"Ertiri pikir et, geçmiş üýtgedilmeýär"
1 minut alar
Konfüçus - b.e.öň 551 - b.e.öň 479 - njy ýyllar araalygynda ýaşap geçen hytaý filosofy, mugallym we ýazyjydyr. Onuň aýdan sözleriniň her biriniň uly manysynyň bardygy we dünýä halklarynyň köpüsiniň has uly gyzyklanma bilen garaýandygyny göz öňüne tutup, häzire çenli türkmen çeşmelerinde gabat gelmedigim üçin türkmen diline terjime edip köplere ýetirmek isledim.
- "Saglygy ýerinde bolan adam müň zat islär, hassa adam bolsa diňe bir zat"
- "Eger-de yzyňyzdan gürrüňiňiz edilýän bolsa, onda siz olardan öňdesiňizdir"
- "Ähli jogaplary bilýändigi barada pikir eden adama, ähli soraglarlar soralmadykdyr"
- "Sorag soraýan adam bir pursatlygyna akmakdyr, hiç sorag soramaýan adam bolsa ömür boýy"
- "Diýmek isleýän zadyň sessizlikden has gymmatlydygyna göz ýetirmeden agzyňy açma"
- "Halaýan işiňizi edýän bolsaňyz bir gün hem işledigiňiz hasaplanmaz"
- "Bir kişä bir käse bürünç berseň ony diňe bir günligine açlykdan halas edersiň. Oňa bürünjiň nädip ýetişdirmelidigini öwretseň, onuň durmuşyny halas edersiň"
- "Durmasaň bolýa, nä derejede haýal gitýändigiň tapawudy ýokdur"
- "Hakyky maglumat, bilýänlerimizi bilmedigimizi bilmek we bilmeýänlerimizi bilmedigimizi bilmekdir"
- "Otagdaky iň akylly adam sen bolsaň, diýmek sen ýalňyş otagda"
- "Dagy ýerinden üýtgeden adam, kiçi daşlary götermek bilen başlar"
- "Iň wäşi adamlar, iň gamgynlardyr"
- "Ar alyş üçin ýola çykmaçy bolsaň, özüň üçin hem bir mazar gaz"
- "Ynjynmalary unut, ýagşylyklary asla unutma"
- "Ertiri pikir et, geçmiş üýtgedilmeýär"