Gämi
12 minut alar
Gämi
(hekaýa)
- Ýeri bolýar, bar seniň diýeniň bolsun! – diýip, gözi gülüp duran orta boýly adam elini uzatdy. Onuň samyr derisinden tikilen gara telpegi göwräniň öňki tabyndan duýdansyz üýtgemegine garaşman, bir gapdala agyp gitdi. Orta boýly erkek adamyň her ýerräkde agaryp görünýän ýalpyldawuk gara saçlary Güne öwşün atýardy. Rus dilinde gürleýän bolsa-da, gülüp duran gyýk gözlerinden çen tutup, onuň bilen ylalaşjagyny aňýan Hudaýberdi aga zol – zoldan şo gözlere seredýärdi. Onuň gülüp duran gyýk gözleri nähilidir bir garyndaşlygy tapjak bolup azara galýan Hudaýberdi balykçy üçin gowy çykalgady. Hudaýberdi aga orta boýly adamyň gözlerine rus diline üzlem – saplam düşünýäni üçinem seredýärdi. Bu jelegaýlarda, adatça, adam gürlände, gözüne bakylardy. Bu, aýratynam, garşydaşynyň diline düşünmeýän jemende üçin şeýledi. Olar dil bilen düşünmeýän zatlaryny gözden okaýjak bolýardylar. Hudaýberdi aga garşysyndaky adamyň diline düşünmese-de, näme diýse başyny atýardy. Häzir onuň düşünäýjek sözlerini aýtjak ýaly, gözlerine umyt bilen bakýardy. Orta boýly adam gülüp duran gyýk gözlerini süzüp, gaşyny ýokary galdyrdy. Hudaýberdi aga-da gysymyndaky ak ýaglygy çözüp, howlukmaçlyk bilen onuň içindäki teňňeleri sanamaga başlady. Ol şeýdip sanalýanyny öňki gelen söwdagärlerden görüpdi. Näçeräk gymmatynyň bardygyny bilmese-de, göwrümi ulurak teňňeleriň gymmat bolýandygyny, göwrümi kiçi teňňeleriň bolsa arzan bolýandygyny belläpdi. Oňa şonda söwda etjek bolsaň, iň gowusy, puldan baş çykarmakdygyny, ýogsam, başa – baş çalyşýan zatlaryň bilen aňry gitse, diňe günemaňy dolap boljakdygyny aýdypdylar. Hudaýberdi aga şol günden soň köp pikirlenip gezdi. Oňa indi tüçjar täjir bolardan giçdi. Şu çaka çenli diňe balykçylyk bilen gününi gören adam diňe deňziň şeýle baý hem giň bolup bilýändigi bilen ylalaşypdy. Ol soňky döwürlerde has ýygjamlaşýan gämi gatnawlarynyň arasyndaky söwda – satyklara-da wagty bilen üns bermändi. Deňziň özi ýaly asuda durmuşy bilen ýaşansoň, ol haçanam bolsa birwagt başgaça bolar diýen pikir etmändi. Ýöne durmuş garaşmadyk wagtyňda garaşmadyk ýeriňden üýtgeýär. Günleriň bir güni ol daş – töweregindäki gaý-da – gaýmalaşyga üns berdi. Nämeleriň bolup geçýändigini sorady. Ak patyşanyň ýurdundan gelýän täjirleriň gün geçdigiçe sanynyň artýandygyny, olaryň ähli zat bilen gyzyklanýandygyny bir balykçy dosty gürrüň berdi. Elbetde, ol balykçy geplemsek däldi. Ýöne Hudaýberdi aga hemmesine sözsüzem düşündi. Düşündi-de, ýene öňki durmuşy bilen boluberdi. Gämi duralgasyna baryp görmek pikiri bolsa, kem – kemden möwjeýän tolkunlar ýaly Hudaýberdi agany ine – gana ýaşamaga, öňküsi ýaly balyk tutmaga goýmady. Ol deňziň asuda durmuşyny gämi duralgasyndaky söwda- satyk bazaryna