Teswirler (14)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sales manager

BAE-de kreditdäki göterimlerde potensiýal düşüş

2 minut alar

BAE-de kreditdäki göterimlerde potensiýal düşüş, gozgalmaýan emläk sektorynda uly ösüşlere ýol açyp biler.

Birleşen Arap Emirliklerinde kredit göterimlerinde garaşylýan düşüş, ekanomika wajyp täsirini ýetirip biler, aýratyn hem gozgalmaýan sektory üçin ullakan pursat döredip biler.

Artan Talap: Kredit göterimleri düşdigiçe, öý almagy planlaýan kişi üçin kredit çykdaýjylary has-da oňaýly hala gelýär. Bu bolsa, tapawutly bahalardaky öýlere bolan talabyň artmagyna getirýär.

Gurluşyk kompaniýalarna goldaw: Artan talap, gurluşyk sektorynda hereketlilik getirip, kompaniýalara has kän satyş mümkinçiligi berýär. Bu bolsa, finansman mümkinçiliklerini gözleýän alyjylaryň ünsüni gozgalmaýan emläge çekýär.

Baha: Talap köpeldigiçe, gozgalmaýan emlägiň bahasyndaky artyşy çaklamak kynlaşyp bilýär. Käbir bilermenleriň aýtmagyna göra bahalardaky artyşyň biraz haýaldan dowamly bolmagy çaklanylýar, emma başga bilermenlere görä bolsa bahalaryň şol bir durkunda galjagy çaklanylýar.

Üýtgeýän Müşderi talaplary: Pes kredit göterimleri, adamlaryň ýaşamak isleýän lokasyalaryna täsir edip biler. Käbirleri, has uly öýleri amatly bahadan almagy planlaşdyrýan bolsa, käbirleri merkezi ýerlerde ýerleşýän kiçi göwrümdäki öýleri planlaşdyrýarlar.

Üns berilmegi gerekli esasy kynçylyklar: Gozgalmaýan emläk bazary, köpdürli faktorlara baglydyr we daşarky bazara hem täsirini yetirip bilýändir. Mysal üçin, kredit göterimlerinde garaşylmadyk artyş, alyjynyň pikirine uly täsir ýetirýändir

Gozgalmaýan emläk bazarynda orun almak isleýän alyjylar we inwestorlar üçin dykgatly planlama we bazar dinamikasyny öwrenmek wajypdyr. Unutmaň ýokardaky ýazanlarym diňe ýüzleý analizlerdir. Gozgalmaýan emläge pul ýatyrmazdan ozal, profesýonal gozgalmaýan emläk konsultantlar we finasnmanlar bilen maslahatlaşyp karara gelinmelidir.

74 |
|