Erteki
10 minut alar
ERTEKI
(HEKAÝA)
Olaryň ýaşaýan öýleri ikigatly jaýlaryň birinji gatynyň iň çetinde ýerleşýärdi. Men hemişe o jaýy bir gyrasyndan döwüljek bolup duran dörtburç çörege meňzedýärdim. Oturyşy boýunça ol şeýle duýgulary oýarýardy; eger-de, şo ýerdäki jaýlary bir enäniň alty sany gyzy diýip hasap etseň, onda iň eleşany, megerem, şo çetki jaý bolardy, eger-de, yzly – yzyna tirkelen otly diýip hasap etseň, onda bölünjek – bölünjek bolup duran tirkegi şo jaýa meňzärdi. Jaýyň iki sany penjiresiniň biri öňünde gerekmejek goş – golamlaryň üýşürilip goýlandygy üçin hemişe garalyp durdy, beýlekisi bolsa, nahar iýilýän otagdaky penjire bolany sebäpli ýagtydy. Birinji penjiräniň öňi üçege çenli tutuşlygyna goş – golam bolup duransoň, oňa tuty tutmak zerurlygy ýokdy, ikinji penjiräniň öňünde bolsa tuta derek ap-ak mata galgaýardy. Jaýyň gapysy insizdi, boýy uzynrak adamlar gapydan kellelerini eglibräk girýärdiler. Men çagakam ol jaýa köp baryp görüpdim, şo wagtlarda-da jaýyň suratyny bir gözi açyk, bir gözi ýapyk deňiz garakçylaryna meňzetmegi çykardym. Gök reňke boýalan insizje gapysam çeper filmlerdäki deňiz garakçysynyň burnuna meňzäp gidýärdi. “Ol dabanyndan aşak girip, ýeriň ýüzünde diňe gözleri bilen burny galan bolmaly, şo sebäplem agzy ýokdur” diýip, men daşyndan seredeniňde, hakykatdanam, kinoda görýän bir gözi gara hasaly, bir gözem eýmenç peträp duran inçejik burun garakçymyzy göz öňüne getirip pikirlenýärdim. Jaýyň öňündäki howluda, haçan görseň, ýere gaçan tudanalar ýaly çaga oýnawaçlary pytrap durandyr; bir eli ýok küdür saçly gurjak diýjekmi, kellesi papakly esger diýjekmi, iki dişi gaçyp galan darak diýjekmi, öl toprakda ýatandygy sebäpli poslap giden demir bölegi diýjekmi, howludaky öz maýdalyna gezip ýören ördekdir gazlaryň nejasaty bilen garyşar ýatardy. Diňe ýerine ýetirilýän wagty bilen tertibi üýtgeýär diýäýmeseň, öý – işleriniň düzümi şol bir zatlardan: gap – çanak ýuwmakdan, içerini süpürmekden, nahar bişirmekden, howlyny tertipleşdirmekden ybaratdy. Bularyň hemmesinem iki sany ýaş çagasy we meniň bilen deň-duş bir gyzy bolan Akgözel gelneje ýerine ýetirýärdi. Men käteler onuň gyzy Güljany “Maňa kömekleşýär” bahanasy bilen oýnamaga ibermeýändigine gaharym gelerdi. Şunça işleri ýerine ýetiribem legendäki suwy çalyşmak, naharyň köpürjigini aýyrmak, ýuwlan çaga eşiklerini durlamak ýaly ownujak zatlary Güljana tabşyrman, özi ýerine ýetirende-de bolaýjak ýalydy. Şonuň üçin Akgözel gelneje Güljany bilgeşlän meniň bilen oýnamaga iberýän däldir öýdýärdim. Ol örän horaşaja, garaýagyz zenandy. Men hor adamlaryň iňirdewük bolýandygyny bilýärdim, “olar öz-özüni iýip gutarýar” diýip köp eşidipdim. Etjek alajyň ýok, men Güljany oýnamaga ibermegi üçin ýalbar – ýakar