Gürrüňdeş
14 minut alar
Gürrüňdeş
(Hekaýa)
Haçan başlanandygyny-ha bilemok welin, günüň ikindi ýarymy iň köp pikir edýän wagtyma öwrüldi. Biziň sygyrlary örüden getirýän gumaksy ýolumyz bar, ýoluň bir gyrasy içini gamyşlyk basyp giden kiçiräk ýaba degip geçýär. Şol ýoldan mallary idip gelşime, al reňke boýalan gözýetimi synlamagam täzeden çykarypdyryn. Bolmasa gözýetimdäki ikindin ýüze çykýan al reňkli şapak mundan on bir ýyl öňem – meniň sekiz ýaşda mal bakyp başlan wagtymam bardy. Obanyň çopan oglanlary bolup, günüň ýaşar wagtynda uzak günki etmedik oýunlarymyzy edýärdik. Bir tarapdan, şol günki etmeli işimizi oňat tamamlap, häzir öýe gaýtjakdygymyz we ýörite biziň geler uçurymyza taýýarlanan agşamlykdan naharlanyp, beýleki işlerimize gümra boljakdygymyz ýüregimizi bökdürse, beýleki bir tarapdan, uzak güni yssyda, ýalaňaç meýdanda geçirendigimiz üçin bagyşlanan peşgeş ýaly ikindiniň mylaýym öwüsýän ýuwaşja şemaly käbirimiziň derlän saçyny guradyp, käbirimiziň ysgyndan gaçan göwresine aram berip öwüsjekdigi begendirýärdi. Ýoluň gumaksy bolany zerarly, jalbarymyzy dyzymyza çenli çermäp, aýak ýalaňaç ýörärdik. Şol sebäpli mal bakýan oglanlaryň aýagy elindäki taýaklary ýaly inçejik bolsa-da, dabanlary uzyndy hem ýasydy. Kiçiräkkäk biz ýörite kyrkynjy ölçegdäki köwşüň yzyna basyp, dabanymyzyň ululygyny deňeşdirip görýärdik. Uzak güni aýak üstünde geçiren bolsagam, bize hut ikindi çagynda bagtyýar güýç gelerdi. Bagtyýar diýýänimiň sebäbine eger sizem öýleden soň örüden mal getirip gören bolsaňyz düşünerdiňiz. Elindäki taýagy bilen sygyrlary ýola salýan oglanlaryň sykylygy biziň aýdymymyzdy. Bu yzan – çuwanlykda molaşýan sygyrlaryň jaň sesi bolsa sazymyzdy. Biz arasynda “Heý-de, heý!” bolşup, hora goşulyşýan aýdymçylar ýaly, birek – birege habar gatýardyk. Süýşüp gelýän uly bazar ýaly bu şadyýan göçüň içinde kimdir biri uzyn ak taýagyny öňe tarap zyňyp goýbererdi. Şonda taýagyň nirä baryp düşjegini yzarlap, gözümi ýokary gönükdirişime, şol al reňkli ikindi şapagyna gözüm düşüp giderdi. Şo pursat ýüregim çalaja, düşnüksiz gozgalaň tapýardy. Häzir şol çopan oglanlaryň biri eýýäm öýli – işikli, ýene biri okuwda, iki sanysy bolsa, çopançylygy taşlap, başga bir hünär bilen meşgullanýarlar. Diňe men, nebisjeň kakamyň hiç haçan üýtgemeýän altynjysy ýaly, öňki gullugymda gezýärin. Giden çopanlaryň deregine gelen oglanlaryň ýaşy menden kiçi bolansoň, olaryň gyzyklanýan zatlary meniň üçin eýýäm geçilen etap. Olar bilen käbir zatlar barada, hälki bir boş oturmazlyk maksady bilen gep alşaýmasam, derdimi deň bölüşmek maksadym ýok. Onsoň olaryň ikindi çagy ýüze çykýan garagolluklaram meniň göwnümi göterenok. Gaýtam, günüň ikindi ýarymynda öňküden köp pikir edýändigim sebäpli, gaýgyly bir keşbe girmäge başlapdyryn. Yzymdan ylgap ýeten oglanlaryň biri-hä: “Sen öz – özüň bilen gepleşýärsiň” diýip, arada teý eňek bermedi. Öň kalbyma çalaja düşnüksiz gozgalaň salan ikindi şapagy indi ony agyryly elendirýär. Şonda ýüregimi bir zat gözenek – gözenek demriň üstünde goýup, şonuň gözlerine sürtüp oýnaýan ýaly bolup gidýär. Men bu ýuwaşjadan bedenime ýaýraýan agyrynyň