Hudožnik
Düşünenler bilen galasym gelýär...
2 minut alar
Sag-aman daň atýar-ýagtylýar jahan
Guşlaryň dilinde ýüz dürli kelam
Zemine ýaýylýar-Kelamlar başy-
Es-salam giň dünýä, es-salam ynsan-
Netiň abat bolsun-päliň abadan!!!
Meniň pikirimçe: Bar zadyň özi-özi hakynda iň takyk maglumat berip durkan, hakykata deňeşdirmäň üsti bilen göz ýetirip bolýar!
Hawwa, bu ýazgylar, meniň köp ugurly döredijiligime-surat sergilerimdir merkezi metbugatdaky çykyşlyryma bolan gyzyklanmalara, “Watan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan berilen jogap bolmaly. Sebäbi meniň çeper döredijilikden başga-da, arhitekturanyň taryhy we şu güni, 90-njy ýyllary başyndan geçiren jemgyýetimiziň meseleleri baradaky publisistik makalalarym hem köpler üçin gyzyklydy. Ondan bäri esli wagtyň geçendigine garamazdan, häzire çenli gazet-žurnalardyky çykyşlaryma gelýän telefon jaňlarydyr SMS- ýazgylar, meniň döredijiligime bolan islegiň kemelmändigini görkezýär.
Kimdir bu-diýp sorana, aslym kylaý aýany men
Gözlerim derýaga düşmüş. Boýlamyş ummany men
Ataş bilen arzymanyly-aşygy perwana men
Dil guşun saýýada salgan-ötegçi diwana men
Zynaty zyba çekilgen- köňlümiň janany men...
Arhitektor, hudožnik, sungaty öwreniji, şahyr, publisist.
“Watana bolan söýgüsi üçin”, medaly
“Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi,
“Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”-atly döwlet sylaglaryň eýesi.
Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşmesiniň agzasy (1995-nji ýyl)
Türkmenistanyň Hudožnikler birleşmesiniň agzasy (2010-njy ýyl)
Sözbaşy.
Düşünenler bilen galasym gelýär. Düşünesim gelýär düşünýänlere...
Elbet-de, düzgüne görä, kitabyň mazmunydyr onuň awtory baradaky maglumaty, kim-de biriniň beren bahasy bilen çäklense-de bolardy. Ýöne: “Özüni bilen weli”- diýleni ýaly, men özüm hakda has töwerekleýin hem takyk düşünje berip bilermikäm diýýärin.
Dünýäde ähli zatlar düşünmegiň netijesinde bolup geçýändigi üçin, adam diňe öz düşünen zatlaryny özgelere düşündirip, oňa dürs baha berip bilýär. Şonuň ýaly-da, adamy düşünýän zatlary gyzyklandyrýar. Bu babatda men tanymal fransuz filosofy Mişel Monteniň ajaýyp pikirini sözbaşy ýerine, kitabyma salmagy ýerlikli bildim. Beýik filosof şeýle diýipdi: ”Gadyrdanlar, men kitabymy, diňe maňa gowy düşünýän dostlarym üçin ýazdym. Eger-de, ol birinji sahypadan size düşnüksiz görünse, ony ýapyň-da bir gyra süýşüräýiň. Men düşünmeýänlerden öýke-kine etmerin...” Dogrudanam, örän ajaýyp pikir!
Elbet-de, tebigy bilesigeliji höwesime görä, men köp zatlar bilen gyzyklansam-da, memuar usulynda kitap ýazaryn–diýip, pikir etmändim. “Memuar”-ol hakyda siňen ýatlamalary, ýazuw görnüşde beýan etmegi aňladansoň, kitabymdaky pikirleriň köpüsi, dürli wagytlarda, dürli adamlaryň goýan täsirlerinden we okyjylaryň gyzyklanmasyna berilen jogaplardan ybarat hakykat bolmaly...Çünki, soraglaryň jogaby, kalbyň törüni dörüp, aň-akyl bilen ýetilýän netije bolansoň, olar ilki bilen öz-özüňe, içki dünýäňe düşünmegi talap edýär. Şol düzgüne eýerip, iň ýagşy niýet bilen ýazylan bu kitap, meniň ömrümiň we döwrümiň gyzykly hem çylşyrymly pursatlaryndan düzülen simfoniýadygyna ynamagyňyzy isleýärin...
Seň baryňda-seniň bilen-dünýä geldim, Sen diýip!
Ak süýt emip, adam boldum-päk mähriňe daýanyp-
Adyň alkyş, aýat bolup-kalba siňen dogam Sen!
Dowamatyň gözbaşynda- Enem-baky dowam Sen!..
Dowamy bar...