Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Durmuş

1 minut alar

Durmuş, rehimsiz bir mugallymdyr. Ilki synagdan geçirer, soňundan sapak berer.

Durmuş maňa kän zat öwretdi. Sapak aldymmy ony bilemok. Belli derejede sapak alandyrynam. Haçan dynar bilemok, dynan wagty şadyýan aýrylsam bolany.

Hemme kişiň bir etsem-petsemi, arzuwy bar. Gynansagam köpüsiniňki dünýälik. Beý diýsem meni üýtgeşik öýdäýmäň, meniň hem olardan üýtgeşikligim ýok. Hat-da men iki dünýe owarrasy diýilýänlerden öýdýän. Ne bu dünýede ýüzüm gülýär, ne-de o dünýede ýüzümi güldürjek hereketler edýärin. Şükür ýöne, Allajan ýüpüň ujuny göýberdibem baranok. Köp ýerde gorady, goraýar. Mundan soňam goragörsün.

Ýüzler bu dünýede gaty bir gülmese-de bolarla. Çalaja bir ýylgyrsagam hasapdyr. Ýylgyrşymyza ýetik ýaly. Köplenç bolgusyzja oýunlar edýärin sebäbi. Sizi tanasam size-de ol oýunjyklarymdan ederdim käwagt. Siz bu tarapdan hemä gara maňlaý, hemem gaty maňlaýly. Maňlaý diýilýän zat gaty möhüm bu durmuşda.

Köplenç bu durmuşdan nalaýan ýaly bolup bilerin, ýöne bu beýle däl. Halabam baramok ýöne. Käwagt şeýtan erbedem gördürenok. Şonuň ýolundan gitseňä hezil edip bolýar. Arman soňunda hasap bar-da. Wii, bulara hasap däl, azap bardy. "Halala hasap bar, harama azap." diýip ýazylgydy bir ýerdä. Birem çyndanam öňküleň diýşi ýaly "Jennediň ýoly kynçylyklar, tikenler bilen, jähennemiň ýoly bolsa dürli hezillikler, şady horramlyklar bilen gaplanan"myka?

Garaz käbir zatlary bilmek näçe isleseňem bu dünýede saňa hezil etdirenok. Bu dünýede gaty hezilem etdirmesin Allajan! 

16 |