Goňşy
9 minut alar
Goňşy
(hekaýa)
Biziň ikinji gatda ýerleşen kiçiräk öýümiz bardy. Ol iki gat jaýlaryň sowet döwründenmi ýa ondan soňky döwürden galan zatlarmy, on-a aýdyp biljek däl, ýöne onuň etrap merkezine ýakyn ýerde gurlan, Murgabyň beýleki jaýlaryna çalym etmeýän, iki gatly jaýdygy welin anyk. Asla-da, Murgapdaky jaýlar köpgatly däl, bu ýerde Mary şäherindäki ýaly dört gatly ýa on iki gatly jaýlar ýok. Murgapdaky bar bolan şol iki gatly jaýlaram onuň etrapdygyny subut edýän alamatlaryň birimikä diýýärin. Ine, şol ýagşa sudury gidip, soň birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirilendigine garamazdan, öňki köneçilliginden hiç saplanyp bilmedik, üstesine, köçämize gaty bir tipiki bolmadyk iki gatly jaýlaryň birinde biz ýaşaýardyk. Kiçiräkkäm ejem şol ýere göçüp gelipdi, men muňa gaty gynanypdym, meni gynandyran zat ýene iki gatly jaýda ýaşajakdygymyz däldi, sebäbi öňki ýaşan ýerimizem, ýene ýaşajak ýerimizem iki gatly jaýlardy, hamana ýerden paý ýetmeýän ýaşaýjylar ýaly, ýerden aýagymyzy üzüp, ýaşamaly bolduk ýördük. Meni gynandyran zat enemleriň indiki ýaşajak ýerimizden daşda ýerleşýänligidi. Her gün ol ýere gatnamak iş boljakdy. Ejemden şunça göçmezligi haýyş etsemem, ol özüniňkini dogry tutdy oturdy. Biz uly bolmadyk ‘’KAMAZ” maşyna bar goşlarymyzy ýükläp, tozap gaýtdyk. Goňşularymyzyň diňe biri biziň göçüp gitmegimize gynanyp aglady. Sada hem ýuwaş görülýän,” Gep bilen işi ýok “ diýlip gürrüňi edilýän ejemi hemme goňşular gowy görýärmikä diýýärdim. Onda-da diňe bir goňşymyzyň aglap, hoşlaşmazdan öňürti maňa gatyk uzadanyny bilýärin. Megerem, goňşular üçin göçmek diýlen zat adaty, bolaýmaly ýaly zat bolup görnendir. Mümkin, olaryň özem göçmäge endik edip, aglamagy gerek hasap eden däldirler. A, belkem, meniň bu zatlara üns berjegimi aňan däldirler. Her niçigem bolsa, meniň üçin gaty çynlakaý bolan hadysa beýlekileriň ýöne ýaşynyň uly bolandygy üçin sowuk hem biparh gatnaşmagy meniň ýüregimi agyrtdy, kalbymda kine döretdi. Sebäbi, meniň görýän çeper filmlerimde beýle bolanokdy ahyryn. Onda baş gahryman bir ýere göçüp gidäýse, beýlekiler aglaýardy, gynanýardy. Şunluk bilenem ähli bolmaly zatlar bolmalysy ýaly bolup geçýärdi. Meniň durmuşymda bolsa beýle bolmady. Asla durmuşda beýle bolanok eken. Men muňa indi- indiler köp goňşulary göçürip, köpüsinem garşy alyp görenimden soň göz ýetirdim. Men gidenleriň sessiz hem tukat ugradylýandygyny indi bilýärin.
