Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Durmuşdaky maksadymyz näme?

3 minut alar

Giriş

Durmuşdaky maksadymyz näme, näme üçin ýaşaýarys? Näme üçin ertirlerine turýas işe gidýäs, okuwa gidýäs oňa muňa güýmeýäs? Bütin ömrümizi bir zat edip doldurjak bolýasmy?! Gaty maslahatlaşylmaly soraglar ýaly görünýär şeýle dälmi?!

Esasanam ýaşlykda adamyň öz özüne köp soraýan soraglary şular. Ýaş ulaldykça bu soraglar has azalyp başlaýar.Iş ,maşgala, çaga diýip durmuş gidip barýarka, hat-da adam bu soraglary soramakdan gorkýaram. Bu soraglary özüne sorap, üstesine-de teorema öwüren biri hem Abraham Maslow.

Maslow's hierarchy of needs

(Maslowyň zerurlyklar iýerarhiýasy)

Hemmämiz üçin durmuşymyza sorag berdirjek bir ýönekeý üçburçluk-piramida bilen bilen başardy.  Bu üçburçlygyň hem meşhur ady Maslowyň zerurlyklar iýerarhiýasy. Bu başda 1943-nji ýylda A.Maslow bilen psihologiýa ädimini ätdi. Şol günden bari käbir özgerişiklere sezewar bolsa hem başdaky 5 basgançakly ýagdaýyny gorady.Siz hem iýerarhiýada nirededigiňizi çaklap bilersiňiz. Maslow başda bir maksat bilen muny döretdi. Bir adamyň ýaşama motiýasiýasy näme? Muny hem piramidada iýmitlenmek ýaly ýönekeý zerurlyklardan tä özüňe ýetmek ýaly emosional zerurlyklara çenli elealypdyr. Onda bu 5 basgançaga giňişleýin seredeliň:

1.Fiziologik zerurluklar. 

Iň aşakda we iň esasy şekilde görşüňiz ýaly adam üçin mejbury zerurlyklar ýerleşdirlipdir. Doglanmyzdan eýýäm zerurlyk duýup başlaýan zatlarymyz. Umuman aýdanda dem almak, iýmitlenmek,uhy, ýylylyk, suw ýaly zatlar girýär bu gatlaga. Bu adama esasy ýaşamak üçin gerekli zatlarymyz. Bular ýok bolsa piramidanyň beýleki gatlaklaryna kän üns bermeýäris.Bular bar bolsa soň ikinji gatlaga geçýäris.

2.Howpsyzlyk zerurlyklar.

Bulam eýýäm bäbeklikden  gerek bolup başlaýan zerurlyk. Howpsyz gurşaw, öýümiz, saglygymyz. Adamyň durmuşynda etmek üçin ylgaýan zatlary bu. Howpsyz bir gurşawda ýaşamak,sagdyn bolmak, öý edinmek , finans erkinlik ýaly zatlar. Işiňiz gowy ,saglyk ýerinde öý bar bolsa , onda üçünji basgançaga geçýäris.

3. Söýgi  we bir ýere degişlilik zerurlyklary.

Bu diňe söýgi gatnaşyklary, durmuşyňda biriniň bolmagy ýeterlik däl. Bu gatnaşygyň  pozitiw  we gowy bolmagy zerur. Meselem: maşgala, dost, söýgüli, är-aýal gatnaşyklary, çagalar bilen bolan gatnaşyklar. Bir gruba degişli bolanyňyzda,jemgiýetiň bir bölegi bolanda bu zerurlygyňyzy hem gideren bolarsyňyz. Bu ýerde-de gowy bolsaňyz: maşlaňyz bar, gowy ýoldaşyňyz bar, bir gruba degişli(doslar bar),onda dördünjä geçýär adam.

4.Hormat zerurlyklary.

Söýgi hem ýekeje özi ýeterlik däl. Başga adamlar tarapyndan söýülmesek-de iň bolmanda hormatlanmak isleýär adam. Görşimiz ýaly, esasy zerurlyklardan birem şul. Hormat diýende: özüňe ynam, abraý we başgalaryň hormatyny hem öz içine alýar. Bu hem bolmadyk ýagdaýynda, ýagny özüňe ynam ýaly zatlar. Peslik duýgysy döreýär we bu hem beýlekilerden gelip biljek hormaty saklaýar. Eger-de bu hem bolsa bir adamyň duýup biljek iň soňky zerurlygyna geçeliň. Durmuşda hemmetaraplaýyn  men bagtly diýmek üçin gerek bolan zerurlyk bu.

5. Özüňe ýetmek.

Geldik piramidanyň soňky başgançagyna.Köp adam muny zerurlyk hökmünde görmese-de, bu Maslowa görä hemmetaraplaýyn şatlyk üçin gerek bolan zerurlyk. Oňa görä taryhdaky üstünlige ýeten adamlaryň umumy tarapy bu zerurlygy esasy zerurlyklaryň hatarynda saklamagy.

Özüňe ýetmek - şahsyýetiň öz başarnygyny we zehinini bilmegi,bulary iň ýokary derejede kämilleşdirmegi,durmuşdan doly lezzet almagydyr 

Ýöne,durmuşda hemme adamyňky bir däldir,üýtgeşikdir. Bir adam millioner bolmak bolup biler bu başgasy üçin bolsa adamlara haýyr sahabat etmek. Gysgaça özüňe ýetmek - öz ynanýan ugruňda doly dowam etmek we ony tamamlamak. Maslow hatda bu barada Eintein, Şekspir ýaly adamlaryň doly derejede özüne ýetendiklerini öňe sürýär.

Bu barada pikirleriňize teswirlerde garaşýan.

Peýdalanylan çeşmeler:

Maslow's Hierarchy of Needs - Simply Psychology

Maslow's hierarchy of needs - Wikipedia

İnsan Ne İçin Yaşar? - Maslow'un İhtiyaçlar Hiyerarşisi(bebarbilim)

113 |