Halyçy
Global suw krizisi...
4 minut alar
,,Üç essesi däli derýa,
Bir esse ýerde müň gowga.
Kim biler ki pany dünýä,
Ýa Reb, niçe ýaşyndadyr?!"
Magtymguly Pyragy
Dünýä ,,Mawy planeta" diýilmeginiň gowy sebäbi bar: Ýer planetasynyň hemmesi diýen ýaly suw bilen örtülendir.Şeýle-de bolsa, süýji suw çeşmeleri bu suw massasynyň bary-ýogy 2,5% -ini emele getirýär.Size az görünýän bolsa, üns beriň: Dünýädäki süýji suwuň 70% -i buz we gar massasy görnüşindäki buzluklarda bolýar. Bu elýeterli we ulanyp boljak süýji suwuň mukdaryny 1% -den hem azaldýar.Mysal üçin, planetadaky ähli suwlar bäş litrlik çüýşä guýulsa, biz adamlar we beýleki jandarlar üçin elýeterli süýji suwuň mukdary diňe bir nahar çemçesi bolar. Daşky gurşawyň hapalanmagy, onsuzam örän az mukdarly agyz suw çeşmelerini hapalap, peýdalanyp bolmajak ýagdaýa getirýär.
Tebigata berýän zyýany babatynda nebit sektoryndan soň ikinji orunda moda sektorynyň durýandygyny bilýärdiňizmi? Zäherli mata boýaglaryna, pagta meýdanlaryna we ýüňüň çeşmesi bolan goýunlara sarp edilýän suwuň mukdary (Derwüş belligi: diňe ýüňüni däl,etini hem, ylaýta-da, türkmenler bolup kellesinden toýnagyna,garnyna, içki organlaryna çenli halallap iýýänimiz üçin goýunlara sarp edilýän suwa minnetli däl-de, minnetdar nukdaýnazarda bolmak gerek) moda sektory pudagynyň diňe önümçilik işlewinde-de (proses) näderejede zyýan ýetirýändigini görkezýär. Diňe dokma (tekstil) galyndylary dünýädäki suw hapalanmagynyň 20% -ini emele getirýär. Diňe önümçilik tapgyrynda däl, eýsem zäherli boýaglar we agartmalar bilen taýýarlanan moda eşikleriňizi geýim ýuwujyda ýuwanyňyzda, bu zäherli himiki maddalar ýuwujy serişdeler we hapa suwlar bilen garylýar we bu zeý (hapa) suwlar tebigy suwlary hapalap, deňiz durmuşyna howp salýar.
Global derejede süýji suwlary arassalamak we bu ugurda maýa goýumlaryny goýmak, suw baýlyklaryny hapalaýan elementleri kesgitlemek we hapalanmagyň öňüni almak üçin düzgünleri we syýasatlary kesgitlemek, elbetde, esasy çözgüdimizdir. Şeýle-de bolsa, bu makalada aýratynlykda edip biljek zatlarymyza ünsi çekerin:
• Kir ýuwýan we gap-gaç ýuwýan maşynlary doldurmazdan işletmäň.
• Gap-gaçlary maşyna salmazdan ozal suwdan geçirmäň, çygly çotga bilen syrmak ýeterlikdir.
• Iýmit we dokma (tekstil) önümleri ýaly organiki kepillendirilen sarp ediş önümlerini saýlalyň.Organiki önümler suwy zäherlemeýär, sebäbi pestisidler we himiki dökünler ulanylmaýar.
• Suwuň syzýandygyna ýa-da ýokdugyna üns bereliň; damýan krantlar, suwy syzdyrýan turbalar we suwuň ryýa (isrip) bolmagyna sebäp bolýan sanitar-tehniki problema derrew abatlanmalydyr.
• Sarp edişde, esasanam dokma önümçiligine dahylly zatlary satyn alanymyzda minimalizmi durmuşa ornaşdyralyň. Az sarp etmek az hapalanmagy aňladýar.
