Gorkut ata döwrüniň milli egin-eşikleri
6 minut alar
Gorkut ata döwrüniň milli egin – eşikleri hakynda
Egin – eşikleriň haýsydyr bir döwrüň taryhyny dikeltmekde örän ähmiýetli orny bardyr, sebäbi şol döwrüň adamlarynyň aň – düşünjeleri, sosial ýagdaýy we mentaliteti (ýaşaýyş medeniýeti) olaryň geýýän eşiklerinde şöhlelenýär. Gorkut ata döwrüniň egin – eşiklerini dikeltmekde biziň iň ygtybarly çeşmämiz “Gorkut ata” eposydyr. Eposda donlaryň birnäçe görnüşiniň ady tutulýar. Olar, esasan, reňki taýdan (sary don, gara don) tapawutlanýarlar. Şeýle hem eposyň birnäçe boýunda jüpbe donuň we inçe ýalpyldawuk donuň ady getirilýär. Köp agzalanlygyndan çen tutup, bu geýimiň şol döwürde işjeň geýlendigine göz ýetirmek mümkin. Oýluk, oram – oram guşak, içmek, telpek, ýapynja, kaftan, bürenjek, tuwak, sargyn, köýnek, şapka, sokma, gyňaç, ýaglyk ýaly eşikler bilen bir hatarda beýleki gözellik serişdelerine – altyn halka, düwme, ýüzük, hyna – duş gelmek bolýar. Biz şu makalanyň çäginde ýokardaky sanawyň her birine häsiýetnama bermäge we hut şol döwürdäki keşbini ýüze çykarmaga synanşarys.
Don (rusça халат ) – eposda iň köp duş gelýän geýim bolup, olaryň köplenç reňki boýunça we bezemenligi boýunça ady tutulýar. Donuň Ýewropada ekwiwalentleri duşýar, olara ilki bilen pijak degişli. Baryp-ha, bürünç asyryna degişli demir gabyrhanalardan ýeňli pijaga meňzeş geýimler tapyldy. Geýmäge amatly bolandygy sebäpli pijak soňlugy bilen hem erkek adamlaryň, hem zenanlaryň eşigine öwrülýär. Pijagyň mirasdüşeri bolan kamzola ondan diňe ýeňiljek matalardan tikilýändigi bilen tapawutlanýar. Pijagy bolsa galyň matalardan tikipdirler. Biziň pikirimizçe, pijak bilen kamzola donuň tikiliş usulynda tikilip, ondan diňe bezemenligi (dekoratiwligi) we ölçegi taýdan üýtgeşikdir. “Gorkut ata” eposynda Derse hanyň aýalynyň monologynda: “Gara donly derwüşlere wezirler berdim” – diýilýär.[1] Derwüşleriň düýäniň ýüňünden tikilen eşikleri geýendigi baradaky maglumatlar sopuçylyk edebiýatynda ýygy – ýygydan duşýar. Ýöne ýüňden eşik geýmek yslam we arap medeniýeti bilen bagly hadysa bolansoň, Gorkut ata eposynda ýüňden tikilen donlar däl-de, reňkli donlar hakynda agzalýar. Ýüňden tikilen donlar orta asyrlarda rowaçlyk tapypdyr. Biziň pikirimizçe, Gorkut ata döwründäki donlaryň parça, atlas, ýüň, ýüpek, mahmal, barhat matalardan tikilen bolmagy ähtimal. Eposda: “Ol egnindäki dony çykaryp, gyzlaryň üstüne oklady” (sah.79) ýaly sözlemler köp. Donuň hiç bir alamat boýunça aýratynlaşdyrylman berilmegi, elbetde, köp jedelli sowallary ýüze çykarýar. Donuň şeýle matalardan tikilmeginiň ähtimallygyny “Gaňly goja ogly Hantöreli boýunda” Hantöreliniň öz hatynyny gujaklap: “ Ýalp – ýalp ýalpyldaýan inçe donlym” – diýen setirlerinden aňmak bolýar. Donuň eposda ritual (matam) egin – eşik hökmünde çykyş edýän ýerine –de gabat gelýäris: “Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek” boýunda: “Ýedi gyz dogany ak çykaryp, gara donlar geýdiler” (sah.71) – diýilýär. Bu, elbetde, geýim – gejimiň soňlugy bilen diňe daşky esbap, ýylanmak üçin gorag ýaly hyzmatlarynyň çäginden çykyp, ruhy ahwallary aňlatmaga bolan ymtylmasynyň netijesinden gelip çykýar. Donlaryň eposda reňk taýdan aýratyn berilmegi, megerem, wakanyň gahrymanlarynyň haýsy gatlaga degişlidigini bildirýär. Eposyň käbir boýlaryny VII asyra degişli edýän alymlar, onuň käbir boýlarynyň XII asyra, ýagny Türkmenistanda mongollaryň täsiriniň güýçli bolandygy baradaky taryhy maglumatlara daýanyp, degişli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, onuň orta asyrlara degişli ýerleriniň bardygyny hem boýun alýarlar. Halk döredijiligi eseri bolansoň, “Gorkut ata” eposy özünden soňky ähli döwürleriň aýratynlygyny öz içine alypdyr. Eposyň ýokarda ady agzalan boýunda: “Sary donly Sylyjan hatyn köşkden bakar” (sah.107) - diýen ýaly goşgy böleklerine gabat gelýäris. Etnograf L.L.Wiktorowa “Mongollaryň eşigi” atly makalasynda “Ýönekeý halkyň eşigi “sary” (ruhy gatlagyň wekilleriniň eşiginiň reňki) we “gara” (han – bagzadalaryň eşiginiň reňki) reňkli eşiklileriňkiden tapawutlanýar” – diýip belleýär.[2] Ýene-de şol kitapda A.M.Reşetowyň “Hytaýyň kiçi halklarynyň eşigi” atly makalasyndan türki halklar toparyny düzýän – uýgurlar, gypjaklar, salyrlar, özbekler, tatarlar ýaly halklaryň egin – eşikleriniň sanynyň jemi 20-ä golaýdygyny belläpdir. (şol kitapda, sah.255) Bu bolsa biziň oguzlaryň egin – eşikleriniň sany baradaky ýokarky sanawymyza laýyk gelýär. Eposda iň köp agzalýan don – üstki geýim gejimleriň toparyna degişli bolup, ol döwrüne görä üýtgetmelere sezewar bolupdyr. Meselem, “ýylp – ýylp ýylpaldaýan inçe don” – inçejik gyzyldan sapaklar bilen tikilen ýalpyldawyk mata – parça bolup biler diýerdik welin, parça agyr ýüpek matalara degişli, şol sebäpden bu hili donuň ýeňiljek atlas matalardan tikilen baýramçylyk eşigi bolmagy mümkin. Şeýle matadan tikilen donlary köplenç köşk işgärleri ýa-da ýokary gatlagyň wekilleri toý – baýramlarda geýipdirler. Ýalpyldawuk inçe donuň taryhy has gadymy döwür bilen bagly. Sasanidler döwründe bu eşik köşgüň iň meşhur geýimi bolupdyr. “Gorkut ata” döwrüniň käbir boýlaryny Sasanidler dinastiýasy we döwri bilen baglanyşdyrmaklary ýöne ýerden däl. Diýmek, eposda VII asyra-da, XII asyra-da mahsus egin – eşikler bolup, olar özara garyşyk beýan edilipdir. Donuň gara we sary reňkde bolmagy mongol täsiri bilen ýüze çykan alamat bolsa, ak we ýalpyldawuk, zerli görnüşleri has gadymy döwre – VII asyra degişlidir. Eposda donlar diňe reňk taýdan we ölçegi (uzynlygy) taýdan beýan edilýär. Donlar, galaba, dyzdan geçip duran görnüşde tikilýär. Ol uzynlygyna ikä – ýarpa bölünip, ýeňleri soň dona birikdirilýär. Donuň bu görnüşi has gadymy hasap edilýär. Onuň ýeňsiz, keltekçe ýaly görnüşleri hem soň ýüze çykypdyr.
