"ERKEK ADAMYÑ SESI WE PLOMBA"
3 minut alar
Kim näme diýse diýäýsin, gyzlar oglanlaryñ sesine, sesiniñ tonyna örän üns berýärler. Hany gözüñizi ýumup göz öñüñize getiriň; bir gyz telefonda tanamaýan bir oglany bilen gürleşenden soňra "Sesi owadan ekeni-dä" diýýändir-ä görmese-de. Ana, diýjek bolýan zadym şol. Eger bir gyz "Meñ üçin adamçylygy bolsa bolýa, ses kän wajyp däl" diýýän bolsa ýalan sözleýändir. Aý bolýa, hemme gyzy gönümel günäkärlemäýin, ýöne ýalan sözlemese-de öz içinden oglanyñ sesi gowy bolsa diýýändir.
Oglanlar üçin ses beýle wajypdyr öýdemok dogrymy aýtsam. (Özüme jogap bermeli bolsa, meñ üçin-ä tapawudy ýok, sesi çyksa bolýa gyzyñ, nemetme) A gyzlar üçin bolsa sesiñ ýogynlygy-inçeligi, tony wajyp. Pikir edip görsene, özüñ-ä gelşiklije, adamkärçilikli, sesiñem 8 ýaşly çagañky ýaly. Telefonda bir gyz bilen gürleşýäň. Gyz 2 minut soñ trubkany goýar "Ejem dagy geldi" diýip bahana tapyp. Ýa-da, Pawarotti neresse ýaly bariton tonda gürleşseñem bolmaýa. Aý garaz, sesiñi sazlamaly-da gyz bilen gürle$en wagtyñ ýa-da gyz bilen gürleşmeli däl hijem, hehe. Ýene bir zat, sesiñ owadan bolsun bolmasyn, käwagt gürleşip durkañ öz erkiňe bolmaýan wakalaram ýüze çykaýýar. Meselem, burnuñ dykylýa. O-da ses tonyña zeper ýetirýár. Burnyñ näçe arassa-da bolsa, gürlâp durkaň birden mañkalap başlaýarsyñ. Näme bolanyny bilmän galýañ. Mysal üçin, burnuñ dykyk däl bolsa:
-A gyz salam. Tanyş bolalyla, meñ adym McM. Seniñ adyñ nãme?
Burnyñ dykyk bolsa:
-A gyz salabb. Tanyş bolalyla, beg adym BcB. Seg adyg däbe?
Görşüñ ýaly aýal dogan, 10 sekuntda masgara bolýañ. Brad Pitt bolsañam şol gyz bilen gürrüňdeşligiň uzak dowam etmez. ..
Bir gün, bazara gitjek bolup köçä çykdym. Howa-da çyglyrak, ýuwaşlyk bilen ýagyş sepeleýár. Maşynlara el galdyrýan welin hijisem alanok.Menem almaýan maşynlañ yzyndan sogünip duryn. Şol wagtam, biziñ domymyzda kwartirant bolup ýaşaýan iki sany talyp gyzlaram köçâ çykdylar. Olar bilen kân gürleşemzok, göni gabat gelsek salam-salam edýáris. Hawa, gyzlar geldiler, salam berdiler, menem berdim. Soñ gyzlañ biri meñ bilen gürleşip başlady:
-Bä, maşynlañ hijisem duranok. Adamlar pula doýgun öýdýän : ))
-Aýtmmasanaaa meýtler: ))) (Oýun edýän how beýle diýmedim) Hawa goñşy, menem 15 minut bäri duryn. Birje maşynam alanok: ))
-Siz nirä barýañyz ir bilen?
-Bazara barýad...Özübe ody-mudy alaýbasabbb...Siz dirä barýagyz? (Waýýý? Bu näme, kim gürleýäraý? Meñ sesim-ä däl bu)
-(Gülmejek bolup özlerini zordan saklaýarlar) Bizem bir joramyza barýarys. Şu gün doglan güni.
-Hä, tüwelebe. Ýaşy uzyd bolsud. Gidig gutlag joragyzy...
-Bolýa sag boluñ. Şu maşyn duraýjak ýalyla. Sag boluñ biz müneli şuña. (Beýleki gyz eýýäm aňyrsyna bakyp gülip başlady, ýogsa taksi saklanyna begenip gülen däldirle. Bu gyz entâgem sypaýyçylykly ekeni. Ýene-de zordan gülmän saklandy)
-Bolýa sag bolug, ühühühü : ((((
Şojagaz ýerde masgara boldum. Öz maşgalañ bilen ýa-da dost oglanlañ bilen gürleşip durkañ birdenkâ burnyñ dykylsa " himhh, mhiimhh" diýip burnuňdaky dykygy açmaga synanyşarsyñam welin, nätanyşyñ ýanynda edip bolanokda.
Käwagt içimi gepledýãn, meñ başyma şunça waka gelýä, hemmesine men günâkärmikäm? diýip. Köplenç özümi günãkârlãp bilemok. Mysal üçin, ýokarky hekaýada men günãkâr däl-ä. Anatomiýa diýip bir zat bar, muňa anatomiýa günäkär. Ýöne käbir wakalarda-da men günãkãriñ öýjügi...
**********************************************************************
Dişime plomba goýduryp öýe gelýärdim. Doktor belli bir wagta çenli iýip-içme diýipdi, agzym henizem doñup dur. Gürlemeg-ä beýlede dursyn, agzymy zordan açýan. Ýolda bir daýza sagadymy görüp sagat sorady. Sagat 10-15, ýagny 11-den 15 minut işleýärdi. Ýeri agzyñy açyp gürlãp bileñok, eşitmediksirän bolda gidiber-dä. Ýa-da enegiñi görlezseñ daýza-da düşüner-ä. Ýok beýtmedim. Sagada seredip agzymy gyşardyp "daýýaaa saaagyyyt obbirded obbääş bidud işláýäää" diýip bir zada diýdim özümem düşünmedim nãme diýenime. Daýza-da düşünen däldirle, şonda-da "Sag bol oglum" diýip ýüzüme geñirgãp seretdi ilki, soñam gaty-gaty ýörãp gitdi yzyna seretmãn. "Bu çagany jyn urypdyr öýdýän" diýendir. Ana bärde men günäkär, boýnuma alýan. Eden samsyklygyma daýza gidensoñ düşündim, lapym keç bolup öýe geldim, Green Mile-daky John Coffee ýaly bolup iki elimi satanymyñ arasyna goýup, diwara seredip uklap galypdyryn. Meñ diýjek bolýan zadym, adam gatnaşyklaryndaky...Global üpjünçilik zynjyrynda ýüze çykýan käbir meseleler... Ronaldo... Messi...Ýer Şarynda adamzadyň...
Borlaý. Sogudy ogaryb bilbedib...