ederden-ä gönümeldim, tabşyran ýumuşlaryna kömekleşerdenem ýaltadym. Şo sebäpden howludaky gyzyl hiňňildikde oturardym-da, Güljanyň haýdaşlap işläp ýören wagty içi gysmaz ýaly, ony her hili toslamalar bilen güýmärdim. Onuň Külbikejik kimin hem buýrulan ýumşy ýerine ýetirjek bolup, hem meniň bilen oýnamaga gitjek bolup, iki oduň arasynda galan ýaly elewreýän günleri az bolmandy. Şonda Akgözel gelneje zalym öweý enäniň gyzlygyna ýigrenç bilen seredişi ýaly, maňa seňrigini ýygryp serederdi. Ýene birazajyk otursam, ol meni kowup goýberäýjek ýalydy. “Adam halys kyn güne düşse, Hak nazar salarmyş” diýlenleri boldy. Günleriň birinde onuň meni üns bilen diňleýänini aňşyrdym. Howludaky hapalary ýygnaşdyryp ýören Güljan görgülijigiň meni oňly diňlemeýän bolmagy mümkindi, ýöne aşhanada nahar edip duran Akgözel gelnejäniň açyk penjireden biz tarapa öwrüp goýan bir gulagy görnüp gitdi. Biraz wagtdan soň gulak ýitirim boldy-da, onuň ýerine tuta derek tutulan ak mata galgady. Men gürrüňe başlanymdan, ýene şol gulak edil signal tutýan ýanhemralar ýaly, penjiräniň aňyrsynda togtady. Men barysyna düşündim. Içimi güldürip, çapak çarpdym. Şondan soň Akgözel gelnejäniň hiç hili gizlenmezden, meniň toslamalarymy diňleýän günleri başlandy. Men gürrüňim hasam gyzykly bolar ýaly, öz-özümden ýok zatlaram goşuşdyrýardym. Aýdaly, bir oglan bilen bir gyzyň söýgi taryhyny gürrüň berýän bolsam, ony adaty söýgi taryhlary ýaly, bagtly soňlama bilen gutaramokdym. Nirededir bir ýerde hökman çözülmedik mesele galaýmalydy. Bardy-geldi gahrymanlaryma bagtly durmuşy rowa göräýsemem, olar ýedi müň derýany, ýetmiş ýedi müň dagy geçip, ýedi ýüz müň çöli ädimläp çykmalydy. Şolar ýaly pursatlarda Akgözel gelnejäniň kiçijek agzy açylyp galýardy. Ol demini içine çeken wagty horlugyndan ýaňa ýykylman zordan saklanýardy. “Eýsem, şonça çöli nädip geçjek?” diýip, uly duýgudaşlyk bilen seslenýärdi. Men bolsa ertekilerdäki mekir garga ýaly, içimi güldürýärdim. “Bolmanam, bagta ýetmek aňsatmy?! Goý, kösensinler-dä” diýýärdim. Akgözel gelnejäniň ýap-ýaňylaram ýigrençden doly ýüzi alada bilen gurşalýardy. Şolar ýaly pursatlarda ony menden gorkmakmy, eýmenmekmi, garaz, birhili çekinjeňlik duýgusy gaplap alýardy. Men bolsa çür daga çykan adamyň badyhowa hem haýbatly bolşy ýaly dogumlanýardym. Näçe dogumlandygymça, Akgözel gelneje şonça kiçelýärdi. Onuň horajyk eginleri gysylyp, gözünde düşündirip bolmajak geň gussa peýda bolýardy. Ahyrynda men oňa dözmän, kynçylyklary ýeňmegiň aňsat ýollaryny salgy berýärdim: “Aşyk oglan magşugyna ýetmek üçin ýedi ýüz müň çöli geçip biler, eger-de... – diýip, sözüme dyngy berenimde, bir işini gutaryp, eýýäm jigileriniň eşiklerini durlap ýören Güljanam bize tarap boýnuny uzadyp serederdi. Akgözel gelnejäniň