Türkmenleriň durmuşynda don iň wajyp eşik bolupdyr. Ony gündelik durmuşda hem, toý – baýramlarda hem geýipdirler. Dony, hatda, öýde geýendikleri we yssy howa bolaýmasa, egninden çykarmandyklary barada köp maglumatlara gabat gelmek mümkin. Suratdan görnüşi ýaly, don – bezegsiz we gündelik hajatlar üçin ulanylýan hökmany eşik bolupdyr. Donuň gymmatbahaly matalardan, dürli bezegler bilen tikileni şa köşkleriniň gullukçy eşigine öwrülipdir. “Meniň dilim, seniň eliň hünäri. Nusga bolup galsyn ilden – illere” – diýän Kemine şahyr aýtmyşlaýyn, türkmen halky donuň ähli gatlaklar üçin ajaýyp görnüşini – nagyşlar, keşdeler bilen bezelen görnüşini dünýä sowgat berdi. Bu aýratynlyk, esasan, zenanlaryň donlarynda şöhlelenipdir. Don – erkek adamlaryň geýimlerine degişli bolup, ol zenanlaryň durmuşynda gündelik häsiýetde däl-de, toý – baýramlarda geýlipdir. Adatça, donlar ýakasyz tikilipdir we üstki donlar guşaklanmandyr. Guşak – fizik zähmet üçin hereket etmäge amatly bolar ýaly döredilipdir. “Gorkut ata” eposynda nagyşly donlar barada aýdylýar. Ýöne biziň gürrüňini edýän nagyşly donlarymyz has soňraky döwre – XVIII - XIX asyra degişlidir. Donlary dürli hili nagyşlar bilen bezemek däbiniň has soňraky döwürlere degişlidigini etnograflaryň ýygnan maglumatlaryndan görmek mümkin. Şeýle bolsa-da, eposdaky: “Heý, Derse han...Çigni nagyşly jüpbe don bergin, bu oglana geýer bolsun – hünärlidir!” (sah31) – diýen sözlemdäki çigni nagyşly jüpbe donuň görnüşini dikeltmek işi entek öňde. Megerem, bu ýerde gürrüň geometrik figuralardan düzülen has gadymy nagyşly donlar hakynda gidýän bolsa gerek.
Donuň daşky geýim häsiýeti diňe egin – eşeiklerde görünmän, beýleki esbaplara-da mahsusdyr. Käbir serenjam bermek bilen bagly enjamlaryň özbekçe “muçinak” – gaşy deňlemek üçin, türkmençe “müçenek” görnüşinde ulanylyşyna duşýarys. Müçenek “müjgän” – kirpik diýen manylarda ulanylýar. (“Müjgänleri hanjar dek ol gaşy – keman geldi” seret: N. Andalyp “Ýusup – Züleýha” dessany) Bu söz orta asyrlarda arap medeniýetiniň orta Aziýada rowaçlanmagy netijesinde döräpdir. Şeýle hem dişi gorjalamak üçin çöpüň, gulak arassalamak üçin çarşajygyň bolandygyny bellemek gyzyklydyr. Şu enjamlaryň ählisi kümüşden ýasalypdyr. Ýörite atyr üçin niýetlenen gutujygy – atyrdon – diýip atlandyrýarlar.[3] Islendik bir zadyň daşky geýimini “don” bilen atlandyrmak höwesini diňe donuň geçmişde iň köp geýlen eşikdigi bilen düşündirmek mümkin.
Bägül ATAÝEWA
[1] Gorkut ata. – Aşgabat.: Türkmenistan. 1990,sah.35
[2] Одежда народов зарубежной Азии. – Л.: Наука., 1977.стр172
[3] O.A.Suharewa. Istoriýa sredneaziatskogo kostýuma. –M, “Nauka”. 1982., str.110