Täze ýaşaýyş jaýymyza öwrenişmek maňa iş boldy. Ejem meniň durmuşdaky özgerişlikleri (hatda, meniň peýdama gutarýan gowy özgerişliklerdigine seretmezden) kyn kabul edýänimi bilýärdi. Meniň öňki hindi tanslaryny etmeýändigim, gygyryp okaýan goşgym bilen goňşulary haýran galdyrmaýandygym, jigim bilen az uruşýandygym, asla öz- özüme meňzemeýänligim, ol görgülini wagtyň geçmegi bilen alada goýup başlady. Meniň göwnümi açmak üçin çykalga hökmünde goňşy gyzlary öýe, meniň ýanyma çagyryp başlady. Menem, elbetde, ol gyzjagazlaryň şol ýerde doglan hem ýaşaýan, täze göçüp gelenleriň ýanynda özlerini şol ýeriniň eýesi hökmünde ulumsylyk bilen alyp barýan, aslynda edil özüm ýaly gyzjagazlardygyna düşünmedim, halamadym we hatda, oňuşmadymam. Şeýdibem täze göçüp gelen ýerimiziň ýalňyzlygy içinde birnäçe aý ýaşadym. Soň özünden belli bolşy ýaly öwrenişdim hem täze öýden girip-çykyp, onuň gurluş tebigatyna laýyk gelmeýän endikleri özümde terbiýeledim. Penjireden diňe kellämi çykaryp seretmäge, goňşularyň horazlaryna we beýleki jandarlaryna gaharlanmaga, käwagt ýüregiňi ýaryp diň-arkan gaýdýan, gorkunç gözli azerbeýjan aýalyň salam alşyna gülmäge başladym. Bu hereketler dogry görünmese görünmezem. Sebäbi didaktika hakdaky gürrüňleriň köp gaýtalanýan we dissiplina berk gözegçilik edilýän ýer bolan biziň kiçijek ‘’Ikigatly’’ jemgyýetimiz üçin men juda erkin terbiýelenen bir jandardym. Hut öz ejemem durmuşynyň dowamynda meniň nireden beýle kejir hem boýnegmezek bolandygyma haýran galyp geçdi. Ýöne meni gowy tanaýan adam hökmünde ol meni bagyşlaýardy, sebäbi meniň görer göze nädogry bolup görünýän hereketlerimiň goňşymyzy onuň ähli janly-jandarlary bilen söýmegimden, azerbeýjan aýalynyň gorkunç gözlerine bolan mährimiň känliginden ýüze çykýandygyny bilýärdi. Gabriel Garsia Markesiň”Ýüz ýyl ýalňyzlyk” atly romanyndaky Hose Arkadio Buendianyň diwara ýaplanyp, atuwa garaşyp duran pursatynda özüniň hemme zatdan beter ýigrenen garyndaşlaryny aslynda söýendigini ýatlaýan kartinasy her gün agşam diwarlary gysyp-gowrup barýan öýümizde maňa teselli bolýardy. Sebäbi bu maňa juda tanyş kartina... Şeýdip, täze jaýa öwrenişmek prosesim öz-özünden formirlendi diýseň boljak. Ýöne, meniň esasy aýtjak bolýan zadym täze öýümiziň artykmaçlyklaryny hem kemçiliklerini edil beýleki maşgala agzalary ýaly kabul etmäge başlanlygym däl. Aradan 2 ýyl wagt geçensoň, meni öňki öýümize çagyrdylar. Çagyranam meniň gaty bir mäşim bişişmeýän, “turşy limon” lakamly( oňa bu lakamy men dakypdym), hordan garaýagyz, ýüzi özünden has medeniýetliräk görünýän Näzik gelnejedi. Men günleriň bir ajaýyp güni onuň çakylygyna jogap edip, ejemden rugsat soramagy makul bildim:
-Näzik gelneje meni öňki öýümize çagyrypdyr, menem baryp gaýdaýsam diýýärin. Nahar bişirmek bilen başagaý bolup duran ejem geň galyjylyk bilen ýüzüme seretdi:
-Näzik gelneje?- Senimi? Şeý diýip, ejem doly artmadyk kartoşkasyny suwly gaba atyp goýberdi.
-Hawa, meni. A näme?- diýip, men hiç zatdan habarsyz, hamana, Näzik gelnejäni men däl-de, ejem ýigrenýän ýaly bolup gürledim. Gözümem doly artylmadyk kartoşkada. Ejem ýüregedüşgünç soraglaryny ýagdyryp ugrasa, kartoşka bilen ünsüni sowmakçydym.
-Kim aýtdy ony saňa?
-Bazarda gyzy Bilbil aýtdy, aýlanyp ýörkäm. Ejem sesini çykarman, suwly gaba ikinji kartoşkany oklady, soňam birinjä gözi düşüp, täzeden artmaga oturdy. Menem “Dymmak razylygyň alamaty” etdim-de, gitmäge taýýarlandym. Diňe ejeme däl, Näzik gelnejäniň bu çakylygy maňa-da geň görünýärdi. Doglan gün ýa şoňa meňzeş bir wakadyr öýtseňem bolardy welin, goňşy bolup ýaşan wagtymam ol meni ýörite çagyryp görenokdy ahyryn. Şol ýerde ýaşaýan goňşulara ot ýakdyrmaýan, janly- jandarlara gün bermeýän, garda beýleki çagalaram aýak ýalaňaç ýöremäge mejbur edýän, ähli belaň körügi bolan- meni onuň haçanam bolsa birwagt halajagyna-da ynamym ýokdy. Eger çynlakaý bir ýagdaýdyr öýtseňem, “Duşan wagtyňda aýdarsyň”diýip, gyzyna tabşyrman, bize ýörite gelerdi. Diýmek, bu beýle bir zerur çagyryş bolmaly däl, ýöne men barybir baryp görmeli. Öňki jaýy unutsaňam, goňşulary unutmaly däl-ä. Ine, şu pikirler bilen girdim ýoluň bir çetinden. Göwnüme ýöräp barýan ýolumam öňküden has garran ýaly bolup göründi. Ähli zatlar biziň öňki öýümiziň agraslygyny, berkligini, onuň özboluşly oturyş tebigatyny, ýüreklerde beýlekilere ýakynlyk döredýän atmosferasyna gaplanypdy. Ýatlamalary beýnimde pyrlandyryp, deregine täze pikirleri “gögerdip” gelşime, öňki öýümiziň gapysyna seretdim. Ýolda gelýärkäm, öňki durmuşym bilen bagly gaty köp zatlar gapa seredenimden ýadyma düşäýjek ýalydy welin, gaýtam tersine, ýolda ýadyma has köp zatlar düşen eken. Meniň sentimental göz öňüne getirmelerim menden öýkeli ýaly birýana zym uçup gitdiler. Menem uly adamlara mahsus bolan agraslyk bilen uludan demimi aldym-da, goňşy Näzik gelnejäniň gapysyny kakdym. Kakanyma mähetdel ol öňküden birjigem üýtgemedik, hordan uzyn göwresini işikden çykardy.