çalyşdy-da, ýuwaşjadan onuň içini öwrenip başlady. Bu adamlaryň köpüsine söwdagär diýer ýaly däldi. Hudaýberdi aga ilkibadalar olaryň dürli – dürlüdigine düşünibilmedi. Olaryň içinde onuň üçin ýat bolup görünýän adamlar diýseň kändi. Olaryň eginbaşlarydyr başgaplaryndan başlap, geýýän köwüşlerine çenli üýtgeşikdi. Olaryň her biri başga dilde gürleýärdi. Hersi öz küýi, aladasy bilen başagaýdy. Şo sebäpden Hudaýberdi aga wagty bilen olara garyşybilmedi. Şol alynmadyk myhman ýaly aýlandy ýördi. Günleriň bir güni ýaşyl gözli, agajet erkek adam ondan gämä çelekleri mündürişmegi sorap ýüz tutdy. Ol gara nebitden doly alabeder çeleklere tarap ümledi-de, iki eli bilen çelek göterýän terzde biraz aşak egildi. Soňundan kellesi bilen gämini görkezdi-de: “help” diýdi. Hudaýberdi aga onuň tüýs özüne tikilen ýaly, japlaşyp duran penjegine, penjeginiň manžetindäki ak iliklere üns berdi. Ol bu jenabyň baý adamdygyna şobada düşündi. Onuň her bir eginbaşy sünnälik bilen tikilendi. Ýöne Hudaýberdi aganyň ähli baý adamlary synlap ýörmäge islegi ýokdy. Diňe şu jenabyňky ýaly gözüňe dürtülip duran manžetli gollar bolaýmasa, onuň ýöriteläp seredenem ýokdy. Synlap ýörmäninde-de, görýän zatlaryndan ýaňa başy çaşyp gider öýdýärdi. Diňe birnäçe gezeklerden soň onuň ymykly öwrenşip başlan zatlary peýda bolup ugrady. Şolaryň ilkinjileriniň biri bolsa, nebitden doldurylan alabeder çeleklerdi. Başga-da bu ýerde söwda – satyga degişli matalardyr ýüň önümleri hem bardy. Adamlar çelekleriň gämä müneninden soň başga ykbalynyň bolýandygyny gürrüň edipdiler. Satyn alyjylar olaryň agzynyň daňylyşyna nägilelik bildirýärdiler. Düýe bilen çekilýän çelekleriň agzyndan köp nebit dökülýärdi. Ýönekeý balykçy bolandygy sebäpli, Hudaýberdi aga başdalar näme etjegini bilmedi. Sebäbi balyk we balyk önümleri bu jelegaýyň myhmanlaryny o diýen gyzyklandyrmaýardy. Olar negada bir düşýän saýlantgy semiz balyklary-da, gymmatbahaly seýrek balyklary-da aram – aram diýlen bahadan alyp durmaýardylar. Ýok, şowlaýan wagtlaram bolýardy, elbetde. Ýöne wagt geçdigiçe, şowlamasy kyn bolup başlady diýmeseň. “Biten ýerinde gadyry ýok” diýlişi ýaly, sadagasy gitdigim, gök deňziň Hudaýberdi aga elýeterli bolan balyklary söwda- satyk bilen alyşybermedi. Şonda ol uzak pikirlenip, ýeke ogly Ahmedi şol gämiler bilen uzaga ibermegi ýüregine düwdi. Ol: “Gäminiň daşynda bolanyňdan, içinde bolanyň gowy” – diýip pikir edýärdi. Söwda ýarar ýaly zatlary bolmasa-da, Ahmediň gämide gullukçy bolup işlemegini meýilleşdirýärdi. Gämä ýükleşen nebitli çelekleri üçin alan teňňelerini hiç zada çalyşman saklaýardy. Ahmediň söwda öwrenip, tüçjar täjir boljak günlerine garaşýardy. Ol edil uly deňziň içinde peýda bolan kaşaň gäminiň penjekleri lowurdap duran alyjenaby ýaly bolup yzyna