Teswirler (19)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Dünýä zibilleri nirä gidýär?

4 minut alar

Ýygnalan zibil-zyňyndylar zibil senagat kärhanalaryna ýa-da zibil meýdançalara (poligonlara) äkidilýär.Senagat guramalary kagyz, aýna, karton we plastmassa ýaly gaýtadan ulanylýan galyndylary alýarlar.Zibil meýdançalaryna gidýänler hojalyk galyndylary, lukmançylyk galyndylary, howply galyndylar we ş.m. bölümlere bölünip, guramaçylykly gizlenilýär (свалка; landfill) ýa-da ýok edilýär.

Guramaçylykly ammar etme (düzenli depolama) -- hapalary jaýlamak işlewine (prosesine) aýdylýar.Çuň çukurlar gazylýar we zibiller bu çukurlara dökülýär hem-de topraga syzmazlygy üçin izolýasiýa edilen material bilen örtülýär.

Düýbünden ýok ediljek zibiller bolsa ýakylýar.Ýakylyp boljak zibiller tutaşdyrylýar we üstüne gaýta-gaýta zibiller guýlup ýakylýar.Zyýanly, howply galyndylary bolsa betondan ýasalan gurluşa (struktura) ýerleşdirip, deňziň düýbüne zyňylýar.

Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň köpüsi zibillerden energiýa öndürýär.Piroliz usuly bu amal üçin ulanylýar.Piroliz - hapalary howasyz gurşawda gysmak we ony kömre, suwuk ýangyja ýa-da gaza öwürmekdir. Şwesiýa bu işi şeýle bir gowy ýerine ýetirýär welin, ýurtda zibil ýoklugy sebäpli beýleki ýurtlardan zibil eksport edýär.

Ýurdumyzda zibilden energiýa öndürmek, gynansak-da ileri tutulýan usul däl.Bu ugurda edilmeli işler: zerur infrastrukturany* döretmek, maýa goýumlaryny köpeltmek we ekolog-inženeriniň ynsanlary bu iş bilen üpjün etmegi.

 İnfrastruktura - (jemgyýet bilimi adalgasy) Ykdysady esasda ulanylýan umumy düşünje, önümçilige gönükdirilen zähmeti we bilimleri, önümçilikde ulanylýan gurallary, önümçilik usullaryny we önümçilik gatnaşyklaryny öz içine alýar.

Çeşme:
https://www.google.com/url?sa=t&source=web&rct=j&opi=89978449&url=https://www.bilimgunlugu.com/kolayca-disari-attigimiz-coplere-ne-oluyor/&ved=2ahUKEwjyke-CirCCAxX0ExAIHZ03Dl4QFnoECCQQAQ&usg=AOvVaw298a4-FZq0QMdgo8tCSv5s

Her ýyl dünýäde 800 müň Olimpiýa basseýnini doldurjak derejede, 2 milliard tonnadan gowrak zibil öndürilýär.

ABŞ-da adam başyna düşýän gaty galyndylaryň mukdary, şol sanda plastmassa we azyk önümleri, global ortaçalygynyň üç essesi.
ABŞ zibili gaýtadan işlemekde pes statistika eýe.Ýurtdaky zibilleriň diňe 35%-i gaýtadan ulanylýar.Germaniýa 68% bilen zibili iň köp gaýtadan işleýän ýurt.

Bir amerikaly efiopiýalydan 7 esse köp zibil öndürýär.
Bu maglumatlar bütindünýä töwekgelçilik derňewini (Global risk analyses) geçirýän ,,Verisk Maplecroft" atly bir kompaniýa degişlidir.
Indeks boýunça her ýyl dünýäde 2,1 milliard tonna zibil öndürilýär we diňe 16%-i gaýtadan ulanylýar.Zibiliň 46%-i gaýtadan ulanyp bolmajak görnüşde zyňylýar.

Hytaý bilen Hindistanyň umumy ilaty dünýä ilatynyň 36%-ini tutýar.Iki ýurduň öndürýän hapalarynyň umumy mukdary 27%.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir adam her ýyl ortaça 773 kilogram zibil öndürýär.

Şoňa görä-de, bir amerikan tarapyndan öndürilen zibil mukdary hytaýlydan 3 esse, efiopiýalydan 7 esse köp.

