Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

EKOLOGIK BILIM

2 minut alar

Häzirki döwürde ekologiýa meselesi diňe alymlaryň ýa-da hökümetleriň işi bolman, gündelik durmuşda ähli adamlaryň esasy we ählumumy meselesine öwrüldi. Bu ýerde ekologik bilim wajyp orny eýeleýär. Köp adamlar tebigatyň nähili işleýändigini, adamyň onuň bilen nähili gatnaşyk edýändigini bilmeýär. Bu bolsa, geljekde uly kynçylyklara sebäp bolup biler. Bilim diňe okuw kitaplary bilen çäklenmeýär. Ekologik bilim – bu tebigatyň durnuklylygyny, onuň adamzat bilen sazlaşygyny, daşky gurşawa bolan gatnaşygy öwretmekdir. Çaga kiçiliginden bu düşünjäni alyp başlasa, onuň geljekde tebigata bolan garaýşy has jogapkär bolup biler. Orta mekdepler bu ugurda ilkinji we iň möhüm basgançakdyr. Olar diňe “ekologiýa” diýlen ylmy terminleri däl-de, eýsem amaly durmuşyň tejribesini hem öwretmelidirler. Ekologik bilimiň teoriýasy tejribe bilen utgaşanda has täsirli bolýandyr. Meýletinçilik işleri, ekologiýa boýunça topar işjeňlikleri, arassaçylyk çäreleri – bularyň ählisi çaganyň ekologik düşünjäni derňäp başlamagyna itergi berýär.
Ekologik bilim diňe daşky gurşawy goramaga däl, eýsem adamyň özüne-de peýda getirmegi öwredýär. Arassa howa, arassa suw, sarp ediş endikleriniň kadalaşdyrylmagy adamyň saglygyna we durmuş hiline gönüden-göni täsir edýär. Ekologik bilim jemgyýetçilik tejribesi bilen birleşdirilende aýdyň netije berýär. Arassa köçeler, gaýtadan işlenilýän zibiller, energiýany tygşytlaýjy endikler – bularyň ählisi diňe bilimli jemgyýetde amala aşyrylýar.
Ýaş nesiller ekologiýany goramakda esasy güýçdür. Olar täze maglumatlary çalt kabul edýärler, jemgyýetde pikirleri ýaýradýarlar, innowasiýalary döredýärler. Hut şonuň üçin orta mekdepden başlap, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak jemgyýet üçin geljekki gorag çäresidir. Tebigaty goramak we durnukly durmuş ýörelgesini döredip biljek güýç – bilimli nesillerdir.

Şageldi HYDYROW,
“Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi”
jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni.

|