dolanmalydy. Hudaýberdi aganyň Ahmede göwni ýetýärdi. Ol örän üşüklidi. Edil kakasy deýin diýjegiňi – goýjagyňy gözden aňlaýardy. Nämäniň – nämedigine ýarym sözden düşünýärdi. Şonuň üçin dil öwrenmegi başarjakdy. Kim bilýär, onuň gämide dilmaç bolup işlemegem mümkin ahyryn. Ahmede bir zat öwredibilseň, bes, ol aňryýany bilen ýerine ýetirýär. Ine, şo sebäpden Hudaýberdi aga orta boýly gyýk gözli adamdan Ahmedi ýany bilen alyp gitmegini haýyş edýärdi. Oňa gämide kömekçi boljakdygyny, barjak şäherlerinde hyzmata ýarajakdygyny, onuň şu wagt diňe ýol öwrenýändigini elleri bilen düşündirjek bolup jan edýärdi. Içinden bolsa, birin – birin Ahmede beren tabşyryklaryny gaýtalaýardy. Ahmet gämi bilen gitmeli, gäminiň içini, şeýle hem gaýry ýurtlularyň dilini öwrenmelidi. “Olar pul bilen nebiti gowy görýär” – diýip, Hudaýberdi aga ogluna zol ýatladyp durdy. Diýenlerine “däl” diýmezligi, diýenedijiligiň özüne bähbitli boljakdygyny gaýtalap – gaýtalap aýtdy. Umuman, diýenedijilik babatda Hudaýberdi aganyň ýasy ýany ýerdedi. Ahmet örän ýuwaş oglandy. Hyzmata gaýym, diýlene taýyn, nesibesine kaýyldy. Hudaýberdi aga oglundan köp zada garaşýardy. Eger Ahmet gämi bilen çet ýurtlara gidip gelse, söwdanyň abyny – tabyny alaýjak ýalydy. Hudaýberdi aga köpden bäri ýönekeý balyk söwdasy bilen munça baýlyk toplap bolmajakdygyny pikirlenýärdi. Ol mata – marlyga, ýüňe we haly önümlerine, iň esasysy bolsa, nebit söwdasyna göz gyzdyrýardy. Arman, nebitiň tapylyşyndanam beter satylyşy garaňky bolmagynda galýardy. Bu söwda çem geleniň burnuny sokmagyna ýol berenokdylar. Hatda, pajygaly gutaran ýerlerem bolupdy. Hudaýberdi aga şonda ýönekeý balykçy bolup doglandygy üçin Hudaýa müň keren şükür edipdi. Ýöne barybir isleg islegligine galdy. Ol ýeke ogly Ahmedi deňziň mysapyr güni bilen ýaşatmakçy däldi. Sebäbi ymykly “Haçanam bolsa birwagt töwekgellik etmeli, nesibäňi barlap görmeli” diýen netijä gelipdi.
- Onda ... indi haçan ugrarkaňyz?- diýip, Hudaýberdi aga deňiz tarapa ümläp, egnini gysybrak sorady. Sebäp ýok ýerden ýylgyrjak ýaly etdi. Gyýk gözli adam teňňeleri sanap durşuna, öz dilinde “Bolar, bolar” – diýip gaýtalady. Onuň puly sanap bolaryna demini alman diýen ýaly garaşan Hudaýberdi aganyň ýüregi çalt – çaltdan urdy. Gyýk gözli adam teňňeleri sanap bolansoň, şujagaz pul üçinem Ahmedi alyp gitmäge razy bolandygyny, bularyň ählisini bolsa nebsagryjylykdan edýändigini bakyşy bilen düşündirdi. Bu bolşuna hasam howy basylan Hudaýberdi aga içinden bilýän dogalaryny gaýtalap, gyýk gözlüniň ýüregine rehim – şepagat inmegini dileg etdi. Dileg edişi ýaly hem boldy. Gyýk gözli “Bar, gelsin” diýýän terzde goluny salgady. Şobada hol beýleräkde çugutdyryp duran ýigdekçe torbasyny egninden asyp ylgap geldi. Hudaýberdi aga ony gyýk gözlä