Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sales manager

Gozgalmýan emlägiň uçar we gämileri öz içine alýandygyny bilýärmiň?

2 minut alar

Gozgalmýan emlägiň uçar we gämileri öz içine alýandygyny bilýärmiň? 

Türkmenistanyň raýat kodeksiniň 167-nji maddasynyň 2-nji bendinde gozgalmaýan emläk hakynda şeýle bellenilip geçilýär:

“Ýer uçastoklary, ýerastynyň uçastoklary, aýrybaşga suw obýektleri we ýer bilen pugta baglanyşykly zatlaryň hemmesi, ýagny özleriniň niýetlenilişine laýyk zyýan ýetirmän orunlaryny üýtgetmek mümkin bolmadyk obýektler, şol sanda tokaýlar, köp ýyllyk agaçlar, jaýlar, desgalar gozgalmaýan zatlara (gozgalmaýan emläk, gozgalmaýan zat) degişlidir.”

Adatça , "mülk ýa-da gozgalmaýan emläk" sözüni eşidenimizde, topraga berk baglanan jaýlary, ýerleri we beýleki emläkleri göz öňüne getirýäs. Emma dünýäniň köp ýurtlarynda deňiz gämileri we uçarlar hem emläk hasaplanylýar.  Sebäbi şeýle gämiler uzak ömürli we ýer bilen berk baglanşykly gymmat bahaly emläkdir. 

Mysal üçin, Halkara kazyýete görä uçar aeroporty ýagny howa menzilini ulanman hereket edip bilmez. Gämi portlary we deňiz giňişligini ulanman hereket edip bilmez, bu hem gozgalýan emläkdir. Uçarlary we gämileri emläk hökmünde yglan etmegiň birnäçe artykmaçlyklary bar. Ilki bilen halkara kazyýetlere degişli hukuk gatnaşyklarynyň durnuklylygyny üpjün edýär. Ikinjiden, şeýle gämilere we uçarlara olaryň ulanylyşyny düzgünleşdirýän ýörite düzgünleriň ulanylmagyna mümkinçilik berýär. 

Meselem, käbir ýurtlarda uçarlary we gämileri gozgalýan emläk saýlasa bolýar. Mysal üçin, Şweýsariýada uçarlar hereket gozgalýan emläk hasaplanylýar, Awstriýada bolsa, eger olaryň hemişelik awtoduralgasy bolmasa, gozgalýan emläk hasaplanylmaýar.

Netijede dünýäniň köp ýurtlarynda gämiler we uçarlar emläk hasaplanylýar. Munuň sebäbi olaryň ýokary gymmatlygy, ykdysady ähmiýeti, şeýle hem jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek islegi bolup durýar.  

30 |
|