Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hyýaly ertekiler

5 minut alar

Hyýaly ertekiler hakynda

                                            (folklordaky mifler)

Hyýaly elementleri biri – birinden tapawutlandyrmak olary öwrenmekde ep-esli aýdyňlaşdyrmalary ýüze çykarýar. Şol sebäpden hyýaly elementleriň ilki klassifikasiýasyny (haýsy maşgala degişlidigini), soňra ierarhiýasyny (derejesini), iň soňky – üçinji basgançagynda hyzmatyny, hyzmatyna görä netijesini we ähmiýetini öwrenmeli bolýar. Hyýaly element diýip şertli ýagdaýda atlandyrsagam, şol elementleriň köpüsiniň material suraty we gurluşy bar. Elementleriň hyýaly ýa däldigi wagt taýdan şertlendirilýär. Döwler şol wagt taýdan şertlendirilýän hyýaly elementlere degişli bolup durýar. Olaryň öz aýratynyna klassifikasiýasy, ierarhiýasy hem bardyr. Şol jähtden döwleri beýleki hyýaly elementlerden tapawutlandyrmak zerurdyr. Döwler bilen köplenç jynlary, perileri, symrug guşlaryny, käbir halatda şeýtany (garaňkylygyň – şeriň hudaýy hasaplanýan Angro – Maýnýu) garyşdyrýarlar. Biziň pikirimizçe, döwleriň häsiýetnamasy arassa däl güýçlere degişli bolup, ol erbetligiň – şeriň obrazlar ulgamynda jynlar bilen şeýtanyň arasynda duran elementdir. Döwlere jynlaryň

materiallaşdyrylmagy diýjeklerem tapylar, elbetde. Ýöne bu biziň pikirimizçe, hakykata laýyk gelmeýär. Edil hemmesiniň bolmasa-da, wagtyň geçmegi bilen jynlaryň belli bir böleginiň adam keşbini kabul etmegi bilen döwler döräpdir diýen pikire eýermekçi bolýanlar üçin bir sorag ýüze çykýar. Jynlar edebi – taryhy ösüşiň dowamynda henizem abstrakt hadysa bolmagynda galýar. Olaryň tebigaty ruhuň  tebigatyna laýyk gelip, ol hiç bir bilkastlaýyn ýa-da tötänden “geýdirilen eşigiň” eýesi bolup bilmeýär, eger şeýle bolaýan bolsa, onda olar ruh hökmünde ýaşamagyny bes ederdi. Jynlaryň döwleriňki ýaly material gurluşynyň ýokdugy “Ýartygulak” atly ertekide-de ýüze çykypdyr.[1] Megerem, döwleriň real obrazynda “jyn” tarapyndan howandarlyk edilýän köptaraplaýyn ukyply adamyň prototipi ýatandyr. Döwleriň adamlar bilen gepleşýändigi, adamlara mahsus sypatlaryň köpüsini özünde jemleýändigi bize şeýle diýmäge esas berýär.  Döwleriň jynlardan tapawutlanýandygyny alym S. Atanyýazowyň “Türkmen diliniň sözköki sözlügindäki” bu iki atlandyrma beren kesgitlemesinden hem görmek bolýar. Ol jyn barada: “ Jyn – Arapça dini sözlüklerde “Allanyň otdan ýaradan mahluklarynyň biri” diýlip düşündirilýän jinn sözi türkmen dilinde jyn görnüşine geçip, al – arwahy, göze görünmän (üns beriň), adama zyýan ýetirip bilýän ruhy güýji aňladýar” (seret: sah.219) – diýip kesgitleme beripdir. Esasy üns berilmeli zat, jyny adamyň jany bilen baglanyşdyryp, adamyň jany hakyndaky jiwa, jaýnizm ýaly janyň her dürli sypatlara eýe bolmak mümkinçiligini kesgitleýän dini akymlaryna syrykdyrmazlykdyr. Bardy – geldi şu säwlige ýol berläýse, onda döwleriň jynlardan tapawudy gelip çykmaýar. Ýöne ýene bir tarapdan, döwleri köptaraplaýyn ukyply adamyň obrazynyň prototipi diýip atlandyrsak, eger ol, hakykatdanam, adam bolan bolsa, onda şeýle adamyň taryhda bolup – bolmandygyny subut etmek üçin anyk delillere salgylanmaly bolardy. Häzirki wagta çenli şeýle subutnamany tapyp bilmänsoňlar, etnograflaram, folklorçylaram döwleri hyýaly güýçleriň wekilligine degişli edýärler. “Dünýä halklarynyň mifleri” atly ensiklopidiýada bolsa döwlere şeýle kesgitleme berlipdir: “ ermeni mifologiýasynda we eposlarynda döwler – erbet ruhlar bolup, olar iki, üç, ýedi kelleli  adam ýa-da käwagt  haýwan şekilindäki äpetlerdir”[2]  

