Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

GURGUNMYŇ EJE?

4 minut alar

Mekan ejesiniň mazarynyň baş ujuna gelip oturdy. Aýtmana köp zat bardy,haýsyndan başlajagyny özi hem bilenok. İşden çykarylanyny aýtsynmy,kakasynyň günde öýe içip gelýäninimi ýa-da özüniň Türkiyä okuwa gitjeginimi?!

İlki bilen mazaryň üstündäki çöp-çalamlary arassalady,bärik gelmeýänine 1 ýyl bolupdy. Hawa iň soňky gezek geçen ýylyň 12-nji ýanwarynda gelipdi.

— Eje salawmaleykim,ýatyrmyň sag aman? Ýatan ýeriňde bizi görüp ýatanyňy bilýän welin onda-da aýdaýyn, sebäbi içime syganok bu bolýan zatlar. Kakam özüni içgä berdi soňky döwür. Kakamdyr diýip zat diýemok welin bolup ýörşi göz gyny. Töwerek indi oňa Alaş peýan diýýär. Serdarlaryň dükanyna bir giden bergin edipdir. Dükana barmana ýüzümem ýok meňä. Bir hili “Kakaň bergilerini haçan berjek?” diýäýjek ýaly.

Menem işden boşatdylar eje! Nämemiş meniň diplomym ýokmyş. İnstitudy gutaranlary işe almagy talap edýärmiş ýokardakylar. Ol işe alanlaram goňşy Bally baýyň ogly Meret jalaý. İşe girmek üçin pul berileni hemmä mälim welin her kim bilmedik boluşyp gezip ýör. Aý hawa-da eje pul bilen göz gapmak gaty aňsat şu wagt.

Menem okasym geldi welin sen gidäýdiňdä,ýogsa meniň okamagymy seniň ýaly isleýän ýok. Hol gün Maral ejem gelip gitdi. “Hä,keýpinemi?” diýýäňmi eje? Ýokla,keýpine hal ahwal soraşmak üçin gapymyz kakylýan däldir eje. Bir wagtlar seniň dermanlaryň üçin 5 milýon karz beripdir,ana şony sorap geldi.

Ogly Ataş ýegeni öýerjek bolýan ekeni,guda bolupdyrlar. Aşgabatda kursdaş gyzyna diýdä,bilemok kimlerdendigini. “Heleýi bolmadygyň ýakyny ýok" diýişleri ýaly öýümize myhmanam gelenok,daýzalarymam kä wagt telefonda habar tutýalar diýäýmeseň kän bir idäp baranoklar. Aý hawa her kim başagaý eklenç diýip.

Hä esasy habary aýtmany ýatdan çykaryp barýan. Klasdaşym Kerwen bara Gazak obaly, Türkde okap ýören. Ana şol jaň etdi arada. “Dos, dokumentleriňi ugrat seni bärik okuwa ýerleşdireli.Pul kömeginem bereýin,bärik geleniňden soň ýuwaş ýuwaş berersiň!” diýdi.

Biraz ýaýdanýanam eje menä,ýat ýurtda tanyş bilişemä ýok. Nädip eklenmeli,okuwyň daşyndan işläbem bolýarmyş diýýärler. Ýa maňlaýymdakyny göreýin diýip basybereýinmi? Yzymda kakamam alada edýän menä,ýeke özi başyny çarap bilermikä?

Aý aňary öwrenişsem oňada bir zatlar ugradarynda. Nahar bişirmäni-hä öwrenipdir, kä wagt keýpi gowy wagty batyrmajyk,şülejik bişirip berýär.

Eje sen gitdiňä,bir hili öýümiz gum guklyk. Sygyrymyz Sary Maýaň gölejigi boldy geçen hepde. Adyna “Mişa" dakdy kakam. Ors gullukdaşynyň ady ekeni. Sygyr ýaly köp iýýän bolmaly, ýogsa gölejige Mişa adyny dakmak nireden kelläňe gelýär diýsene. Entegä düýn sagyp başladym,ilki biraz sagdyrmajak boldy welin soň seniň “Höwlim höw,Maýam" diýip sypalaýyşyň ýadyma düşdi, onsoň menem şeýtdim welin köşeşdi. Eje sen bilýän ekeniňaý adamlarýň, haýwanlaryň haýsy tarapyndan barmalydygyny. Goňşymyz Ajap ejede ýogaldy,ertir ýedisi. Pahyr gelinlerini halanokdy,şol diline diňe sen düşüneňsoň zol seniň ýanyňa oturmaga gelerdi.

Hol gün öňümden surat albom çykdy. Açyp seretsem kakam bilen düşen suratlaryňyz bar ekeni. Ýalňyşmasam Bäşim kakamyň toýunda düşüpsiňiz,ýaş wagtlaryň gaty owadan ekeniň. Onsoň albomyň ýanynda ýaglyga daňyldy bukja bar ekeni,açyp görsem mekdepdäki gündeliklerim. Hemmesinem ýygnap goýupsyň. Her hepde kakama gol çekdirerdim. Bir gezek Suraý mollum 2-lik goýupdy welin kakama görkezmäne çekinip saňa gol çekdiripdim. Dözeňokdyňaý maňa,kakam bir zat diýjek bolsa “Degmesene Wepa,ol entek çaga ahyry. Ýuwaş ýuwaş düşünerdä. Şeýle dälmi Mekgim?” diýerdiň welin arkaňda köýnegiňe ýapyşyp durkam kellämi ýaýkaýanym ýadyma düşýär.

Bolýa eje onda men gideýin. Şu gün mekdebe baryp 10 ýyldaky alan bahalarymy almaly,ondan soňam 3x4lik surat alyp Kerwene ugratmaly. Haýsy ugry saýlaýynaý eje?

Mekdepde wagtyma edebiýady gowy görýärdim welin şony saýlaýsammykam? Onsoň saňa goşgyjyk,hekaýajagaz ýazybersem nädersiň? Belki uzagyndan kitap hem ýazarynaý eje hä? Hawa da arzuw etmegem mugt diýýäňmi?

Arada mamamlara gidip geldim, köp salam aýdýa saňa. Görgüliň şol oturan ýeri,gözem kän bir görenok ekeni indi. Sesimden tanaýar ýöne tüweleme. Öňküje endigini ýatdan çykarmandyraý eje,sag bollaşyp öýden çykjak wagtym yzyma çagyryp köýneginiň içki jübüsinden 10 manat çykaryp berdi, sowunarsyň diýip.

Onda näme eje ýagşy dilegde otur. Geleňok diýip gaty görme,bizem şol ylgaşlap ýörüs. Ýeke özüme kynrak düşýärem welin nätjekdä. Arasynda ejizleýänem welin daşyma bildirtmejek bolýaryn. Hany nesip bolsa düzelerlaý eje,düzetmegiň ugrunda özä. Galanynam Allaň özi gowy bilýändir. İne görersiň bagtymyza gowja gyzam duşar,öý diýip ylgap duranja. Seniň “Musulmanja zat" diýýäniňden. Gülnabat daýzamyň gyzy Bägüli maňa gelin edip alyp berjekdiň welin olam bolmady eje. Mamamlaryň goňşusy Meýlis dogtoryň uly agtygyna guda bolupdyrlar,bahym sähedini aljakmyşlar. Häý nesibede ýokdurda eje,alny bagty bolsun başga näme diýjek!

“İndi haçan geljek? “ diýýäňmi eje? Nesibäm çekip şol okuwa geçsem buşdulygymy ilki bilen saňa aýtmaga gelerin. Ýok çynym,ilki bilen saňa aýdaryn. Meniň okamagymy iň kän sen islediň ahyry. Hoş onda men gitdim. Enem bilen atamy gördüňmi aňarda? Salam aýt olarada, körpe agtygyna ýagşy dileglerini edebersinler! Göresimä gelýäraý hemmäňizi…

Mekana mazarlykdan gaýtmak kyn düşdi,aýaklary diýenini edesi gelmeýän ýalydy. Ol ýerden çykýança kän aglady emma gözüniň ýaşyny süpürere hiç kim ýokdy. Zyýaratdan soň Mekan özüni ýeňlän ýaly duýdy.

Öýe gelip görse gölejigi boşapdyr,enesiniň hemme süýdini içipdir-de hezil edip ýatyr. “Haý bezzat Mişa" diýip täze ýüp bilen ony daňdy. Kakasam ýaňyrak gelipdir öýdýän, içki jaýdan telewizoryň sesi eşidilýär.

Mekan ýene öňki etmeli işlerini etmäge durdy. Nahar,mallar we arassaçylyk….

45 |
|