bolsa, aşhanadaky naharyň ysynyň töwerege ýaýrap, lykyr-lykyr gaýnaýan sesini eşitse-de, jogabyny bilmän, gitmek meýli ýokdy. – Eger-de, ol çölde ädýän her bir ädimini Ynam bilen ätse, beýleki ädimde Söýgi bilen, ýene birinde Umyt bilen. Ana, şonda ýedi ýüz müň çöl kiçelip-kiçelip, ýedi ýüz ädime deň bolar” diýip, uly garaşyk eden adam hökmünde düşündirýärdim. Siz şonda onuň nähili gözügidijilik bilen seredýändigini bir görsediňiz. Men hemişe onuň bagtly gahrymanlaryň deregine özüniň bolasy gelýändigini aňýardym. Uly adam halyna çaga toslamalaryna ynanşyna haýranlar galardym. Bagtyýar soňlamaly gürrüňlerden soň, onuň gözleri şatlykdan dolýardy-da, birdenem gamly bir görnüşe geçýärdi. Men häli-häzirlerem onuň begenmeli halyna näme üçin birden gamlanandygyna düşünip bilemok. Şeýdip, täsin wakalary toslap ýörşüme, Güljan bilen oýnamaga gitmek höwesi ikinji ýere geçip başlady. Men soňabakalar Güljan bilen oýnamak üçin däl-de, Akgözel gelnejä täsin wakalary gürrüň bermek üçin baryp başladym. Olaryň howlusyndaky gyzyl hiňňildikde ýerden örkümi üzüp oturşyma, kim bilýär, näçe gezek häzir hiç kimiň ynanmajak wakalaryny oýlap tapdymkam?! Olaryň ýanyndan ir göçüp gaýdandygymyza seretmezden, häli- häzirlerem şo gyzyl hiňňildikde oturyp, meni agzyny açyp diňleýän Akgözel gelnejä täsin wakalary gürrüň berýän ýaly bolup gidýärin. Eşidişime görä, göçüp gaýdanymyzdan soň, olaryň durmuşynda köp üýtgeşmeler bolupdyr. Olar her ýyl diýen ýaly harydyny täzeläp, söwda etmäge başlapdyrlar. Bu işde Akgözel gelnejäniň adamsyna ýetişen iki sany ogly uly kömek beripdir. Ýalňyşmaýan bolsam, uly ogly Baýram häzir öýli – işiklem bolmaly. Ýöne Güljanyň ykbaly welin, garaşylmadyk ýerden üzülipdir. Onuň ir aýrylmagynyň sebäbini maňa: “Hudaýa-da gowusy gerek” diýip düşündirdiler. Men şunça ýyllardan soň, ýolum düşendigi sebäpli, olara sowulmagy makul bildim. Akgözel gelnejäniň garrandygy, indi Güljanyň ýokdugy meni saklaýjak ýalydy welin, gaýtam tersine, şo pikirler hasam bilesigelijiligimi artdyrdy. Birwagtky deňiz garakçysyny ýada salýan öýden nam-nyşan galmandyr. Oňa derek iki gözem şamçyrag ýaly ýaldyraýan penjirelerde-de kaşaň tutular asylgydy. Ýerden aýagymy üzüp, gujagynda täsin hekaýatlary oýlap tapan öňki gyzyl hiňňildigimem howluda ýokdy. Hiňňildigiň ýokdugy meniň biraz keýpimi gaçyrjak ýaly etdi. Onsoň kimiň adyny tutup gygyrjagymy bilmän, esli durdum. Göwnüme, häzir gapydan eli legenli Güljan çykyp, süýem barmagyny dodagyna degrip, maňa yşarat edäýjek ýalydy. “Ýuwaş, ejem bar” diýip, myssa ýylgyraýjak ýalydy. Şo pursat ony hiç haçan şeýle güýçli küýsemändigim ýadyma düşdi. Asyl, üns bermeýän, ýöne hemişe ýylgyryş bilen ýatlaýan pursatlarymyz, ýyllar geçdigiçe, ýüregimiziň bir bölegine öwrüläýýän eken.