 Eýran mifologiýasynda her bir döwüň ady bolup, olar ilkinji gezek “Awestada” gabat gelýärler. Bilşimiz ýaly, zatlary atlandyrmak – olary geljekde gowy tanamaga we tertipleşdirmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, “Awestada” Aýşma  ady bilen belli döw ogrulygyň we çapawulçylygyň  döwi hasaplanýar.  Ýeri gelende nygtasak,  şol kitapdaky “Widewdatda”  (döwlere garşy kodeksde) döwler hakynda birnäçe maglumatlar getirilipdir.  Biziň ertekilerimizde hereket edýän döwleriň aglabasynyň eýran mifologiýasyndaky döwler bilen birdigini tekrarlamak esasy aýtmak isleýän maglumatymyzdyr. Elbetde, olaryň içinde käbirleriniň hindi mifologiýasynyň täsiri esasynda döredilenlerem bolup, hindi mifologiýasyndaky döwleriňem ýene dil taýdan bir maşgala degişli hindi – ýewropa diller toparyna girýän pars dilinden alnandygy mese – mälim duýulýar. Bu ýerde esasy täsir ediş çeşmesi haýsy edebi eseriň ilki dörändigine we ýaýrawyna bagly bolup durýar. Mifler soňundan milli sypatlar we alamatlar boýunça baýlaşaýarlar we käbir ýagdaýlarda tutuşlaýyn diýen ýaly üýtgeýärler. Biziň ertekilerimizde hereket edýän döwler daşky keşbi boýunça-da eýran mifologiýasyna ýakyn. “Barzunamada” (Akwan döwüň mysalynda) döwleriň piliňki ýaly kellesi, uzyn saçlary, ýabany doňzuňky ýaly agzyny dolduryp duran dişleri, ak gözleri, gara dodaklary bar diýen sypatlandyrma berilýär.

 “Döw” sözüniň gelip çykyşy barada iki sany çaklama bar:

1)    Rus – slawýan dillerindäki “diwo” – täsinlik, geňlik diýen sözden

2)    Slawýan we baltika döwletleriniň dilindäki “dikiý” – ýabany sözünden (ýene-de şu sözüň “dyý” – hudaý, güýçli – görnüşinde ulanylyşyna –da duşmak mümkin) (Seret: “Dünýä halklarynyň mifleri” sah.377

Edebiýatda döwleriň başga bir personaža öwrüliş prosesi hem duş gelýär. Edebi žanrlaryň ösmegi bilen personažlar hem üýtgäp durýarlar. Meselem, grek mifologiýasynda Argus ady bilen tanalýan Äpet gahrymanyň arhaik obrazy soňundan gahrymançylykly eposlaryň gahrymanlarynyň obrazyna öwrülip gidipdir. (şol kitapda,sah.100)

Şunluk bilen ýokardaky aýdylanlardan şeýle netijä gelmek mümkin:

a)    Döwler jynlar maşgalasyna degişli bolup, olar soňundan öz ierarhiýalaryny gazanypdyrlar

b)    Döwler – materiallaşan jynlar bolany sebäpli, abstrakt häsiýetini ýitirip, güýçli personifikasiýa (ynsanlaşma, adamlaşma) hadysasyna sezewar bolupdyrlar

c)    Döwleriň personifikasiýasy diňe adamlar bilen çäklenmän, olar janyň beýleki keşplere girip bilmek(meselem, ösümliklere, haýwanlara, ýarym adamlara) ukybyny hem aňladýarlar.  Eýran mifologiýasyndaky Apoaşa atly döw gurakçylygyň döwi hasaplanyp, ol çyplak gara atyň keşbinde suratlandyrylypdyr, munuň tersine ýagyş – ýagmyryň döwi bolsa ak at (Tiştraýa) görnüşinde suratlandyrylypdyr

d)    Wagtyň geçmegi bilen döwler halk döredijiliginiň gahrymançylykly eposlarynyň (dessanlarynyň) personažlaryna öwrülipdirler

Hyýaly ertekilerdäki jadyly elementleri toparlara bölüp, olaryň gelip çykyşyny –  genetikasyny yzarlap öwrenmek olaryň haýsy maksat bilen döredilendigine düşünmäge ýardam berýär. Şol sebäpden folklordaky her bir mifiň genetikasyny anyklamak folklor bitewiligini döretmekde örän zerur işleriň biridir.

 

  Bägül ATAÝEWA

                                   

 


 


[1] Seret: Türkmen halk ertekileri. – A: TDN, 2007ý., sah.284

[2] Мифы народов мира. – Москва.: «Советская энциклопедия», 1987.стр417

23 |
|