Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hudaýberdi mugallymyň ýeňilgisi

2 minut alar

Makala çap etmedigime 1 ýyl bolup gelýär. Wagt, Aşgabat-Mary awtobanynda mysaly uçup barýar. 18 ýaşymdadyryn öýtsem, 20-lerde aýlanyp ýör ekenim. Bilýän az salymdan 40 hem bolaryn! We men 40-dan gorkýaryn.

18 ýaşyma çenli bolup geçen ähli zadym ýadymda. Sebäbi, şeýle bir gyzykly geçdi! Soňa baka bulaşsa-da. Daşary ýurtda geçen iki ýyl bilen, dillerem ýitip barýar. Ne Iňlisçe, ne Türkçe, ne Nemesçe, ne-de Türkmençe doly bilýän indi. Türkmen dilimiň baýlygy entägem ýerindemi şu makalamda göreris. 

Türkmen dili baýlygym türkmen dili mugallymym Hudaýberdi mugallym saýasynda özgerdi. Hudaýberdi mugallym, eger bu makalamy okaýan bolsaňyz, ýok, hatymy entäk hem düzetmedim. 

Esasy makala başlap bilerin indi. Hudaýberdi mugallymyň ýeňilgisi näme? 

Hudaýberdi mugallym biziň synpymyzy 7-nji synpdan 9-njy synpa çenli okatdy. Dile çeper kişidir özi we sanaşmagy (diss) gowy görýärdi. Birzat diýseň kem galmazdy, okuny atypjyk galardy. Ok atylsa-da ýüregine almazdy. 

Mekdep boýunça iň gowy ok atýan mendim diýip bilerin. Iller bir gezekde bir ok atsa, men bäş atyp bilýärdim. 

9-njy synpda, başga türkmen dili mugallym sapaga girmäge başlapdy. Hudaýberdi mugallymy indi köp göremzokdyk. Rus dili üçin aşaky synpa düşýärdik we şol gün synpa girip salamlaşypdy.

Bilgeşleýin:
- Siziň iň gowy görýän eseriňiz näme? - diýip sorapdym. "Aý pylan ýazyjyň pylan eseri we pylan şahyryň pylan goşgusy sebäbi şul-ol-bul" - diýip 5-6 minutlap, çyny bilen aýdypdy. Gör ony, diňlemändirinem. Sebäbi men asyl öz punchline-yma garaşýardym. 

Şonça serýozny zady aýdyp berensoň, bu soragy özüne berenime begenip, awtomatiçeski usulda menden hem sorady, "Seniň halaýan eseriň näme?!" diýip. Awtomatiçeski usulda bolsa hem, çyny bilen! Heh. Düşmediňmi mugallymjan duzagyma! 

"Aý mollum, hol 4-nji synplaryň kitabynda-da bar, men 'Hudaýberdi gorkak bilen tilki' eserini gowy görýä..." diýenimden synp, wakyrrr gülüşdi. Hudaýberdi mugallym, duýdy özüniň duzaga düşenini. 

- Esermi şol?! Diýip, Rus dili mugallym gelýänçä üstümde UFC hereketlerini barlady diýip bilerin. 

Bildirenok! Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter! 

Indiki makalam çykýança saglykda görüşeliň!

112 |