Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Göroglynyň monology

2 minut alar

GÖROGLYNYŇ MONOLOGY

Maňa görde doglanym üçin Görogly diýýärler, men seniň üstüňde doguldym, Gyrat! Il – halky ýagtylyga çykaranym üçin Röwşen diýýärler, men görden ýagtylyga çykan Oguldym, Gyrat! Beýik daglara syn edip, depe – düzleri segredip, eýýamlaryň beýigi bolup, sowuldym, Gyrat! Armanym, Gyrat, permanym, Gyrat, hiç teselli tapmadyk kalbyma dermanym, Gyrat. Seni gözümiň agyna deňärdim, olar eýýäm gum bolupdyr, perzent dilemedim, seni dilärdim, bizden soňy şum bolupdyr. Görden çykyp, ilki görenim seniň ak reňkiň boldy. Şol pursatda göbegimi kesdiler. Tas aglapdym sesimde baryny edip. Dünýä aglap inýärler ahyryn. Eneleri perzentlerini oýunjak bilen güýmeýär, emzik bilen güýmeýär. Bulaň hijisinem görmedim, Gyrat. Tapjak bolup, çaga elim bilen sermedim, Gyrat. Eger şol wagt şemal öwsüp, ak ýallaryň owsunmasa, bu görnüşe sada kalbym gobsunmasa, walla, çagalygymy edip aglardym, eşidenleň ýürek – bagryn daglardym:

 Ýetim oglan dünýä indi,

 Ýesir oglan dünýä indi,

 Oýan türkmen, oýan türkmen,

  Galk ýeriňden, 

  Tur, tirsegňe daýan, türkmen! – diýip, kim gygyrardy, Gyrat? 

Eýeriň üstüne ýelim çaldylar, eýeriň üstünde ýerim gazdylar. Meni birinji gezek şeýdip aldadylar, Gyrat! Dünýäniň oýny kän, şanyň geými kän. Men şobir eşikleriň eýesi, Gyrat. 

Elimde egri gylyjym, ýanymda dutar

Uruş diläne – uruş, saz diläne –  saz

Eger ýalňyş ýoldan ýöreýän bolsam

Meni şol apatdan Gyratym guta:r – diýip, näçe aýdym düzdüm men? Seniň merdem gerdeniňde oturyp, näçe dagy, näçe düzi gezdim men? Ýöne bir gün, hökman bir gün şum ajalyň yzymdan ýetip, senden aýra saljagyny syzdym men. 

Dünýäniň derdi kän, düzüň merdi kän. Bir döwlet üçin nähili göreşdik, Gyrat? Öz paýymyzy almak üçin, parzymyzy kylmak üçin kimler bilen söweşdik, Gyrat?

 Bedew atym, ýalňyz atym, halkym horlanýar – diýip,

 Ogul – olja, gyzlar – ýesir, namys zorlanýar – diýip, gulagyňa pyşyrdap – pyşyrdap aýdardym, Gyrat. Şonda seni adam – a däl, öz janyndan jan beren, meň üstümde jan beren mährem enem öýderdim, Gyrat. Sen sadalygyň bilen, mähremligiň bilen özüňi baky söýdürdiň, Gyrat. Goý, islänini pikir etsinler, ýöne meni seniň ýoklugyň ýykdy, Gyrat. Meýdanda bedew segredip, gylyç oýnatmaýanym üçin kör garrylyk bir ýerlerden çykdy, Gyrat. Dyzda gurbatym galmady, uzakdan Ezraýyl elin salgady. Şonda perişan halyň göz öňüme gelip gitdi, Gyrat. Türkmen sährasynyň aýdymy kän, biz näçesini aýdypdyk? Näçeler saz bilen derdimizi egisdik, Gyrat? Ýöne şol gün ajal golaýyma gelip, zaryn sesiň şemal bolup öwüsdi, Gyrat. Şol zaryn sesiň henizem düzlerde, düzüň ýüregi daglarda, daglaryňam göwsünde ýaňlanýar, Gyrat. Gel, eşideli, goý diňmesin! Goý, ony okuwa barýarka, elindäki oýunjak bedewini haýatdan ýöredip gelýän oglanjyk diňlesin hemem biziň ebedi aýdymymyza hiňlensin:

 Oýan türkmen, oýan türkmen

Ýetim oglan dünýä indi! 

Ýesir oglan dünýä indi!

Galk ýeriňden,

Tur, tirsegňe daýan, türkmen!

62 |