Dünýädäki hapalaryň 12%-ine diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlary jogapkärdir.  Dünýäde gaýtadan işlemek kuwwatyndan has köp zibil öndürýän ýeke-täk baý ýurt ABŞ.

Kompaniýa muny ABŞ-daky syýasy erk (eden etdilik) we infrastruktura bilen baglanyşdyrýar.

'Aziýa ýurtlary indi dünýäniň zibilhanasy bolmak islemeýärler'
"Verisk Maplecroft" -yň daşky gurşaw boýunça gözleg bölüminiň başlygy Will Nikols: "Gözlegleriň hemmesi ABŞ-nyň zibili gaýtadan işlemäge ünsi jemlemeýändigini görkezýär.Indi Hytaý zibil importyny ýatyranlygy sebäpli aşa köp zibil ýakylýar we meseläni çözmäge maýa goýum edilenok".

Hytaýyň, Taýlandyň, Wýetnamyň we Malaýziýanyň hapa importyny gadagan etmek (bes etmek) baradaky kararlary global dinamikany üýtgedýär.

Zibil meselesi Filippinler bilen Kanadanyň arasynda dartgynlyga sebäp boldy.  Filippinler gämi bilen 69 konteýner zibili Kanada'nyň özüne,yzyna iberdi.

Will Nikols: "Aziýa ýurtlary mundan beýläk dünýäniň zibilhanasy bolmak islemeýändiklerini aýdýarlar" diýdi.

Çeşme:  https://www.bbc.com/turkce/haberler-dunya-48851661

,,Ýedinji materik..."
Ynsan eli bilen emele gelen we barlygy materigiň ululygyna ýeten dünýäde ýedinji materik hökmünde häsiýetlendirilýän plastikleriň toplanan gurşawy.

Bu ýeriň barlygyny ilkinji gezek 1997-nji ýylda gämi kapitany Çarlz Mur görüpdi.  (Açylan diýmek islämok, sebäbi bu hemişe bar bolan ýer däldi, biz ony döretdik.) Mur gaýyk bilen Gawaýide geçirilen ýaryşdan gaýdyp gelýärdi we Ekipa withy bilen Kaliforniýa tarap barýarka, Demirgazyk Ýuwaş umman aýlawynda ýerleşýän, hiç kimiň bardygyny bilmeýän täze materigini görendirin diýip pikir etdi.Mur soňra şol pursaty şeýle suratlandyrdy: “Öňümde gözýetime çenli uzap gidýärdi.Soňky bir hepde bäri sebitde zibilden başga zat görmedim.Haýran galýan, bu ýerleri elmydama el degmedik umman bolmalydy ahbeti..."Gözlegçiler ýaly, toparyň biri Curtis Ebbesmeyer bu sebiti ,,Uly Ýuwaş ummany zibili" diýip atlandyrdy.
 1997-nji ýyldygyny göz öňüne getiriň we birnäçe hepde dowam edýän plastik adalar bilen syýahat edýärler.Şol döwürde dünýä ilaty 5,8 milliarddy, a häzir 8 milliard.
  Hasaplamalara görä, her ýyl derýalardan 1,15-den 2,41 million tonna plastikler ummana düşýär. Bu plastikleriň ýarysyndan gowragy suwuň  dykyzlygyndan az we ýüzýärler. Belki, bu ýüzýän plastikleri aýyrmaga umyt bar, ýöne hakyky gorkunç zat mikroplastika.Olary ýygnamagyň usuly ýok we olar ähli ulgamlara çümýär, olar diňe bir ummanlarda ýaşamak bilen çäklenmän, aklymyza gelmejek ähli ýerdedirler.

Bu meýdanyň çak edilýän ululygy 3,4 million inedördül kilometre barabardyr.Bu meýdan 5 sany Türkiýäniň ýerüsti meýdanyna deňdir.
Elbetde, bu ugur hemişelik däl.Pes dykyzlygy bolan plastikler yzygiderli ýüzüp, süýşýärler.Meýdany emele getirýän plastmassalaryň köpüsi gaty polietilenlerden (PE), polipropilenlerden (PP) we taşlanan balyk tutujy enjamlardan (esasanam torlar we ýüpler) durýar.

Çeşme: https://eksiseyler.com/amp/yedinci-kita-olarak-bilinen-plastik-birikim-noktasi-buyuk-pasifik-cop-alani 

 

156 |
|