Howanyň üýtgemegi: adamzat nähili nokada geldi?
3 minut alar
Soňky onýyllyklarda “howanyň üýtgemegi” diýen düşünje ylmy adalga bolmakdan çykyp, adamzadyň gündelik durmuşyna degişli meseleleriň birine öwrüldi. Bir wagtlar diňe alymlaryň hasabatlarynda we halkara maslahatlarynda agzalýan bu tema häzir tebigy hadysalaryň, ykdysady durnuksyzlygyň, hatda jemgyýetçilik dartgynlylygynyň sebäpleriniň biri hökmünde ýüze çykýar. Howanyň üýtgemegi indi geljek hakyndaky gorky däl – ol häzirki döwrüň hakykatydyr.
Adamzat taryhynyň dowamynda tebigat bilen gatnaşyklary hemişe peýda almak ýörelgesine esaslandy. Senagat ösüşi, şäherleşme, energiýa islegi adamzat üçin amatly durmuş şertlerini döretdi. Emma bu ösüşiň arka tarapynda tebigata ýetirilen zyýan ýuwaş-ýuwaşdan ýygnanyp başlady. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi şol ýyllaryň dowamynda toplanan ekologik berginiň netijesidir.
Howanyň üýtgemeginiň esasy sebäpleriniň biri – adamyň atmosfera goýberýän parnik gazlarydyr. Kömür, nebit, gaz ýaly ýangyçlaryň köpçülikleýin ulanylmagy, senagat kärhanalary, awtoulaglar, howa ulaglary atmosferadaky kömürturşy gazynyň mukdaryny artdyrdy. Netije-de, ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy ýokarlanýar. Bu bolsa, diňe “birneme yssy bolmagy” aňlatmaýar. Bu bütin ekologik ulgamyň deňagramlylygynyň bozulmagydyr. Temperaturanyň ýokarlanmagy bilen buzluklar eräp başlaýar, deňiz derejesi ýokarlanýar, gurakçylyk we suw joşmalary ýygylaşýar. Bir sebitde suwsuzlyk artýan bolsa, başga bir ýerde aşa köp ýagyn heläkçilik getirýär. Howanyň üýtgemegi tebigatyň “adaty tertibini” bozup, öňünden çaklap bolmaýan ýagdaýlary döredýär. Adamzat bolsa, bu ýagdaýlara taýýar däl. Howanyň üýtgemegi diňe ekologik mesele däl, ol jemgyýetçilik we ykdysady mesele hem bolup durýar. Gurakçylyk oba hojalygyna zarba urýar, suw ýetmezçiligi ilatyň göçmegine sebäp bolýar, tebigy betbagtçylyklar döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini sarsdyrýar.
Adamzadyň nähili nokada gelendigini soranyňda, iň esasy meseleleriň biri – giç duýmak boldy. Köp ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegi inkär edildi ýa-da onuň täsiri peseldildi. Gysga möhletli ykdysady bähbitler uzak möhletli ekologik howpsuzlygyndan ileri tutuldy. Netije-de, häzirki wagtda çözgütler has kyn, has gymmat we has çylşyrymly boldy. Şeýle-de bolsa, ýagdaý umytsyz däl. Adamzat howanyň üýtgemeginiň sebäplerine doly düşünýär we onuň çözgütleri hem belli. “Ýaşyl” energiýa çeşmeleri, energiýa tygşytly tehnologiýalar, durnukly şäherleşme modelleri – bularyň ählisi howanyň üýtgemegini haýalladyp biljek mümkinçiliklerdir. Emma mesele tehnologiýada däl, mesele karar kabul etmekde.
Howanyň üýtgemegi bilen göreşmek diňe döwletleriň ýa-da halkara guramalaryň işi bolmaly däl. Bu her bir adamyň ekologiýa bolan gatnaşygyny talap edýän işdir. Gündelik durmuşda sarp ediş endiklerini üýtgetmek, energiýany tygşytlamak, tebigata hormat bilen çemeleşmek – ownuk ýaly görünýän bu ädimler uly täsir döredip biler. Sebäbi howanyň üýtgemegi hem ownuk ädimleriň jemi hökmünde başlady.
Bu meselede ýaş nesliň orny aýratyn möhümdir. Sebäbi olar häzirki ýagdaýyň netijelerini iň uzak wagtlap başdan geçirjek nesildir. Şonuň üçin, ýaşlar howanyň üýtgemegini diňe ylmy tema däl-de, şahsy geljek meselesi hökmünde kabul etmelidirler. Ýaşlaryň talaby, jemgyýetçilik başlangyçlary we täze pikirleri bu ugurda üýtgeşmeleri tizleşdirip biler.
Howanyň üýtgemegi adamzadyň özüne berýän soragydyr: biz nähili ösüşi isleýäris? Tebigaty ýok edip ösüş gazanmakmy ýa-da tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakmy? Adamzat howanyň üýtgemegi meselesinde möhüm çatryga gelip ýetdi. Bu çatrykda biperwaýlyk bilen dowam etmek ýa-da jogapkärçilikli ýol saýlamak mümkinçiligi bar. Bu saýlaw diňe alymlaryň ýa-da syýasatçylaryň däl, eýsem her birimiziň elindedir. Sebäbi howanyň üýtgemegi – bu tebigatyň däl, adamyň özüne beren synagydyr.
Şageldi HYDYROW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi”
jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni.