Teswirler (15)

Ýüklenýär...

Gurbannazaryň setirleri haýsylar?

2 minut alar

Bu goşgynyň “ýaşy” 50-den geçýär. Ony ýazamda men entek öýlenmändim. Söýüşýänimem ýokdy. Söýgi, öýlenmek diýlen zada-da gaty ýöntem düşünýärdim. Nähili ýöntem? Ýöntem diýýänim söýmek, öýlenmek diýilýän, adamlara nesillerini dowam etdirmek, köpelmek üçin gerekdir diýip hasap edýärdim. Bu ýalňyşam däl. Onuň düýp manysy dogry. Emma düýp manydan öňde ýürek, häsiýet, söýeniň bilen dünýäňi paýlaşyp bilmek diýen ýaly gaty köp meseleler ýatýan eken. Bir gyz göwnüňe ýarady, senem onuň bilen toý edýäň ýaşaşyberýäň däl. 

Muňa düşünen günümem şu goşgy ýazyldy. Ony Gurbannazar gowy görüp alyp gitdi. Şol gije-de onuň öýüne Atajan Annaberdiýew diýip Marydan bir şahyr myhmançylyga gelipdir. Gurbannazar meniň goşgymy oňa-da okap beripdir. Olaryň goşgy hakynda uzak gürrüň edendigini, soňam Gurbannazaryň oňa Atajanyň maslahaty bilen bir küplet goşandygyny özi gürrüň berdi. Menem onuň bilen razylaşdym. Şondan soň Gurbannazar ýazan zatlarymyň hiç birine üýtgeşme girizmedi. Muny etmek dogrymy ýa ýalňyş? Men şol wagt dogry diýip kabul etdim. Sebäbi ol halypa şahyr. Şol setirlerini meniň ýazan zatlarym esasynda ýazypdyr. O döwürler gazetlere ýazan zadyňy elteňde redaksiýa öz talabyna esaslanyp käbir zatlary ýazan zadyňdan aýryp ýa-da ony çalarak üýtgedip bilýärdiler. Muny şol döwürlerde eseri çap bolanlar bilýändir. Muňa näçe garşy çyksaňam olar etjeklerini edýärdiler. Kä ýagdaýda üýtgedilmegine razy bolman eseriňi yzyna alyp gaýtmalam bolýardy. Üýtgetsemem özüm üýtgedeýin diýýäň. Ýa-da ýazanyňy ýazyşyň ýaly çap etjek redaksiýa barýaň. Bu zatlar dogrusy ýazyjylygyň içki işleri. 

Men bu goşgymdaky Atajan Annaberdiň teklibi bilen Gurbannazar Eziziň ýazan küpledini tanamagy özüňize goýýan. 

 Ine-de goşgy. 

ÝALŇYŞMA SÖÝGIM

Ýekeje dilegim, ýalňyşma, söýgim,

Seniň ýoluň tämizlikde synalar.

Bu dünýede goýup giden yzlarym,

Seň mertebäň, manyň bilen yzlanar.

 

Başga bir söýginiň jogaby bolma,

Öz söýgiň üçinem sorama jogap.

Söýýänleri üçin zor bilen söýme,

Söýmediler diýip ýagmagyn borap.

 

Algy-bergi kimin söýüp, söýülip,

Dünýeden niçeler bigam ötdüler.

Olar diňe mazaryň öň ýüzünde,

Haýp geçen ömürden ýaka tutdular.

 

Eger sen ýalňyşsaň kömege geler,

Güýç, kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.

Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,

Olar aň perzendi, sen ýürek tary. 


Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,

Oda perwanalar urulýar dogry.

Ine, şonuň üçin hak söýgini söý,

Ine, şonuň üçin söýgün sen dogry.

 

268 |