Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dostoýewskiý

6 minut alar

          F.M Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romany hakynda

Rus ýazyjysy  F. M.Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” diýen romany psihologik usulda ýazylan romanlaryň iň gowusy hasap edilýär. Aslynda edebiýatda ýazmaklygyň dürli-dürli usullary, tehnikasy bar. Usul dürli bolsa-da, ýazyjynyň suratlandyrmak isleýän wakasynyň maksady bir. Ol maksat-okyja beýan edýän hadysaňy öz görşüň ýaly görkezmekdir. Öz duýşuň ýaly duýmaklyga itermekdir. Okyjyny eliňe “jadyly taýajygy” alyp, öz dünýäňe geçirmekdir. Dostoýewskide jadyly taýajyk hökmünde onuň wakalary psihologik suratlandyryşy hyzmat edýär. Psihologiýa –içinde adam gahrymany bolan eserleriň ählisine mahsus. Diňe bir adamlara däl, psihologiýa zatlara-da mahsus. Zatlaryňam psihologiýasynyň bolup bilýändigi barada entekler aýdylar. Gahryman bolan ýerde onuň pikir edişi, özüniň nähili adamdygyny göz öňüne getirdişi bar. Ýöne beýleki eserlerden tapawutlylykda, gahrymanyň psihologiýasy onuň sýužet esasyny tutmaýar-da, onuň kompozision gurluşyny bezeýär. Biz köp eserleriň şu tarapy bilen öwrenşenimizden soň, Dostoýewskiniň “Jenaýat we jezasy” standart edebi “naharlardan” tapawutly bir zat ýaly bolup dur. Romany okaýan wagtyňda özüňi haýsydyr bir “näsagyň” psihology hökmünde duýýarsyň. Ýazyjy howlukman, öz “näsag” gahrymanynyň içki dünýäsini suratlandyrýar welin, şol sözlemi düzen wagtynda ýazyjy ýaltanmadymyka diýip pikir edýärsiň. Eger romany özüň ýazaýan bolsaň, onda şol sözlemde diňe şu sözleri ulansaňam bolardy diýen netijä gelýärsiň. Ýöne bu pikiriň şowsuzdygyna romandaky sözlemleriň hiç bir sözüni tekstden bölüp aýryp bolmaýandygyny aňanyňdan soň düşünýärsiň. Hakyky genial eseriň tapawutly tarapam şundan ybarat. Onda hiç bir sözi ýa sözlemi goşup, ýa-da aýryp bolmaýar.

Romanyň baş gahrymany Rodion Romanyç Raskolnikow  gününi dolap bilmeýän garyp talyp. Ýazyjy Raskolnikowy suratlandyryp başlandan, okyjyda oňa bolan simpatiýa döreýär. Bu simpatiýa suratlandyrylýan gahrymanyň daş keşbiniň ýakymlylygyndan başga onuň garyp durmuşyny aklaýan birtopar delilleriň getirilmeginden gelip çykýar. Ýazyjy öz durmuşyndan närazy gahrymany döredýän wagty onuň närazylygynyň sebäplerini örän düşnükli beýan edipdir. Romany okaýan pursatyň baş gahrymanyň otagy, ýaşaýan ýeriniň howasy, adamlary onuň näme sebäpli agyr işe baş goşanyny hasam aýdyňlaşdyrýar. Garyplygyň nämedigine düşünýän okyjy hökmünde baş gahrymana duýgudaşlyk bildirýärsiň. Ýazyyjynyň özüniňem turuwbaşdan okyjyny duýgudaşlyga çagyrýan äheňleri duýlup gidýär. “Распяв, пожалей его” diýmek bilen ýazyjy okyjyny hut şol duýga gönükdirýär. Sebäbi diňe duýgudaşlyk bolan ýerinde onuň gahrymanyny söýmek mümkin. Romanda soňabaka Raskolnikowyň buýsançly hemem ýukaýürek obrazy orta çykýar. Okyjy özüniň buýsançly gahrymanyna hormat goýup başlaýar. Onuň her bir sözüne, her bir hereketine makullamaklyk bilen seredýär. Ýazyjy Raskolnikowyň birsözli tebigatyny orta çykarandan soň, onuň eline palta alyp, baş gahrymanyň pikiriçe, “haýsydyr bir zady”, ýagny garry süýthor aýaly öldürmäge gidişini parahatlyk bilen okaýar. Baş gahrymanyň süýthor gysyk garryny jemgyýete gerek däl adam hasap edýäni bilen ylalaşmaýan okyjy bolaýsa-da, hudaýyň ähli döreden bendeleriniň tä sanalgysy dolýança ýaşamaga hukugy bar we şol hukugyň bozulmagynyň hudaýa şirk ýetirmek bilen deňdigi barada pikirlenýän okyjy bolaýsa-da, onuň garry aýala hiç hili nebsi agyrmaýar. Gaýtam tersine, öldürilýäne derek öldürýäne nebsi agyrýar. Raskolnikow haýyrly işiň bähbidi üçin şer iş etmegiň aýby ýok diýip hasaplaýar. Ol käbir adamlaryň şahsyýetdigine we şol şahsyýetiň öz ynsabyna görä hereket etmäge hakynyň bardygyna ynanýar. Eger bir erbet adamyň deregine ýüz sany gowy adam bagtly ýaşajak bolsa, onda şol erbedi aradan aýyrmaly diýip düşünýär. Nemes filosofy Fridrih Niçşäniň “Hökümdar tebigatly adamlar, hatda öz hudaýynyň üstündenem höküm ederler” diýen kesgitlemesi Raskolnikowyň eden jenaýatyna laýyk gelýän kesgitleme bolsa gerek. Jenaýat edilýän pursatdan başlap, okyjyda Raskolnikowa bolan ýadyrgama başlaýar. Ony doly bolmasa-da, azyrak eden tamasy çykmadyk adamyň ahwaly gurşap alýar. Okyjy birsözli we rehimdar gahrymanynyň adam öldürijä öwrülmegi bilen öwrenşip bilenok. Şol pursatdan onuň Raskolnikowa bolan duýgudaşlygy ýitýär. Ol hamana bir sowuk ikona seredýän adamyň biparhlygy bilen gahrymanynyň indiki etjek hereketlerine garaşýar.