Birhaýukdan edil çagyrylan ýaly, Akgözel gelneje gapydan çykdy. Biliniň bükükligi ony öňkülerinden ep-esli kiçelden ekeni. Gözlerem öňküleri ýaly görmeýän bolmaly, sebäbi elini gözüne tutup, tanajak bolýan terzde, birsalym maňa seredip durdy. Onuň heýkel ýaly doňup durmagy meniň sabyr – takatymy syndyransoň, “Salam, Akgözel gelneje” diýip gygyrdym. Sesimi eşideninden, ol kellesini aşak egdi-de, ýuwaşlyk bilen maňa tarap ýöräp ugrady. Şonda men onuň bir aýagyna agsaýandygyny gördüm. Näme üçindigini-hä bilemok welin, ýöne Akgözel gelneje ýakynlaşdygyça, edil Güljany oýnamaga alyp gitjek bolýan wagtlarymdaky ýaly aljyradym. Şol aljyraňňylykda hal – ýagdaý soraşmazdan öňürti, oňa ýakymlyja öwgi sözlerinden aýdaýsammykam diýibem pikirlenip ýetişdim. Ol gabat garşyma gelip durdy-de, mendigime ynanmaýan ýaly, ýüzüme dikanlap seretdi. Onuň gözleriniň aşagy halka atyp durdy, öňki şadyýanlyk bilen oýnaklaýan gözleriň şöhlesi gapdalyndaky uly ýygyrtlarda ýitip giden ýalydy. “Men Altynjemal, Akgözel gelneje, tanadyňyzmy?” diýip, çekinjeňlik bilen soradym. Şo pursat onuň içine çöküp giden gözlerinden iki sany gözýaş damjalary syrygyp gaýtdy. Ol “tanadym, tanadym” diýip, şatlykmy, hasratmy, haýsysynyň kändigini saýgartmaýan äheňde jogap berdi. Gysgajyk salamlaşykdan soň, maňa öýe girmegi mürähet etdiler. Saçak başynda, däp bolşuna görä, Akgözel gelnejä gowy täzelikleri aýtmaga çalyşdym. Okuwa gidişimi, talyp bolşumy, bir ýigidiň ugrumda ýanyp – köýşüni, maşgalamyzyň durmuş gurmagymyza garşy däldigini, toý sähediniň bellenilgidigini – yzgiderlilikde aýdyşdyrdym. Men entegem köp zatlary aýtmakçydym welin, onuň sesini çykarman, ýüzüme seredip oturmagy “Meni diňleýärmikä bir?” diýen soragy oýardy. Ol meniň dymanymy görüp çalaja ýylgyrdy-da:
- Sen örän Güljana meňzeýärsiň. – diýdi. – Agynjak özi bolaýypsyň.
Men onuň birden mähribanlaşan gözleriniň öňünde durubilmän, gözümi aşak saldym.
- Ýaňam Güljan geldimikä diýdim men. Ol aram – aram geliberýär – diýip, Akgözel gelneje dymyşlygy bozdy. Men bolsa henizem oňaýsyz halda otyrdym. Biraz wagtdan soň ol garaşylmadyk ýagdaýda gürrüňiň hörpüni üýtgetdi. Mesawy gürrüňdeşlige geçenimizden peýdalanyp, men birlaý öýüň içini synlap ýetişdim. Öňki iki daşyň arasynda galan garaňky otagdan nam-nyşan ýokdy. Otagyň içinde gözüň ýagyny iýip gelýän uly çyra ýalpyldaýardy. Içem örän arassady, beýleki otaga çykýan aralykdaky diwary ýykyp, otagyň içini hasam giňelden ekenler. Diwaryň çür depesinde kaşaň görnüşli tegelek sagat asylgydy. Sagadyň gapdalynda bolsa, ullakan çarçuwa salnan Güljanyň çagalyk suraty ýerleşdirilipdir. Ol suratda durmuşdaky ýaly ýylgyryp otyrdy. Men olaryň birgiden suratlaryň içinden näme sebäpli hut şo suraty saýlap goýandyklaryna gowy düşünýärdim. Güljany başga hili görnüşde göz öňüne getirmek mümkin däldi.