göwrämi ysgynsyz edip barşyna çydaman, uludan demimi alýaryn. Ýanymdaky suw torbamdan uzak günüň yssysyny özüne siňdiren suwly çüýşäni çykaryp owurtlaýaryn. Ýaňky gözenege sürtelip – sürtelip gidýän ýüregim suwuň içine gaçyp, hamana, bir ýarany mylaýym suwa tutanyňda, nähili içgysgynç sanjyp gidýän bolsa, şondaky ýaly içgysgynç sanjyp gidýär. Bu ahwalatdan diňe obanyň çetindäki deňziň kenarynda otyrkam saplanýaryn. Deňziň örän ullakan gomlary bar. Olary diňlemek meniň üçin lezzet. Kim şu gomlaryň pagşyldysyny diňläp durşuna pikir edip bilýän bolsa “Berekella” bermeli we nebsiň agyrmaly. Sebäbi gomlaryň sesini, hakykatdanam, kellesinde gomlardanam uly harasat gopýan adam eşitmän biler. Ýogsa-da, size deňiz hakynda gürrüň berenlerinde, onuň nähili ysynyň bardygyny aýtdylarmy? Deňizde ýaňyja iç – goşy çykarylyp, arassalanan balygyň ysy bar. Täzelik däl gerek?! Biderek zat! Ýeri, deňziň ysy nireden kelläňe geldi diýsene?! Edil ýanymda haçan we nähili ýol bilen gelip oturany belli bolmadyk gürrüňdeşim ýaly, deňziň ysy baradaky pikirem duýdansyz kelläme geldi. Gürrüňdeşim kyrk – kyrk bäş ýaşlaryndaky erkek adamdy. Egnindäki gara köýneginden ýaňa göwresini doly saýgarybilmedim. Ýalňyşmaýan bolsam, aýagynda gara jalbary bilen gara köwşi bardy öýdýän. Biz deňziň gyrasyndaky kenarda, baglyklaryň aşagynda guralan iki adamlyk oturgyçlarda otyrdyk. Birdenem ol edil ýüz ýylky tanyşlar ýaly: “Gowy meňzetme tapdyň!” – diýip, şadyýanlyk bilen seslendi.
- Deňziň ysyny şundan gowy beýan etmek mümkin däl!
- Näme diýýäň, agam? – diýip, men oňa ýüzlendim. – Tanamajak bolýan? – diýip, ýüzüni oňat saýgarmak maksady bilen dikanlap seretdim. Oturan ýerimiz baglyk bolansoň, kenaryň bu bölegi deňizdenem beter garaňkydy. Eliňe çyra alyp seredäýmeseň, biregiň ýüzüni – gözüni saýgarjak gümanaň ýokdy. Ol meniň synlaýanymy aňsa-da, aňmadyk bolup, kellesini deňiz tarapa öwürdi-de, öz ýanyndan ýuwaşja ýylgyrdy. Onuň bu hereketinde bilesigelijiligimi çaga endigi hasaplaýan ulularyň göwnüýetmezçiligi duýlup gitdi. Şol sebäpli gürrüňdeşimi närahat ýagdaýa düşürmezlik üçin hiç zady görüp ýetişmedigime seretmezden, menem ýüzümi gijäniň garaňkysyny ýapynyp, gara-gök öwüsýän deňze tarap öwürdim. Içimden: “Gaýdyp beýle tiňkämi dikmäýin” diýen karara geldim. Gomlary çyrpynyp duran gök deňiz gürrüňdeşimiň peýda bolmagy bilen parahat görnüşe geçdi. Gapdalymyzdaky baglar mylaýym şemalyň ugruna kenara urulýan tolkunlaryň täze gelin ýaly sülmüräp tolkunyşyna gobsunyp, çalaja ygşyldaşdylar. Meniň bu ahwalata birden ýüregim gobsunyp gitdi. Şo pursat aňyrsy görünmeýän gök deňze çümüp, indem tutuş suw bolandygym, suw bolandygym zerarlam göwrämiň agyrdygy üçin gymyldabilmän oturan adamlara meňzän bolsam gerek. Meni gozgalaňa salan ahwalat bolsa kem – kemden aýrylýardy. Gürrüňdeşim welin, öňki bälçikligini goýanokdy:
- Ony göresiň gelýärmi, hä? – diýip, ol gözüni gyrpyp goýberdi. Men gürrüňdeşimi doly görübilmeýän halyma şo garaňkyda onuň gözüni gyrpanyny görenime we hatda, dodaklaryndaky şelaýyn ýylgyrşa ýigrenç bilen seredenime çenli ýatda saklandygyma soňundan köp gezekler haýran galypdym.
