Noradan başga bilen geljegini görenok. Ýöne başga bir tarapdan özüni Nora mynasyp hem hasaplanok. Bir görmäge olar aýry dünýälerde ýaşaýan adamlar ýaly, bir görmäge bolsa ikisi biri-biri üçin ýaradylan ýaly... Onuň "söýgüsi" tämiz we sap. Hut şol sebäpden hem ol Nora bilen 24 ýyldan soň görüşeninde-de oňa dogruçyl we ýürekden garşylyk berýär. He Sun üçin Noranyň tersine, ynsan gymmatlygy birinji orunda durýar. Hut şonuň üçin hem ol öz gürleşen gyzy bilen -aralykda bir gyz bilen tanyşýar we onuň bilen ep-esli wagt gürleşýär- durmuş gurmaýar. Ol özüne we gyza biwepalyk edesi gelenok. Netijede, ol öýlenmän galýar. He Sun bagtly durmuş sürüpdir diýsek hem ýalňyş bolar, sebäbi onuň hem durmuşy armanlardan doly...
Artur bu filmde pida edilen adam. Filmiň soňunda ol ähli zadyň parhyna barýar. Ol hakynda üýtgeşik aýdar ýaly zat ýok. Esasy zat onuň mert we gaýratly ýigitligi. Bolup geçen ähli wakalara we hadysalara seretmezden, ol öz saýlawyna we lebzine wepalylyk görkezýär, ne ejizlerýär, ne-de namartlyk edýär. Hut şol sebäpden hem filmiň dowamynda iň halan gahrymanym Artur boldy. Emma halyna iň gynanan gahryman hem şol, sebäbi onuň dünýäsi 2 günüň içinde tersine çöwrüldi...
Umuman, bu film üç gahrymanyň üsti bilen ynsany gymmatlyklaryň, mertebe, abraý we birinji orunda goýulmaly gadyrlaryň, ynsan gadrynyň we gatnaşyklaryň ähmiýetini düşündirýär. Her kim bu gahrymanlaryň hereketlerinden we başdan geçiren wakalaryndan dürli zatlary çykaryp biler, sebäbi mowzuk çuň, ýagdaýlaryň we netijeleriň gerimi giň. Şahsy subýektiw pikirimi paýlaşmaly bolsa, men Noranyň ýalňyşlyklaryny, He Sunyň bagymlylygyny we Arturyň geçirimliligini gaýtalamak islemezdim.
Ynsan - gadyry bar ýerinde ýagşy, abraý gerek ýerinde. "Ýokarlaryk galyp birleşmekden, birleşip galmak gowy"...
Joraýew Babageldi "Çeper syn"