- Sen nähili pikir edýäň, Güljan o ýerde bagtlymyka? – diýip, Akgözel gelneje maňa birden sorag bilen ýüzlendi. Men suratdan gözümi aýryp, onuň kiçijek gözlerine seretdim. Elhepus, beýle-de bir meňzeşlik boljak ekeni. Ýygyrtlaryň içinde ýiteňkirländigine seretmezden, onuň gözleri birwagtkysy ýaly bilesigelijilikden doludy. Nädip akylyma gelenini-hä bilemok welin, (asylam maňa ylham birden gelýär) men oňa ýedi ýüz müň çölüň aňyrsynda ýerleşýän ajaýyp ýaýla hakda aýtmaga başladym. Ýaýlanyň ýaşyl maýsalara bürenişini, öl otlaryň arasyndan çopantelpekdir gülälekleriň görnüşini, ýyly Güne meýmireýän kebelekdir arylaryň howada süýjiniň ysyny goýup, göçüp – gonuşyny, daş – töwerekde şildir-şildir akýan çeşmeleriň owazyna bilbilleriň goşulyşyny aýdyp berdim. Göz öňüme bolsa Güljan bilen oýnan tutluk meýdanymyz gelýärdi. Şol meýdanyň ýanyndaky ýata ýap akar suwly deňze, hapa- haşal otlardan doly meýdan bolsa ýaşyl maýsaly ýaýla öwrüldi. Men Güljan ikimiziň “Kim köp ýygmaşak?” edip, elem-tas edýän tutlarymyzy altyn miweli baglar bilen çalyşdym. Ömrümizdäki iň gowy pursatlaryň bary bir sapaga düzüldi-de, ýatlamalar görnüşinde janlanmagyny dowam etdirdi. Men aýtdygymça ruhlanýardym we şatlanmakdan ýaňa gözüme ýaş aýlanýardy. Güljan bolsa henizem şol ýaýlada gül-gülälekleri çöpläp ýördi. Ol şeýlebir bagtlydy welin, gygyryp-gygyryp aýdym aýdýardy. Onuň sesi dag aşyp, ýetmiş müň dagyň goýnunda ýaňlanýardy. “Ine, ol şular ýaly bagtyýar” diýip, Akgözel gelnejä seretdim. Seredibem doňup galypdyryn. Onuň gözlerinde şol birwagtky bagtly gahrymanlara bolan gözügidijilik bardy. Içine çöküp giden kiçijek gara gözler begenmekden ýaňa ýene-de şöhle saçýardy.
- Aýtsana, aýtsana, Altynjemal – diýip, ol alkymyma dykylyp geldi. – Men şol ýedi ýüz müň çöli, seniň salgy berşiň ýaly, Ynam bilen ätsem, ol, hakykatdanam, ýedi ýüz ädime çenli gysgalarmy? Ynha, hool – diýip, ol meni penjiräniň ýanyna çekdi-de, penjiräni açyp, uly ýola tarap ümledi. – Ana, hol ýola çenli gysgalarmy? Onsoň men Güljanyma şo taýjykda duşup bilerinmi? – diýip sorady. Ol şo pursat maňa, hamana, Güljanyň nirede duşjagy meniň berjek jogabyma bagly ýaly seretdi. Daş – töwerek bolsa şeýlebir dym – dyrslykdy welin, men diňe Akgözel gelnejäniň tolgunmakdan haşşyldaýan demini eşidýärdim. Men ömrümde birinji gezek öz tapan toslamama özümiňem ýürekden ynanýandygymy duýdum. Şol ynamlylygym bilenem “Hawa” diýdim. Akgözel gelneje uludan demini aldy. Şonda göwnüme bolmasa, Güljanyň gezip ýören ýaşyl ýaýlasyndaky maýsalar şemala owsun atdylar-da, meni gujaklap geçdiler. Meniň bu ýagdaýa inim jümşüldäp gitdi. Gulagymda bolsa Güljanyň hemişeki gülküsi ýaňlandy. Sag bollaşyp, howludan çykmazymdan öňürti men ýene bir gezek Akgözel gelnejäniň gözlerine seretdim. Olar başdaky ýaly ölügsi däldi-de, janlydy. Gyzyl hiňňildiksiz, öz maýdalyna gezip ýören ördeksiz, iň esasysam, Güljansyz galan bu howludan çykyp barşyma, meni hemişe tapýan toslamalaryma ynanan zenanyň umytdan doly gözleri ugratdy.
Bägül ATAÝEWA