- Kim ol? – diýip, men bilgeşlän sesime haýbat berip soradym. – Seniň kim hakda aýdýanyňam bilemok – diýip, ýalandan öýkeli ýagdaýda egnimi gysan boldum. Ol bolsa içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, şol şelaýyn ýylgyrmasyny bes edenokdy. “Boýnuňa alaýsana, şo gerek hä, şo gerek?” diýip, yzly – yzyna egni bilen egnime kakan bolýardy. Men: “Äýý” diýip, elimi salgadym-da, gara gök öwüsýän deňze gözümi dikdim. Asmanyň deňze çümüp gidýän ýerinde gözýetim agaryp görünýärdi. Eger-de, asmandaky ak merjen mysaly ýyldyzjyklar bolmadyk bolsa, ol ýokarda tolkunyp ýatan deňze meňzärdi. Gözýetime uzak seretdigiňçe, ol gara reňke boýalýardy-da, gözýetimiň ýokarky bölegi başdakydan agarýardy. Häzir ýene birazajyk, onsoň, gara reňke boýalýan gözýetim gara balykgulak ýaly tegelek agzyny açyp, onuň içinden daş – töwerege ýagtylyk paýlaýan suw perisi ýokary gitdigiçe, agarýan gözýetimiň egninden basyp, ýer ýüzüne çykaýjak, tolkunlar bilen asmana galaýjak ýalydy. Hawa, bu şeýle-de boldy. Men bir pursat hiç zat hakda pikir edibilmän, agzymy açyp galdym. Diňe endigan urýan ýüregim kem-kemden ýeten bagty ýaly mähriban rahatlygyny bozasy gelenokdy. Soňabaka ýiti şöhleden ýaňa gözüm çygjarara geldi. Men guran bokurdagymy öllejek bolup, boş ýuwdundym öýdýän.
- Bu seniň Maýaň! – diýip, özüni unutdyrmaga ýetişen gürrüňdeşim gulagyma pyşyrdady. Ol ýene köp zatlary aýtdy, ýöne men ýuwaşja ygşyldaşýan baglaryň şabyrdysyndan ýüregime ýeten gozgalaň zerarly ony hiç hili eşidemokdym. Diňe onuň ýene-de: “Bu seniň Maýaň” diýip, üznüksiz gaýtalamagyny, “Bu seniň Maýaň” diýip, süýji pyşyrdamagyny, “Bu seniň Maýaň” diýip, çalaja gülümjiremegini isleýärdim. Şo wagt men örän samsyk ýylgyrdym. Agzymdaky ähli otuz iki sany dişim görnüp gitdi öýdýän. Meni gürrüňdeşimiň üstümden hahaýlap gülýän sesi özüme getirdi:
- Şu wagt gören bolsadyň özüňi! Hahaha! Şu agzyňy açyp durşuňy gören bolsadyň sen. Nähili nalajedeýindigiňi bilerdiň – diýip, ol kellesini silkip – silkip gülýärdi.