-Hä, Bahar senmi? Gel, geçiber-diýip,aýnadan Günüň ýagtylygy düşäýmese, başga ýagtylygy diňe agşamlaryna görýän eýwanyna çagyrdy. Menem” Oňat, şükür hudaýa. Siz nähili?” diýip samyrdaýan, köwşümem başardygymdan has medeniýetli çykarmaga çalyşýaryn. Ömür etmeýän hereketlerimi etjek bolup durşuma şol ikaralykda gülkimem tutýar. Sebäbi Näzik gelnejäniň çagalary köwşüni meniňki ýaly gele-gelmäne çykaryp, zyňyp goýberen wagtlary” Siziňem Bahar ýaly tertipsiz bolasyňyz gelýärmi?” diýip, gygyryp duranyny köp eşidipdim. Ýöne men ol wagtlar oňky dogrudyram öýtmändirin. Bizde bu zarlara beýle bir ähmiýetem berlenokdy. “Aý, çagadyr-da, wagty gelende, özem biler” diýlip goýlaýýardy.
Näzik gelneje çaý goýmak bilen başagaý bolup durşuna , hal- ahwal soraýardy. Menem öňküden ulalanymy görkezjek bolup, onuň soraglaryna kesgitli, ýöne anyk jogap berýärdim. Edil günäkärlenýäniň sülçiň öňünde jogap berşi ýaly bolup jogap berdim, onuň öňküsinden üýtgemedik, özüne gaty bap gelýän otagy maňa hemişe-de türme ýalydy. Onda-da juda bilesigeliji hem höwesek adam bolanym üçin, men bu ýere meýletinlik bilen geldim. Onuň arasynda meniň berýän agras jogaplaryma “Şu Baharmyka bir?” diýip, geň galyp seredýän ýüzem ýadymda.
-Täze öýüňiz nähili, öwrenişýäňizmi?- diýip, ol indi öýümiz hakynda yzly- yzyna sorag sugşurdy. Menem oňa täze öýümize zordan öwrenişendigimizi aýtmagy kiçilik bildim-de, ýalan sözledim:
- Täze öýümiz gaty hezil-öz aldawyma özüm gowsunyp, dowam etdim:
-Men-ä baran badyma jora-da tapyndym. Soňam sözümiň dogrudygyny tassyk etjek bolýan ýaly, bir gezegem bile oýnamadyk, ýöne daşyndan tanaýan gyzlarymyzyň adyny tutdum:
-Gülşat, Zöhre, Ejeş...
Näzik gelneje maňa buýsanýan äheňde sözümi böldi:
-Tüweleme, sen-ä asyl akyllyja-da bolupsyň.
