Eýfel diñi
1 minut alar
135 ýyl mundan ozal, 1889-njy ýylyň 31-nji martynda Parižde Eýfel diňiniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün diňiň dizaýneri Gustaw Eýfel diñiñ ýokarsyna fransuz baýdagyny dikdi. Aşakda Fransiýanyň nyşany we Parižiň iň özüne çekiji ýerlerinden biri hasaplanýan Eýfel diňi barada maglumatlary hödürleýäris.
- 1889-njy ýylda açylan Eýfel diňi şol döwürde dünýäniň iň beýik gurluşy hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, 1930-njy ýyla çenli Nýu-Yorkdaky “Chrysler” kompaniýasynyň 320 metrlik binasy Eýfel diňinden öňe geçdi.
- Häzirki wagtda bu diň Fransiýanyň iň beýik bäşinji binasydyr.
- Ilkinji garaýyşda, Eýfel diňi birmeňzeş reňkde görünýär. Aslynda enjam 3 dürli reňk bilen boýaldy. Minaranyň düýbi garaňky, ýokarsy bolsa iň açyk reňkde.
- Minarany her ýedi ýylda boýamak üçin 60 tonna boýag ulanylýar.
- Dünýäniň dürli künjeklerinde Eýfel diňiniň kiçijik nusgalary bar: Amerikanyň Las Wegas, Hytaýyň Guanžou we Şençen, Rumyniýanyň Slobozi, şeýle hem Kopengagen (Daniýa), Warna (Bolgariýa), Aktau (Gazagystan) we ş.m.
AKYÝEWA Gülnur
TOHI-niñ Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Gidromeliorasiýa hünäriniñ 2-nji ýyl talyby