- Näme diýsene – diýip, men oňa gaharly seretdim. – Gözlerimdäki uçgun daşyna çykdy-da, ýalpyldaýan möjejige öwrülip, töweregimizde pyrlandy. – Nalajedeýin bolaýyn, bolmaýyn, saňa dahylly ýeri ýok. Ýa saňa azary ýetýärmi nalajedeýinligimiň. Asla-da, bar gitsene agam, şu taýdan, ýogsam... – diýip, ýumrugymy berk düwdüm. Şonda göwnüme oturanymyz bäri ilkinji gezek onuň oýunçyl gözlerini anyk saýgaran ýaly boldum. Gürrüňdeşimiň gözleri meni bilgeşlän öjükdirýändiklerini, şeýdip üstümden gülýändiklerini açyk aýdyp durdy. Muňa düşünenimden soň, meniň öňki badym gowşady. Badymyň gowşaşanyny bada-bat aňan gürrüňdeşim meniň köşeşip – köşeşmänligime biparhlygyny bildirjek bolýan ýaly hereketsiz otyrdy. Meniň gaharym ýatan bolsa-da, onuň bilen gaýtadan gepleşmek höwesim ýokdy. Arka tarapdan bolsa, biz bilen işi bolman ýatan deňziň üfleýän mylaýym şemaly urýardy. Deňizdäki tolkunlaryň deňizde däl-de, kellämiň içinde tolkunyp, maňlaýymdan daşyna çykybilmän, ses edişi, edil galanyň düýbüne degip, soňundanam yzyna gidýän tolkunlaryň çalajan ses edişine meňzäp gidýärdi. Men näme etjegimi – gürrüňdeşimiň ýanyndan gitjegimi ýa gitmejegimi bilmän, alasarmyk ýagdaýda durkam, ol kellesini aşak egip, nämedir bir çynlakaý zadyň pikirini etmäge başlady. Meni bilesigelijiligim barha gürrüňdeşime baglansoň, onuň näme hakda pikir edýändigini bilmäge bolan höwesim duran ýerimde dikil gazyk edäýdi. Ol şo pursat çaltlyk bilen kellesini galdyrdy-da, ýerinden turdy. Şonda men ony öň gören tanyşlarymyň birine meňzetdim. Şu çaka çenli ondan kimdigi baradaky jogaby almanym, onuň nireden meni beýle gowy tanaýandygynyň sebäbini biljek bolmanym ýyldyrym çaltlygynda kellämde aýlandy. Men tasdanam şo pikirleriň soňuna çykypdym, ýöne gürrüňdeşim içimdäki soraglary okan ýaly, maňa pikir etmäge maý bermedi:
- Sen onuň ýanyna bar-da, söýýändigiňi aýt. Soňa goýma. Soňundan giç bolmagy ahmal – diýip, ol öwüt beriji äheň bilen örän düşnükli hem dogumly ýagdaýda aýtdy. Ýöne men henizem ibaly gepläp bilmän, oňa aňkarylyp durdym. Ol bolsa ýüzüni deňze tarap öwrüp, men tarapa bakaýynam diýenokdy. Men diňe onuň ýaňy gürlän wagtynda örän duýgudaş keşbe girendigini, şonuň üçin oňa ysnyşasym gelip başlandygyny aňdym. Gürrüňdeşime bolan baglylygymyň duýdansyz ýüze çykmagy meni goram – gowşak etmäge başlady. Onuň maňa düşünýändigi, maňa kömek etmäge çalyşýandygy, umuman, kalbyma teselli berjek bolýandygy baradaky duýgular serime doldy. Ony baryp gujaklaýasym geldi diýsem-ä, öte geçdigim bolardy, ýöne oňa bolan nähilidir bir ýat – ysnyşma duýgusynyň kem – kemden ýüregimi gaplap alandygy welin hak. Eger onuň gitjegimi ýa gitmejegimi bilmän, ýaýdanyp durşuma aýgytly seredenini görmedik bolsam, men täzeden oturgyja geçip oturardym. Göwnüme ýoldan gidip barýarkamam, ol arkamdan seredip duran ýalydy. Men onuň seredip – seretmeýänini anyklamak üçinem yzyma gaňrylyp bilmedim. Birden yzyma gaňrylaýsam, ol meni nalajedeýin gorkak hasaplap, gözi bilen gorkuzaýjak, gözi bilen dalap goýberäýjek ýalydy. Ýok, beýle ahwalata sezewar bolanymdan, ýolumy dowam etdirenim ýagşy. Onsoňam Maýalaryň öýi öň barman ýören öýüm däl-ä. Goňşujygymyz. Meni olaryň öýünde edil maşgala agzalarynyň biri ýaly tanaýarlar. Eý hudaý, aýagymyň beýle sandyraýşyny. Köwşümiň daşa degip, “şyrk” edişinem eşidýän. Ýüregim ýene-de suwdan dolup, suwa gark bolup başlady. Bedenimiň şo bölegi hasam agralýar. Bu gidişine gitse, men häzir büdrärin, şol agralýan ýüregim kynlyk bilen ýerinden gozganyp, böküp gider. Ýene-de ýylgyryp çykar. Hawa, hökman ýylgyryp çykar. Ol mydama ýylgyryp çykýar. Şeýle bir enaýyja, gowuja, naşyja. Naşyja, hehehe. Bu söz nireden kelläme geldi diýsene?!
