Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Gorkut ata eposy - halkyň taryhy

4 minut alar

                       “Gorkut ata” eposy – halkyň taryhy

            (“Gorkut ata” eposynyň mifologiýasy makalalar toplumyndan)

Eposyň bu boýy turuwbaşdan “ogzuň üstüne ýagy geldi”hadysasyndan başlaýar. Başgaça, bu sözlemi konsepsiýa diýip atlandyrsagam bolýar. Konsepsiýa diýip düzmä, ýagny haýsydyr bir eseriň akyl düzmesine aýdylýar. Ol beýan etmegiň, hekaýa etmegiň edebi şekilidir, başgaça nusgawy şekili diýilse-de bolar. “Üstüne ýagy gelmek” konsepsiýasy eposyň süňňüne berk ornaşan ýagdaýdyr. Ýagynyň gelmegi – jemgyýeti iki topara bölýär. Olar:

Güýçlüler we ejizler.  Güýçlüler – kowýar, ejizler gaçýar. Ýagynyň gelmegi bilen bir betbagtçylyk başlanýar. Bellemeli zat, ýagynyň gelmegi hemme ýerlerde we ähli ýagdaýlar babatda betbagtçylyk däldir, çünki ýagy gelenden soň, il – günüň berkemegi, diňe iň çydamlylarynyň galmagy, “ýaşaýyş ugrundaky göreşde” saýlanyp seçilmegi mümkin. Şol sebäpden köp folklor eserlerinde “ýagy gelenden soň” janlanyş, gülleýiş, täzeden döreýiş başlanýar. Oraz gojanyň süýt emýän oglanjygynyň gaçyp galmagy – ýagny çagalaryň hut “süýt emýän wagtynda” ýa-da entek dogulmanka “saýlanmagy” folklor eserleriniň ählisinde bar. Muňa “Görogly” eposyny mysal getireliň. Şol saýlanan gahrymany hemişe haýsydyr bir haýwan (ertekilerde-de duşýar) – Oraz gojanyň ogluny bolsa arslan terbiýeleýär. Gahrymanlaryň haýwanlar tarapyndan tapylmagy ilkinji mifologik rowaýatlar bilen bagly. Ol gadymy Müsür, grek – rim ýaly ösen edebiýatly halklaryň taryhynda-da uly orun eýeläpdir. Bu maglumat ýene bir gezek  ähli mifologiýanyň bir kökden – wagt taýdan ilki dörän folklor eserinden gaýdýar diýen pikiri tassyklaýar. Elbetde, mifleriň garyşmagy we biri – birine täsir etmegi soňky wakalardyr. Her bir halkyň folklor eseri onuň edebiýatynyň düzümini kesgitleýär. Folklor – dürli şahalary bolan bagdyr. Şol sebäpden folklory deňeşdirme – taryhy usulda öwrenmek zerur. Folklory ikinji – Konseptual – semantik nukdaýnazardan öwrenmek ýokarky derňewden soň amala aşyrylmaly. Wajyplygy taýdan bu iki derňew biri – birinden kem oturanok we biri beýlekisiniň üstüni doldurýar. Köplenç haýwanlaryň terbiýelän (totemizmiň täsiri) gahrymanlary oňyn häsiýetli gahrymanlardyr.  Şeýlelikde, arslanyň terbiýelän ( bu ýerde görnetin ýolbarsa simpatiýa bildirmeklik bar) gahrymany Beset oňyn gahryman. Ýagşylyk bilen ýamanlyk, haýyr bilen şer, ak bilen gara konsepsiýalaryna laýyklykda, indi bir wakanyň ikinji tarapy – oňyn däl tarapy ýüze çykmaly. Biz boýuň bu bölegini “çopan bilen periniň gatnaşygynyň taryhy kökleri” derňewinden alýarys.  Edil şular ýaly gatnaşyk inkublar (incubus, lat. Incubare – içindäkiler)  baradaky miflerde gabat gelýär.  Olary käbir çeşmelerde zenanlara zor salan gara güýç hökmünde, käbirinde bolsa azaşan perişdeler hökmünde şekillendirýärler. Olardan bolan çagalar ýa makaw, ýa-da ýarymhaýwan görnüşinde doglupdyrlar. Gazak - gyrgyz  (adyk, nart)  mifologiýasynda hem Beset ýaly gaýduwsyz gahrymanlar duşýar. Olar Depegözüň ekwiwalenti bolan Inyjy gowagynda kör edip, soňam onuň goýunlarynyň biriniň derisinde gizlenip, gowakdan çykmagy başarýarlar. Çopan bilen periniň gatnaşygynyň haýsydyr bir ýowuzlygyň başlangyjy hökmünde folklor eserlerinde köp duşýandygyny ýatladýarys. Eposda peri çopana: “Oguzlaryň başyna zowal getirdiň” – diýýär. Hakykatdanam, periden galan şol amanat – Depegöz – oguzlaryň başyna agyr günleri getirýär. Depegözüň peri enesiniň ogluna hiç zadyň ötmezligi üçin dakan ýüzügi hem, Depegöz bilen bagly soňraky wakalar hem folklor eserlerinde ýygy – ýygydan gaýtalanýan göçme sýužetlere degişli. Ýöne şu ýerde eposyň hut türkmenlere - oguzlara mahsus bir tarapyny açyk – aýdyň etmegimiz gerek. Depegözüň elinden bir ogly heläk bolup, ýene nobat beýleki ogluna ýeten enäniň kömek sorap barmagy – oguzlaryň halk döredijiligi eserlerine, türkmen halkynyň nähili kynçylyk bolanda-da, enäniň sözüni ýykmaýandygy bilen bagly mentalitetine syrygýar. Tebigaty ejiz hem naçar zenanlara owalbaşdan bolan duýgudaşlygyň hem-de rehimdarlygyň oguz erkeklerinde ýüze çykýandygyny öňki makalalarymyzda ýatladypdyk. Şol duýgudaşlyk gatnaşygyny ikä bölüp, olaryň