görkezmek üçin öňüne geçirdi. Gyýk gözli gara gözleri ot ýaly lowurdap duran bu ýigdekçä seredip ýylgyrdy. Ahmediň egninde ak ezýaka köýnegi, başynda deňiz balykçylarynyň heran – haçan geýýän şapkasy bardy. Şapkanyň iki gyrasy garalyp, depesi tümmerip durdy. Eşikleri köneliginden ýaňa ýukady. Olaryň bir ýa iki gezek ýuwulman, köp suwlary başdan geçirendigi holpuklygyndan bildirýärdi, köýneginden diňe süňk bolup duran eginleri görünýärdi. Şeýle bolsa-da, gyýk gözlüniň oňa göwni ýetdi. Ol Ahmediň ot ýaly lowurdaýan gözlerinden çen tutup, bu ýigdekçäniň çalasyndygyny, gämide çakgan kömekçiniň gerek boljakdygyny pikirlendi. “Yzym bilen” diýýän ýaly, başyny atyp, ýoly görkezdi. Soňundan elindäki iki sany horjunyň birini uzatdy. Uzatmanka bolsa, haýsysynyň nähili agyrlykdadygyny biljek bolýan ýaly saldarlap gördi. Ahmet uzadylan horjuny kaýyllyk bilen götermänkä, Hudaýberdi aganyň eli egnine gondy. Ýigdekçe yzyna öwrülip, kakasyny garsa gujaklady. Bu şeýlebir duýdansyz ýagdaýda amala aşdy welin, olaryň ikisem näme diýjeklerini bilmän, birek – biregi bagryna basyp durdular. Ahmediň egnindäki çaklaňja horjun ataly ogluň tarpa gujaklaşmasyna tap getiribilmän, aşak sallandy. Şonda horjunyň bir gyrasyndan ýol üçin salnan elim ýaly zagaranyň ujy görnüp gitdi. Aslynda-da, horjunda hiç zat ýokdy. Ondan birlaý çalşyrgyç eşig-ä däl, gündelik iýmite degişli zatlaram tapyp boljak däldi. Şu iki sany zagaranam ejesi: “Nan ýanyňa ýoldaş bolar” – diýip, halys goýmansoň alypdy. Ýöne horjunyň düýbünde süýri bir zadyň bardygy göze dürtülip durdy. Ol horjundan çykaýjak bolýan ýaly, direnip ýatyrdy. Başagaýlyk bilen Hudaýberdi aga onuň nämedigini sorap bilmedi. Ýaşaran gözlerini sylyp durşuna bir: “Ýoluň ak bolsun, ogul” – diýip ýetişdi. Ahmet gyýk gözlüniň horjunynam egnine atyp, yzyndan ýetmek üçin ylgaşlap gitdi.
Şäherde Çeleken obalaryndaky ýaly gara öýler ýok ekeni. Ähli ýerde diýen ýaly pessejik ak tamlar gurlandy. Ahmet bu jaýlaryň olar balyk tutmak bilen başagaýka salnandygyny çak etdi. Asyl olar balyk tutup ýörkäler, giden bir şäher meýdançasy emele geläýen bolsa näme?! Gyýk gözli şo jaýlaryň birini görkezip, öz dilinde bir zatlar diýişdirdi. Ol arasynda yzyna öwrülip, Ahmede habar gatan bolýardy. Ahmediň näme üçindir gyýk gözli bilen gabatlaşasy gelmän, ol yzyna öwrülen badyna, derrew onuň dyz boýy ýaldyrap duran ädiklerine göz aýlaýardy. Bolsa-da, gyýk gözli adam ak tamlaryň birine-de sowulmady. Ahmet şol ak tamlaryň bulam – bujar hataryny gözi bilen yzarlaýşyna dagyň etegine baryp ýetdi. Bu jaýlar örän ýanaşyk gurlansoň, nätanyş adamlara çylşyrymly bolup görünýärdi. Gyýk gözli uly köçäniň göni deňze çykýan ýerinden gönüledi-de, birnäçe taýmyldyr nawlaryň, kiçiräk gämileriň üýşüp duran kenar bölegine bardy.