Başga wagt bolan bolsa men onuň içini ýakmak üçin”Sebäbi indi goňşularymyz gowy-da” diýerdim. Ýöne onuň ýanynda öňküden akylly bolup görünýänim üçin sesimi çykarmadym. Ony aldap oturanym üçin birjigem müýnürgemedim. Ulularyň gürrüňinden bir gezek “Aldamagy öwrenen günüňden ulalandygyňy biläý” ýaly degişmä salnyp aýdylan sözleri eşidipdim. Olar muny oýun edip aýtsalaram, oýna salnan hakykat ýaly. Iň bolmanda edil şol pursat-a ol maňa şeýleräk bolup göründi. –Men saňa galdyryp giden zadyňy bermek üçin çagyrdym. Şeý diýip, ol öňümde bir çäýnek çaý goýdy, soňam howlukmaçlyk bilen beýleki otaga geçip gitdi. Pursatsalymdan ol meniň nähili zat galdyryp biljegimi pikir edip oturmagyma jogap edip, fransuz aşpezleriniň ýokary gat jeneplaryna dabaraly ýagdaýda mejimä salnan nahar getirişi ýaly, galdyran zadymy elinde tutup durdy. Men haýran galmakdan ýaňa doňup galdym. Onuň elinde tutup duran zady maňa gaty gymmatdy. Ol kakamyň çagakam maňa sowgat eden misden hem alýuminden ýasalan, gyzyl, sary, ýaşyl sapaklar bilen işilen gül çemenidi. Gyzyl hem sary sapaklar bilen gülleri, ýaşyl sapaklar bilen bolsa ýapraklary işilendi. Ol şeýle bir ussatlyk bilen ýasalandy welin, daşyndan hakyky gülden zordan saýgardýardy. Men ol sowgady gaty gowy görsemem, çaga perwaýsyzlygyndan ýaňa başdaky görnüşini saklap galmak başartmady. Üstesine şol wagt ol öňküdenem beter ýemşeren, gülleriniň sapaklary çolaşan halda Näzik gelnejäniň elinde öýkeli hem hasam naýynjar bolup görünýärdi. Men köne garyndaşymy gören ýaly ýerimden böküp turdum. Güllere nebsagyryjylyk bilen seretdim. Näzik gelneje:
-Seniň bu zatjagazy gowy görýäniňi bilýärdim, onsoň ony aşakdaky ambarda oýnan wagtyň taşlap gidipsiňmi nämemi, ony Bilbil şol ýerden tapdy. Menem alyp ýygnap goýdum- diýdi. Men sowgat berlen gül çemeniniň dünýäde bardygy- ýokdugynam bireýýäm unudypdym. Ony, dogrudanam, ambarda oýun oýnan wagtymyz ýadymdan çykaran bolmaly. Aradan 2 ýyl wagtyň geçendigine seretmezden, Bilbil ony tötänlikde tapaýypdyr. Tozan siňip giden beýleki gerekmejek zatlar bilen ony zyňyp goýberseňem bolardy welin, Näzik gelneje beýtmändir. Ol meniň bu sowgada nähili begenip, ony goňşulara görkezmek üçin birme-bir aýlanyp çykanymy unutmadyk borly. Näme üçindir şol wagt men özümi onuň öňüde birhili müýnli duýdum. Hemişe ony halamandygym ýadyma düşende utandym. Maňa gymmat bolan şujagaz zady zyňman saklanlygy hem-de ony gowşurmagy özüne borç diýip, düşünen bu zenany ilkinji gezek özümiň hakyky goňşym hasapladym. Indi onuň töwerwginde ýaşamaýanlygymyzyň parhy ýok, ol barybir meniň goňşym bolmagynda galar. Adamlary birleşdirýän zat olaryň öýüniň ýakynlygy däl-de, biri-birine zerur bolan mukaddesligiň nämedigine düşünýänliginden gelip çykmaýarmy näme?
Men Näzik gelnejä minnetdarlyk bilen seretdim:
-Sag, bol, Näzik gelneje! Taňry ýalkasyn.
Ol meni synlap durşuna birinji gezek kanagatlanma duýgusy bilen başyny atdy.
-Joralaryňa görkezersiň. Biraz könerägem bolsa, entek köpleri haýran galdyrar bu zat. Menem Azada: “Şeýleräk bir zat sowgat edäýmeli çagalara” diýdim. Enteg-ä ýasalan zat ýok- diýip, ol göwünli-göwünsiz gülen boldy. Onuň göz-görtele gül çemenini magtajak bolýany bildirip durdy. Men myndan artyk gürrüň edip oturmaklygy artykmaç hasapladym-da, turmak bilen boldum. Gapydan çykjak bolup durşuma howlukmaçlyk bilen geýen köwşümiň burnuna seredip:
-Näzik gelneje, men täze öýe gaty kyn öwrenişdim- diýdim. Onuň ýüzünden bir zat aňlamak isledim. Ol gaşlaryny biraz ýokary galdyryp, makullaýjylyk bilen baş atdy.
-Köwşüňem öňkiň ýaly geýýärsiň. Men onuň gürrüňinden “Aýtmasaňam seniň öňki bolşuňdygyňy eýýäm bildim ” diýen ýaly sözleri aňladym.
-Maňa-da siziň ýokdugyňyza öwrenişmek kyn boldy. Kime gaharlanjagymam bilmedim-diýip ýylgyrdy. Men gapydan çykyp, yzymdan seredip duran Näzik gelnejä ýene bir gezek öwrülip:
-Joralarymam ýokdy- diýdim, soňam, göýä, maňa Näzik gelneje hakdaky ähli hakykaty açmak üçin unudylan ýaly bolup görnen gül çemenjigini görkezip:
-Oňa derek güller bar- diýip güldüm.
Bägül ATAÝEWA