1-njisini: erkek adamyň hatynyna (aýalyna) bolan gatnaşygy

2-njisini ogluň enä bolan gatnaşygy  - diýip atlandyrmak bilen biz şeýleräk pikiri öňe sürüpdik, ýagny ogluň enä bolan gatnaşygynda erkek adamyň naçara hossarlyk, eýelik duýgularynyň has güýçli duýulýandygyny we bu gatnaşygyň eposyň ähli boýlarynda hem patriarhat  gatnaşyklara degişli bolup galýandygyny aýdypdyk. Başga hiç bir gatnaşykda onuň şular ýaly güýçli duýulmaýandygy üçin ejize kömek gerek ýerinde hut zenanyň oguz begi Besediň ýanyna baryp, ondan “Oraz ogly, hanym Beset, maňa medet!” – diýip kömek soramagy eposyň süňňüne  kanunalaýyk ýagdaý bolsa, oguz folklory babatda hem şeýledir. Şeýlelikde, “ene-ogul” konsepsiýasy örboýuna galyp, ol derrew wakanyň çözgüdini talap edýär. Besediň Depegözi tapýan pursaty beýleki bir halk döredijiligi eseri bolan “Görogly” eposyndaky Arapreýhany hem ýatlatman duranok. Bu ýerde esasy meňzeşlik ýamanyň, şeriň, garanyň hemişe diýen ýaly giperbola bilen aňladylýandygy üçindir. Umuman, biziň esasy nygtamak isleýän zadymyz – bu boýdaky mifleriň dünýäniň folklor eserlerinde ýygy-ýygydan gabat gelýändigi sebäpli, olary semantik tarapdan seljermegiň zerurdygyny aýtmakdan ybaratdyr. Elbetde, her bir mifi derňemek, onda-da semantik nukdaýnazardan derňemek bir makalanyň çygryna sygmaýar.  Boýuň dinamik epizody hökmünde ýokarky bölegi alyp bileris. Ene – ogul konsepsiýasy bu ýerde boýuň çözülişiniň açary, ähli hereketleriň merkezi, iteriji güýji ýaly bolup çykyş edýär. Bu bolsa ýene bir gezek Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden “Enä  tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan “Ene – başlangyçdyr” diýen sözlerini tassyklaýar.

 

                                                                     

 Bägül ATAÝEWA

 

 

 

                                   

25 |
|