Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Gadymy egin-eşikler

5 minut alar

           Türkmen milli lybaslary

 

Taryhyň ähli döwürlerinde egin – eşige uly üns berlipdir. “Geýnişiňe görä baha keserler”, “Adamy geýiminden tana”, “Ynsany eşigi bezär” ýaly halkymyzyň arasynda dürli jemgyýetçilik gurluşynda döredilen aýtgylar bar. 

 Egin – eşige bolan üns edil daşky geýimiň tebigaty – ýaşaýşy ýaly üýtgäp durýar. Taryhyň belli bir döwründe oňa uly üns berlip, belli bir döwürde bolsa, bu ünsüň başga bir zat bilen çalşyrylmagy mümkin. Ýöne haýsysy bolanda-da, egin – eşigiň adamzat durmuşyndaky uly ähmiýetini inkär edip bolmaz. Her bir adamyň egin – eşigi onuň özi baradaky maglumatlary saklaýar. Şol sebäpden daşky geýimi şahsy bir zat hökmünde görýärler. Türkmen halkynyň durmuşynda egin – eşigiň nähili orun tutandygy bizi gyzyklandyrýan soragdyr. Köp taryhy çeşmelerden çen tutup, türkmenleriň özboluşle geýniş medeniýetiniň bolandygyny aýtmak mümkin. Şeýle hem nysak (moda) türkmenleriň ruhuna laýyk görnüşde ulanylypdyr. Ýagny giň biçüwli, “içinde ýüzübermeli” diýilýän egin – eşikler türkmen zenanlarynyň giň göwrümliliginden we sadalygyndan habar berýär. Suratdan görnüşi ýaly, biz bu nysagy diňe belli bir döwür üçin meselem getirip bileris. Egin – eşikleri öwrenmekdäki esasy kynçylyk – olaryň iňňän şahsy tebigatly zatdygy üçin her bir adamda dürlüçe – detallaryň artdyrylyp ýa kemeldilip, özüçe üýtgedilip geýilýändigi sebäplidir. Meselem, haýsydyr bir geýim – gejim özünden öňki ýa soňky döwrüň nysagyna degişli bolman biler, ýöne ol hökman özünden öňki ýa soňky döwre dahylly bolup durýar. Sebäbi nysak tarp ýerden döremeýär-de, özünden öňkülerden nusga alýar, özünden soňkulara-da nusga bolup hyzmat edýär.

Türkmenleriň geýim – gejimleri hakynda, esasan, Rus imperiýasynyň Türkmenistan bilen gyzyklanan döwürlerinde maglumatlar ýygnaldy. Eger Aziýanyň kostumlaryna – daşky eginbaşyna bolan içgin gyzyklanma Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri bilen XI – XII asyrlarda has rowaçlanan bolsa, türkmen halkynyň milli etnogeneziniň geýim – gejimi hakynda maglumatlaryň az bolmagy şol döwrüň syýasy – goegrafik ýagdaýlary bilen baglydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmenler Aziýanyň dürli tertoriýalarynda ýaşap, beýleki milletler bilen garyşypdyrlar. Şol sebäpden orta asyrlar döwrüniň türkmen lybaslary dikeldilmeli bolsa, muny türkmenleriň ýaşan teretoriýasynyň medeni we syýasy täsirlerini göz öňünde tutup amala aşyrmaly. Orta asyrlar syýahatçylary Marko Polo dagly täjikleriň, Plano Karpini mongollaryň, Gilýom Rubruk uýgurlaryň milli lybaslaryny öwrenipdiris. Milli eginbaşlar etnogeneze görä öwrenilmelidir. Türkmen halkynyň milli egin – eşiklerini öwrenmekde nemes etnografy R. Karusy görkezmek bolar. Ol XX asyryň başlarynda Maňgyşlak ýarym adasynda ýaşaýan türkmenleriň geýimi bilen gyzyklanypdyr. G.P. Wasilýewanyň “Orta Aziýanyň we Gazagystanyň halklary” atly kitabynda türkmenleriň egin – eşiklerini deňeşdirme usulynda beýan edendigi üçin bu ugurdaky gymmatly çeşmeleriň hataryna girýär. Ýene-de bir etnografçy N.P Lobaçýowa “Irki orta asyrlar döwründäki orta aziýalylaryň lybaslary” atly işinde: “Orta Aziýanyň we Gazagystanyň eginbaşlarynda özara umumylygy bolan üç sany halky tapawutlandyryp bolar. Olara birinji nobatda özbekler bilen täjikler, ikinjisine – türkmenler, üçünjisine – gyrgyzlar bilen garagalpaklar degişli” – diýýär.  Suratdan görnüşi ýaly, türkmen gelin – gyzlary giň biçüwli “tuniko” ölçegdäki köýnekleri geýipdirler. Tunika gadymy rimde döredilen, ol aýal we erkek adamlaryň köýnekpisint eşigidir. Ol dyzçanaga çenli ýuwaş – ýuwaşdan uzalyp gidýär we gitdigiçe giňeýär. Ilkinji döredilen wagtynda onuň ýeňleri bolmandyr. Tunikany grekleriň hitonyna meňzedýärler. Kem – kemden uzap gidýändigi sebäpli ony guşaklapdyrlar, ýagny biline guşak daňypdyrlar. Awa ýa-da ýörişe gidilen wagtynda  erkin hereket etmek üçin tunikany daňmak zerur ekeni. Türkmen gelin – gyzlary guşagy başga maksat bilen, ýagny öý – işlerini ýerine ýetiren wagtynda päsgel bermez ýaly daňynýarlar.

