Ene-atalaryň çagalaryna sarp edýän wagty we gymmaty.
2 minut alar
Ilkinji okuwa gadam basan wagtlarymda eýýäm gelejekde näme bolmak isleýänimi duýýardym diýsem ýalňyşmaryn. Sebäbi meniň başlangyç synp mugallymym bolan Keýik mugallymy şeýle bir gowy görýärdim, mugallymçylyk işini şeýle bir ýürekden edýärdi welin intäk 7 ýaşymdakam hem muny syzyp bilýärdim. Okuwda özüme iň ýakyn görýän adamym bolupdy. 18 ýaşymda orta mekdebi tamamlanymdan soňra uniwersitet okamak isleýärdim. Türkiýe döwletinde Necmettin Erbakan Uniwersitetine Başlangyç Synp Mugallymçylyk bölümünü gazandym. 4 ýyl içinde okuwymy tamamladym 1 ýyl tejribämi (internship) etdim we diplomymy aldym. Soňra 6 aý töweregi Türkiyede okan ugrymdan ýagny, Başlangyç Synp Mugallymy bolup işe başladym. 18 sany mähirlije çagajyklar bilen tanyşdym.
6 aý içinde okuwçylarym bilen bir-birimize şeýle bir öwrenişdik welin...
Ene-atalary diyseň çagalaryna şeýle üns berip goldaw berip, meniň bilen hem ýöne ýöne gatnaşykda bolup, çagam nähili, problemasy barmy, biziň edip biljek zadymyz barmy bar bolsa çekinmän aýdyň mugallym diýip günde diýen ýaly sorap idäp durýardylar.
Hawa, hemme kişem çagasyny alada edýändir ýöne 2 hepde öň Maryma gaýtdym. Ýakyn gatnaşykda bolýan gelnejem hem eýýäm bu ugurda pylança ýyl işläp gelýär. Menem işler nähili zat diýip gyzyklanyp başladym. Aýdan zatlarynda çyndanam tapawut bardy. Ýa-da başka-da ýakynymdaky adamlardan çagajyklary bilen wagt geçirme ýagdaýlaryny synlap başlapdym we netijelere känbir göwnüm ýetenokdy. Dogry, menem bu ugurdan okap bir zatlar öwrenmedik bolsam menem bir üýtgeşik pikirlenmezdim ýa-da tapawudy görüp bilmezdim, çagajyklara we olaryň näme isleýändiklerine düşünmezdim.
Elbetde, berilýän bilimi deňeşdirmek üçin ýazamok men bu makalany. Meniň üns çekmek isleýän zadym ene-atalaryň çagalaryna sarp edýän wagty, gymmaty, ünsi ýaly temalardan söz açmak isleýän.
Hemme ýaşda çagaňa üns bermeli ol aýry tema ýöne, eddil 6-7 ýaşynda okuwa täze başlan çagalara has hem üns bermek möhümdir. Sebäbi okamany, ýazmany labyzly gürleşmäni, özüni nähili alyp-barmalydygyny we ş.m zatlary çuňňur öwrenýän döwri bolýar. Belki-de men ýaly eýýäm 7 ýaşyndaka näme bolmak isleýändiklerine karar bererler :)
Gadyrly ene-atalar size aslynda kiçijek ýaly görünýän ýöne çyndaman möhüm bir maslahat bermek isleýän, çagajyklaryňyz bilen köp wagt geçiriň, olar bilen köpräk gürleşiň, gününiň nähili geçenini soraň, bugün nämeler öwrenenini soraň..Gepiň gysgasy, beter işläp eklenç etjek diýip çagajyňyzy hem unutmaň. Ýadow bolsaňyzam öýe gelip olar bn wagt geçirseňiz ynanaýyň hemmeje ýadawlygyňyz gider :)
Belki-de aýdan zatlarymy eýýäm bilýäňiz ýöne menem bir mugallym bolup size ýene bir gezek ýatlatmak isledim. Hemme aýtmak isleýän zadymy belläp geçdimmi bilmedim eddil häzirlikçe ýadyma düşenje zatlar şulardan ybarat. Sag boluň, saglykda galyň.
Çagajyklarymyzy söýeliň olar durmuşdaky iň tämiz adamjyklardyr :)