- Giç ýagşy, Begli! – diýen ses meni özüme getirdi. Asyl men Maýalaryň öýüne ýetipdirinem, hatda, kimdir biriniň (Mamagül gelnejäniň bolaýmasa, men köplenç ogly Oraz öýde bolmadyk wagtlary çagalyk endigimi edip, Mamagül gelnejäniň adyny tutup gygyrýaryn) adynam tutup gygyrypdyryn. Ýöne gapyň agzynda hemişekisi ýaly ýylgyrjaklap, Maýa durdy. Jogap bermäge ýetişmänkäm, Maýanyň arkasynda ak ýagyzdan togalak ýüzli nätanyş gyz göründi. Onuň boýy kelte bolmaga çemeli, sebäbi Maýanyň arkasyndan maňa tarap egnaşyr seredip durşuna, ol bir kiçelýärdi, birde-de Maýa bilen deňeçerräk bolýardy. “Begli, obamyzyň çopany” diýip, Maýa togalak ýüzli gyza tarap kellesini öwrüp, şadyýanlyk bilen habar berdi. Togalak ýüzli gyz habar gutararyna mähetdel pyňkyryp goýberdi. Men bu bolşa birden janlandym:
- Oraz ýokdumy? – diýip, mundan bir minut öňem, ýok, bir dem salym öňem kelläme gelmedik soragy berdim. Özem gaharly soran bolaýmasam, sebäbi parahat gepleşseň, ýylgyryp, ýylgyryp gepleşseň, gülüp jogap berýän Maýanyň ýüzünden ýylgyryş ýitdi-de, çynlakaý keşbe girdi. Onuň:
- Näme boldy? Eýgilikmi? – diýip, hamraklyk bilen soran wagtynda men eden işime ökündim. Ol şo soraglary berip durka, aramyzda keserip ýatan bäş sany basgançaklardan ýere düşmäge başlady. Deňime gelip duran pursaty men onuň, hakykatdanam, gözlerinde bir aladanyň, nämälim howsalanyň bardygyny gördüm. Onuň gapana düşen keýikleriňki ýaly ulalan naýynjar gözleri gaharymy ýatyryp, ýüregimi ýumşatdy:
- Ýok, üýtgeşik zat ýok. Ýöne bir zady soraýjakdym – diýenimde, Maýanyň aladaly ýüzi ýagtylyp gitdi. Aramyzda dörän bu ýeňillige özümem ýylgyryp goýberdim. Ýuwaşjadan öwsen şemal şatlygymy paýlaşmak üçin töwerege ýaýrady. Şonda maňlaýymy mylaýymdan salkyn şemal çalyp gitdi. Asyl men derläpdirin ekenim-ä.