  Türkmen gelin – gyzlarynyň köýnek ýakalary barada O.A. Suharewa: “Orta Aziýada ýakanyň iki sany görnüşi bar, olar wertikal (dik ýaka) we gorizontal (tegelek) açylan ýakalardyr” – diýip bellemek bilen, ýakalaryň funksiýasyna (hyzmatyna) düşündiriş beripdir. Ol dik ýakalaryň çaga emdirýän eneleriň köýnegine gerek bolsa, erkek adamlaryň we durmuşa çykmadyk gyzlaryň, şeýle hem perzentsiz ýaş gelinleriň ýakasynyň tegelek görnüşde açylýandygyny belläpdir. Tegelek görnüşde ýaka açylyşy diňe erkek adamlaryň milli ezýaka köýneginde saklanyp galyp, sowet häkimiýeti döwründe türkmen gelin – gyzlary dik ýakaly köýnekleri geýip başladylar.

Türkmen zenanlary milli egin – eşikleri şaý – sepler bilen bezäpdirler. Aslyýetinde, aksessuarlar örän gadymy döwürlerde ýüze çykypdyrlar. Şeýle hem daşky geýim bilen birlikde ulanylypdyr. Şaý – sepleriň gulak halka, gülýaka, ýüzük, sümsüle, gupba, bilezik ýaly görnüşi uly islegden peýdalanypdyr. Şu şaý – sepleriň içinde ýüzük diňe bir barly gatlakdan bolan zenanlaryň däl, eýsem, beýleki gatlakdan bolan zenanlaryň hem hökman dakynan şaý – sepi hökmünde aýratyn tapawutlanýar. Muny etnograf G.P Wasilýewanyň: “Ýüzüksiz hiç bir, hatda, garyp türkmen maşgalasy hem oňmandyr. Sebäbi ýüzüksiz elleriň taýýarlan nahary “arassa däl, hapa hasaplanypdyr” diýen sözleri hem tassyklaýar. Ýokarky suratdan görnüşi ýaly, durmuşa çykmadyk ýaş gyzlaryň ählisinde gupba bar. Gupbanyň geçen asyryň ýigriminji ýyllaryna çenli geçen ýolunyň özi bir taryh. Gupbanyň ýokarsyndaky dik sütün, köplenç, şelpeler bilen bezelse, käbirinde ýelek bilen bezelipdir. Bu ýagdaý jemgyýetiň, esasan, ruhy gatlagyna degişli adamlara mahsusdyr. Şeýle maşgaladan gelip çykan zenanlaram öz milli egin – eşiklerinde maşgala däbini saklapdyrlar. Gyzlaryň ählisinde diýen ýaly sümsüle-de bar. “Sümsüle durmuşa çykjak gyzlaryň bezegi” – diýip, alym etnograf zenan G.P.Wasilýewa belleýär. Sümsüläniň bezegi, galaba, şaý – seplerden, kümüş teňňelerden durýar. Sümsülä başgaça alyn daňy, maňlaý daňy hem diýilýär. Ol gyzlaryň maňlaýyna daňylýandygy (gupba berkidilip çatylýar) üçin şeýle atlandyrylypdyr. Sümsüläniň Aziýa halklarynyň ählisine diýen ýaly mahsus şaý – sepdigi gyzykly ýagdaýdyr. Sebäbi bu halklaryň taryhyny öwrenmekde ep –esli aýdyňlaşdyrmalary ýüze çykarýar. Taryh bolsa, islendik zatda saklanýandyr, bize diňe şol zatlary görmek we öwrenip, geljekki nesillere ýetirmek gerekdir.  

                                                                              Bägül ATAÝEWA

46 |
|