• Dişlerimizi ýuwup, ellerimizi ýuwup, sakal syrylanda krantlary öçürmegi ahmal etmäliň, şeýlelikde adam başyna ýylda 20 tonnadan gowrak suw tygşytlap bileris.
• Hammamda (banýo) akýan suwuň temperaturasynyň üýtgemeginden gorkman, temperaturany sazlaýjy akylly krantlar gurup, suw isribiniň öňüni alyp bileris; Saçymyzy we bedenimizi köpürjikleşdirenimizde duşy öçüreliň.
• Geliň, haýwan önümlerini sarp etmegimizi iň az derejede saklalyň, hatda mümkin bolsa wegetarian bolalyň.
Çeşme: https://www.uplifers.com/kuresel-su-krizi-suyumuz-nereye-gidiyor-ve-onu-nasil-koruyabiliriz/amp/
Suwy aýawly peýdalanmak barada Derwüş Zenan bellikleri:
1.Krantdan bir bulgur suw dolduryp, ýarysyny içip, galan ýarysyny umywalnige dökme! ,,Özüni bilen - weli", aşgazanyny bilen hem şoňa meňzeş birzat diý-de, diňe içjegiňi al!
2. Wannany dolduryp, 10 minutlyk keýpi-sapa üçin, minus-plýus 30 litr suw dökmäň! Beýle etmeklik: zerur bolmaýan aktiwite üçin hem-ä tebigatyň süýji suwuny almak, hem-de tebigata şonça hapa suwy bagş etdigiňiz bolar...
3.Filmlerde gahrymanlar gamlanyp, kemsitmelere sezewar edilip, ýa-da geçmiş tragediýasy ýatlatdyrylyp, elýuwaryň başyna gelip, ýüzüni ýuwup, soňra özüni hiç haçan görmedik ýaly aýna bakyp durar, krant bolsa akyp durar. Şeýle edilende ,,gahryman öz duýgusyny çydap bolmajak şekilde çuňňur başdan geçirýär" atmosferasyny dörederler (özleriçe). Siz asla beýle körzehin kinorežissýor bolmaň!
4. Sakal syrylýarka; ýüze sabyn çalynýarka; diş çotkalanýarka; agyz pastadan durlanýarka krant öçük durmaly! Ädimme-ädim amal ediliş usuly: krantyň kellesine basaýmaly (ýa-da towlaýmaly). Kyn zat hem däl eken.
5. Duş mylaýym suwa sazlanýança suwy boş akdyrmaň! Munuň üçin ýörite bedre bolsun!
6. Çäýnekde, termosda, käsede sowap ga:lan çaýy ösümliklere, baglara döküň.
7. Derwezäňiziň daşyny şlanga çekip suwlamak sizi 'gentleman' / 'madam' görkezmez. A howlyny suwlamak bilen salkyn howa boljagyna ynanýan bolsaňyz, bu - Myralynyň tüňçäni o:tdan iki metr uzakda goýup, ,,Şu tüňçe gaýnasa köşge barjakdym, soltanym!" diýşi ýaly gara ýumor bolýar.
Adamzatda iň ýigrenýän häsiýet(-im?), iň ýigrendigim häsiýet: biparhlyk, jogapkärçiliksizlik, geleňsizlik. Heýkele Taňry diýip ynanýan adamy ýigrenmen, çünki (meniň ynanýan dinimiň nukdaýnazaryndan) ol diňe özüniň ahyrýetini ýakar. Emma geleňsiz, biparhlar bütin adamzada zyýanyny ýetirer, olar asla:,, Men ölenimden soňra-da Ýer planetasy aýlanmagyny dowam eder, tebigat we adamzat ýaşamaga dowam eder, geljekki nesillere zyýan edäýmäýin, döräp biljek krizis ummanyna damja bolup hyzmat edäýmäýin" diýip, howatyr etmezler. Olara ,,dünýäni sil alsa-da topukdan", dünýä çöle öwrülse-de piňine däl!
Asmanyň astynda, Ýeriň üstünde
Diňe biparhlardan eýmenişim besdir!
Kerim Gurbannepesow