- Saňa toýuň haçandygyny aýtdylarmy? –diýip, Maýa ýylgyrjaklap durmasyny bes etmezden sorady. – Wiý, nädip aýtsynlar diýsene?! Oraz Howsandan gelsin, özi eltip berer size çakylygy. Häli günortana ýakyn belläp gitdiler – diýip, ol iki aýasyny biri – birine sürtemegini dowam edip gürledi. Men hemmesini haýran galaýmaly kaýyllyk bilen diňledim. Göwnüme hut şeýle bolmalamdy. Mundan bir sagat öňem Maýadan şu sözleri eşitjegimi aýdan bolsalar, asmany başyma çekjek bolardym. Dünýäm garpyşardy. Häzir bolsa, hamana, başga hili däl-de, hut şeýle bolaýmaly ýaly bolup gitdi. Maýa ýene-de toý sähedi barada bir zatlary aýdyşdyrýardy. Men bolsa onuň tolgunyp, aljyran pursatynda şeýle owadan bolýandygynyň täsirinden çykybilmän, söm – saýak bolup durdum. Onuň parahat görnüşli wagtynda süýri şelpä meňzäp duran ak ýüzi zemini (zeminiň adamsy) däldir diýen pikiri oýarýardy. Onuň ýüzünde hemme zatlar şeýlebir dogry ýerleşendi, sünnälenip çekilen ýaly, dogry görnüşdedi. Ikiýana oýunçyl agyp – dönýän gara gözleri jansyz ýagdaýda goýaýsaň-ha, görene gurjakmyka diýdirerdi. Entegem şo gözlerde hereket bardygy bir gowy zat, bolmasa Maýa hem agzyňy açdyrýan, hem töweregine barmaga hiç kimiň milt edibilmeýän heýkeline meňzärdi. Onuň tolgunmakdan hem aljyramakdan ýaňa çalt – çalt gepleýän pursatynda bolsa, şol dogry ýüz janlanýardy-da, edil gülgüne bägül ýaly gyzaryp, zeminilige mahsus görnüşe geçýärdi. Ah, Maýa, Maýa. Barjak ýigidiň seni bagta dözermikä?! Şu näzikligiňi bozasy gelmän, edil gyzjagazy apalaýşy ýaly apalarmyka?! Ony hem seniň guşlara çenli gozgalaňa salýan gülkiň köşeşdirermikä?! Men bolsa şol gülkini näçe gezek tolgunmak bilen diňläpdim. Mal bakmaga gidenimde, bir gezek tasdan aýagymyň aşagynda galan serçejik şeýlebir jibirdäp saýrady welin, seniň gülkiň ýadyma düşüp gitdi. Deňze – gözýetimdäki suw perisini görmäge giden wagtym ol bir pursat ýeriň ýüzüne galyp, soň yzyna – deňze çümüp gideninde, guýrugynyň suwa urlup, pagşyldap ses edişinde-de, damjalaryň howlukmaçlyk bilen deňze goşulyşynda-da, hatda, ejemiň ir bilen sygyr sagmaga niýetläp, ýany bilen alyp gidýän bedresiniň jigildisinde-de, seniň gülkiňi eşidipdim.
- Maýa-a-a-a! – diýip, togalak ýüzli gyzyň çagyrmagy bilen ol ahyry sägindi.
- Men öýe gireýin indi. Onda ýaňky aýdyşym ýaly, Tawusam ertir irden bize gelsin. Garaşýandyryn. Özüňem ertir habar tutup göräý. Suwy tutup bolsalar, Orazyň şu gün agşam geläýmegem mümkin – diýip, Maýa ýüzüme dikanlap seretdi. Ol şonsuzam gürrüňiniň soňunda nämedir bir zatlary aňýan ýaly gaşlaryny galdyrybrak gürläpdi. Meniň geplemän durmagym onuň sesindäki dogumlylygy pessaýladypdy. Ol indi gözümden gözüni aýranokdy. Men bolsa agzyma suw alan ýaly hiç zat aýdybilemokdym, şunça bir zatlary diýmelidigini aňşyrsamam, het edibilmän durdym. Diňe Maýanyň gitdigiçe geň galmakdan ýaňa çynlakaý görnüşe geçýän ýüzi gözüme ilýärdi. Ol düşünip barýardy. Meniň näme diýjek bolýanymyň aňyrsyna geçip barýardy. Onuň ýüzünde geň galmak bilen bir wagtda maňa bolan ýönekeý nebsagryjylyk peýda boldy. Ýene birazajyk wagtdan ol ähli syrymy paş edip, dillenäýjek ýalydy. Şo pursatda meni öň görüp – eşitmedik gorkym gaplap aldy. Ýuwdunanymda, suwa düwnügen adamlaryň bokurdagynda çykarýan sesi ýaly ses Maýa-da eşidilip gitdi öýdýän. Hawa, hut şeýle. Ol ähli syrymy bilipdir. Maňa geň galýar hem nebsi agyrýar. Maňa, entek harby gulluga-da gitmedik, okuwdanam bassyr iki ýyl ýykylan dereksiz çopana nebsi agyrýar. Özi ýaly gyzy söýýändigime dagy gaharlanybam bilerdi. Ýöne Maýa beýle gedem gyzlardan däl ahyry. Ol diňe duýgudaşlyk edip biler.