Ahmet deňiz kenarynda irkiljiräp duran kulasdan başlap, dommaldyr läkemeleri tanady. Bularyň käbiri öň gören gaýyklarydy. Betonyň gutaryp, agaç düşelgäniň başlanýan ýerinde gyýk gözli yzyna öwrüldi-de, Ahmede “Dur” diýen yşarat etdi. Soňundan göwresiniň agramyna käte bir aşak çökjek ýaly jygyldaýan agaç tagtalary tapyrdadyp, iki sany gullukçy eşigindäki adamlaryň ýanyna bardy. Gyýk gözli olar bilen uzak gürrüň etdi. Gullukçylaryň ikisiniň hem deňze bakyp durandygy sebäpli, Ahmet olaryň ýüzüni görübilmedi. Ýöne ol gullukçylary kesesinden synlap, olaryň biriniň iki çekgesi bakin bolup duran harby serkerdedigini çak etdi. Gullukçynyň arkasyny dik saklap durşy hem onuň harby adamdygy baradaky pikiri tassyklaýardy. Ahmediň olardan ünsüni sowasy gelip, edil şu pursat özüne mähriban enesi deýin bolup görünýän deňzi synlady. Deňiz örän asuda ýatyr. Onuň aňyrsynda nämälim dünýä bolmaly. Ahmet ol ýerdäki adamlar hakynda hiç bir zady bilenok, ýöne ol arkaýyn. Edil deňiz ýaly parahat, sebäbi Ahmet üçin tapauwdy ýok. Kakasy şeýle karara geldimi, diýmek, Ahmet ony hökman ýerine ýetiräýmeli. Bolmanda-da, haýsy bir zady onuň özünden sorap gördüler?! Ol, hatda, öz erkiňe ýaşamagyň nämediginem bilenok ahyryn. Ol ömürboýy şeýle bolmalydyr öýdýär. Ýaş wagtynda ulular onuň näme etmelidigini aýdar, garran wagty bolsa, onuň özi ýaşlara maslahat berer. Ykbalyňy üýtgetjek ýüzüşe gitmezden ozalam Ahmediň kellesinde şeýleräk pikirler at çapýardy. Edil deňziň uzakdaky tolkunlary ýaly, biri – biri bilen gezekleşip aýlanýardy. Ahmediň deňzi ölçejek bolup, gözüni gözýetime gönükdirişine, öýi ýadyna düşüp, ýüregi gysjak boldy.
Gyýk gözli adam birhaýukdan “Gel!” – diýip, elini bulaýlady. Oňa çenli iki gullukçy başga tarapa ýörediler. Horjuny goltugyna gysdyryp, ylgap gelýän Ahmet agaç tagtalaryň üstünde ýüzýän ýalydy. Gyýk gözli oňa gyşarybrak duran üçburç ýelkenli gämini görkezdi-de, horjunlaryndan daşary iki gullukçynyň getiren ýüklerini hem Ahmede daşatdy. Özi bolsa bir gyrada çilim çekip durşuna, gök deňizden gözüni aýranokdy. Şybygyny uzyn tütedip, elini bykynyna diräp durşuna, onuň öňki keýpiniň ýokdugy bildirýärdi. Gullukçylardan biri Ahmede nebitli çelekleri ýüklemäge kömekleşdi. Çelekler gaty gymmat bolmaly, sebäbi gullukçy olara seresaply çemeleşýärdi, Ahmede nireden nädip tutmalydygyny öwredýärdi. Öňdenem aladaly bolanyndanmy ýa uzak günüň açlygyndanmy Ahmediň ýüregi bulandy. Ol basymrak nebitli çelekleri ýüklemäge we gämi bilen uzaklara ýüzüp gitmäge howlukdy. Ýene-de alty sany adam bulara goşuldy. Olar öňden garaşylan myhmanlar ýaly, arkaýynlyk bilen gämä münýärdiler. Ahmet bir gyra çekilip, gyýk gözlüniň gelerine garaşdy. Onuň üstünden nebitiň ysy gelýärdi. Gyýk gözli howlukmaçlyk bilen Ahmediň ýanyna geldi-de, iki elinem döşüne tutup:
- Gaty görme, körpe – diýdi. Soňundan rusçalap – Gäminiň eýeleri seni alyp gitmäge razy bolanok. Olar kömekçi gerek däl diýýärler. O taýda – biziň barjak ýerimizde kömekçi kän diýýärler. Ol uly söwda gämisi. Şu ýükler şoňa, düşündiň? Beýle gämiler seýrek gelýär. Tüssesem, ynha, şunça bar, asmana ýetýär. Bakuwa gidýärler öýdýän, meniň pikirimçe. Bular zat aýdýarlarmy näme? Men Astrahana gidýän bolsa-da, seni alyp giderdim. Ýöne gämi meniňki däl, düşdi? Gämi meniňki däl, bolýarmy? Sen gaty görme, bagyşla – diýip, Ahmediň egnine elini goýdy-da, tizräk gämä münmäge gyssandy. Ahmet rus diline düşünmese-de, gyýk gözlüniň sözünden dänendigine, özüni hiç ýere alyp gitmejekdigine düşündi. Näme etjegini bilmän, iki tarapyna seredişine, gäminiň üstündäkilerden haraý gözledi. Ýöne olar gämidäki ýüklere bellik etmek bilen başagaýdylar. Edil hoza üýşen garynjalar ýaly, çelekleriň daşynda aýlanşyp ýördüler. Ahmet duran ýerinden gymyldabilmän, tä gyýk gözlüniň garasy ýitýänçä garaşdy. Ol şo pursat gök deňziň tolkunlarynyň möwjäp, gämini we onuň içindäki adamlary ýuwutmagyny isledi. Gyýk gözlüniň samyr derisinden tikilen telpegine ýapyşjak bolup, deňiz tolkunlaryna gömlüp galan pursaty göz öňüne geldi durdy. Birden ýadyna düşen ýaly, Ahmet birki ädimden saklanyp, yzyna öwrüldi-de, aýgytlylyk bilen gämä mündi. Şonda gyýk gözlüniň hiç ýere gitmändigini, ýöne onuň arasynda aşak eglip, ýükleri barlaýandygyny gördi. Gyýk gözli bolsa Ahmediň gämä münenini görmedik boldy. Ahmet bir zadyny gözleýän adamyň keşbinde aşak eglip, kem – kemden gäminiň bogaldagyna ýakynlaşdy. Şo çaka çenli ol eýýäm belli bir karara gelipdi. Ahmet horjunyndaky süýri zady assyrynlyk bilen çykardy-da, güýjünde baryny edip, gäminiň agaç diwaryna sançdy. 15 sm uzynlykdaky ýiti hanjar kütek ses bilen esli göwresini yzda galdyryp, öl tagtalaryň arasyna goşuldy. Ahmet egnaşyr gözüni aýlanda, oňa henizem hiç kimiň üns bermeýändigini gördi. Gyýk gözli bolsa bilgeşlän Ahmet tarapa seredenokdy. Ýigdekçäniň ikinji zarbasynda agaç diwarda oýuk emele geldi. şo ýeriniň gowşanyny aňan Ahmet, ýene çaltlyk bilen hanjary sançdy. Hanjar petik bir ýere baryp diränsoň, Ahmet ony aşak – ýokaryk towlamaga başlady. Hanjary wagty bilen yzyna çykaryp bilmejekdigine düşünensoň, üns çekäýmäýin diýen gorky bilen ýerinden galdy. Keleteniň demir halkasy edil depesinde togalak ýer şary ýaly bolup durdy. Ondan gök asmanyň aýdyň ýüzi görünýärdi. Ahmet aşak egilibräk, dyzlary bilen aralygy ýapdy-da, hanjary dözüm bilen yzyna çekdi. Ony gämi bilen ugradyp goýbermek islemänsoň şeýtdi. Bolmasa, hanjar dürtülgi wagtynda-da, gämiden suw geçjekdigi ikuçsuzdy. Sebäbi suw ujypsyz deşikdenem syzyp çykýar ahyryn. Onuň hanjar horjuna girensoň, emele gelen deşikden deňzi göresi geldi, ýöne deňiz entek aşakdady. Ahmet deşikden girjek suwuň birbada ýukajyk diwar ýaly ýaýrap, soňundan edil girdap ýaly goýnuna dolap aljakdygyny bilýärdi. Ol ýeňillik bilen dem aldy-da, aryny haklan adamyň rahatlygy bilen gämiden düşdi. “Kasasy kyýamata goýýan däldir türkmen” – diýip, gaýtalaýan garry atasynyň hordan inçemik göwresi göz öňünde janlanyp, oňa gök deňziň göz ýetmez giňişligini salgy berýärdi. Sandyr – sandyr edýän gollary bilen hak iýmezligi we hak iýdirmezligi tutulan balyklaryň agramynda görkezýän garry atasy Ahmediň kakasyndanam gowy görýän adamsydy. Ol edil deňziň garry we adalatly ruhy ýaly, ýüreginde ýaşaýardy. Ýigdekçe şundan başga dogry çykalgany görmedi. Onuň pikiriçe, şeýle bolmalydy. Ähli zatlar öz jogabyny almalydy. Ol başgaça bolar ýa-da bolup bilýändir diýen pikirlerden daşdady. Agaç tagtalaryň üstünde ýüzüp barşyna, Ahmet egnaşyr gämä seretdi. Şo pursat gyýk gözlä gözi düşüp, tarpa saklandy-da, “Hoş gal” diýýän terzde elini bulady. Gämiden daşlaşdygyça, gyýk gözli adam oňa nokat ýaly bolup göründi.
Bägül ATAÝEWA