Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024)

1 minut alar

  2024-nji ýylyň sentýabrynda ýurdymyz boýunça Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty (LCOY 2024) geçiriler. Çäre Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) goldaw bermegi bilen gurnalýar.

  Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahatynyň esasy maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň ähmiýetini görkezmek, ýüze çykýan meseleleri milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistanyň ýaşlaryna ylham bermek we olary klimat başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga taýýarlamakdan ybarat.

  Şu maslahatyň çäginde daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga kömek etjek innowasion pikirleri ýygnamaga we durmuşa geçirmäge sizi çagyrýarys. Siziň berjek pikirleriňiz biziň üçin gaty möhümdir!

 Pikiriňizi teklip etmek üçin Google Form doldyryp bilersiňiz: https://forms.gle/Pyrw4Ek45f4RqcyL9


 

72 |