- Sen indi öýüňe gaýt – diýip, Maýa dymyşlygy bozdy. Ýöne bu gezek ol meniň dillenerime-de garaşman, yzyna öwrüldi. Men birden:
- Maýa! – diýip, batly gygyrdym. Bu sesiň özümden çykandygyna ynanmaýan gözlerim giňäp gitdi. Ýöne Maýa yzyna öwrülmedi. Gaýtam, meniň ýene gygyrarymdan heder edýän ýaly çaltlyk bilen basgançaklardan ýokary galdy-da, öýe girip gitdi. Meniň kürsäp girmek ähtimallygym bolany üçinem gapyny gulplady. Gulpuň “Şyrk” eden sesi Maýanyň söýgime beren jogabyna öwrüldi. Men hemmesine düşündim. Maýa diňe gapylaryny däl, meniň oňa bolan söýgimiň gapysyny hem gulplady. Özüni gapynyň bir ýanynda, menem beýleki ýanynda goýdy. Ana, asman şo pursatdan egnime düşmäge başlady. Ana, şo pursatdan ikindi çagy asmanda emele gelýän al reňkli şapagyň döredýän gussasy ýüregime düşdi. Adam begenende-de, gynananda-da, ýylgyrjak ekeni. Ernimdäki ajy ýylgyryş burnumyň töwereklerini gyjyndyryp, gözümi dumanlatmanka, men ysgynymyň gidip başlaýandygyna düşündim. Nämedir bir zatlar etmelidi, bir tarapdan aşak oturyp, özümi gaplap alyp barýan ysgynsyzlyga goşulasym, näme bolsa, şo bolsuna urasym gelýärdi, bir tarapdan bolsa, edil sowuk howada kimdir biri gulak ýeňsäme doňduran ýaly kelläm seňseläp gidýärdi we men näme bolsa, şo bolsuna urmaga ýürek edip bilmän durdym. Şeýdip durşuma yzymda kimdir biriniň maňa garaşýandygy duýlup gitdi. Şol garaşýanyň gürrüňdeşimdigi göz açyp ýumasy salymda beýnime doldy. Ol häzir ýene “nalajedeýin’ diýip güler diýen pikir onsuzam keýpsizlikden ýaňa ysgynsyzlaşmaga başlan göwrämi egbarlatdy. Men ahyry näme bolsa, şo bolsun-a urdum-da, yzyma – öýe tarap ýöneldim. Ol, hakykatdanam, garalyp görünýän bagyň aşagynda maňa garaşyp duran ekeni. Oňa ýakynlaşdygymça, men garaşyşymdan başgarak duýgulary başdan geçirdim. Göwnüme, ol meni ýepbeklemek üçin däl-de, ýöne öýe çenli ugratmak üçin garaşyp duran ýaly bolup gitdi. Onuň ýüz ýylky, biri-biri bilen gepleşmezden düşünişýän tanyşlar ýaly, gapdalymdan sesini çykarman ýöräp gelmegi meni birbada aljyratjagam boldy. Öýe gaýdyşyn men şol aljyraňňylykda deňzem, suw perisinem ýadymdan çykarypdyryn. Olara derek gumaksy ýol bilen degşip oturan kanalyň iç goşy çykarylan balygyň ysy ýaly ysyny ýaýradyşy burnuma dolýardy. Gumaksy ýola batyp gelýän köwşümiň içindäki aýagym derjigip, edil göwnüm ýaly gysylýardy. Ýöne men bu gezek şular ýaly pursatlarda başdan geçirýän göwnüçökgünligime derek başga bir ýat duýgyny başdan geçirýärdim. Gürrüňdeşimiň sesini çykarman, göwünlik bermän, hoş söz bilen köşeşdirmän, ýöne menden razylyk bilen dymyp gelmegi meni öňkülerden dogumlandyrýardy. Şonda men onuň geljekde tüýs maňa gerek hakyky erkek adamdygyna düşünip, minnetdarlyk bilen ýylgyrdym.
Bägül ATAÝEWA