  Kimdir biriniň janyna kast etmek – bu tebigaty boýunça ýalňyş proses. Öldürmeklikde hemişe nähilidir bir ýalňyşlyk bar, nähilidir bir ýalňyşlykda bolsa hökman bir adalatsyzlyk bolaýmaly. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Raskolnikowa-da “arassa öldürmeklik” miýesser etmeýär. Ol garryny paltalap duran mahaly onuň üstüne garrynyň aýal dogany Lizaweta gelýär we olam paltalanmaga mejbur bolýar. Raskolnikowyň pikiriçe, garry süýthor aýal ölmäge mynasyp, ýöne ol garrynyň aýal dogany Lizaweta barada beýle pikir edenok. Şeýle bolsa-da, ýagdaýa görä Lizaweta hem paltalanýar. Sebäbi ýokarda nygtaýşymyz ýaly, öldürmeklik tebigaty boýunça ýalňyş proses, onda hemişe nähilidir bir adalatsyzlyk bar. Adalatsyzlyk erbet üçin gowynyň pida edilmeginden gelip çykýar. Diýmek, Raskolnikowyň gowy iş üçin erbet hereket edeniň aýby ýok diýip hasaplaýandygyna garamazdan, ähli zat onuň garaşyşynyň tersine bolup çykýar. Hakykatyň görünmeýän ýerinde paradoksuň döreýşi ýaly, Raskolnikowyň eden hereketiniň netijesi hem paradoksal. Eger şeýle bolsa, onda näme üçin okyjylar köpçüligi Raskolnikowy söýýärkä diýen tebigy sorag ýüze çykýar.

Öz gahrymanyndan eden umydy çykmadyk okyjy özünde Raskolnikowa bolan sowuklyk duýýar, ol gahrymanynyň lider tebigaty bilen ylalaşyp bilenok, sebäbi şeýle tebigatly gahrymana bolan duýgudaşlyk ýok. Ýöne muňa seretmezden, ol Raskolnikowyň durmuşyny okamagy dowam etdirýär. Baş gahryman özüni şahsyýet hasaplap, aýgytly ädim ätse ädýärem welin, bu oňa ýeňil düşmeýär. Ol edil özüniňkidir öýdüp, kimdir birine degişli bolan zady alana dönýär. Şol özüňe degişli bolmadyk zady almak ýaly duýgy bolsa ony gaty heläk edýär. Raskolnikow lihoradkadan ejir çekýär, ol kä gyzdyrýar, kä üşedýär. Kä günler asla öýündenem çykanok, käwagtlar bolsa, nirede gezip ýöreninem aňanok. Onuň ruhy taýdan çekýän ejirine ynanyp başlan okyjyda ýene-de Raskolnikowa bolan duýgudaşlyk peýda bolýar. Baş gahrymanyň ezýet çekýändigi okyjynyň ýüregine jüňk bolup, ol onuň tobasyna ýüregi bilen ynanýar. Şol ýerdenem okyjyda ýene-de  Raskolnikowa bolan söýgi başlaýar.

Raskolnikow garry süýthor aýaly öldürenine birjigem gynanmaýar, ýöne şol hereketiň özüne agyr düşýänine welin  gynanýar. Özüniň şahsyýet däldigine we bolaýanda-da, şahsyýetiň hudaýyňky ýaly hukuga eýe däldigine göz ýetirýär. F. M. Dostoýewskiý bu romanynyň üsti bilen adamzady ynsanperwerlige çagyrýar. Öz gahrymanynyň üsti bilen özüňçe sud etmekligiň we ykbal çözmekligiň nähili günlere salyp biljekdigini beýan edýär. Ýöne beýik yza çekmelerem hemmelere mahsus däldir. Haýsydyr bir maksada gulluk edýän kimdir bir şahsyýet lider üçin millionlarça adamlar gyrylýarlar. Şol şahsyýet näçe öz maksadyna ynandygyça we gynanmadygyça pidalaryň sany artmak bilen. Raskolnikow  şahsyýetiň  ezýet çekmeýänini, bir tarapdan, onuň öldüren pidasynyň iki däl-de, millionlarçadygy bilen düşündirjek ýalam edýär,( sebäbi köplükde many ýitip gidýär) ýöne bu pikirinden basym el göterýär. “Olar şahsyýet, sebäbi olar dert çekenoklar” diýip pikir edýär. Raskolnikow şeýle pikir öwürdigiçe okyjy ony hasam söýýär. “Hudaýlaşan” gahrymanynyň “adamlaşyp” başlamagy onda Raskolnikowa bolan söýgini barha berkidýär. Okyjy onuň dert çekişine melul bolýar. Onuň hasratyna ýüregini berýär. Onuň bilen deň aglaýar. Ol onuň etmişine däl-de, tobasyna aşyk bolýar. Romanda Raskolnikowyň obrazyny aýdyňlaşdyrýan beýleki sahnalaram bar, ýöne biz muny indiki gezeklere goýup, şu ýerde sözümizi jemläli.

F. M. Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romany ynsanperwer eserdir, onuň baş gahrymany Rodion Romanyç Raskolnikow bolsa ynsanperwerligiň nusgasydyr. Ol zulum bilen däl-de, ýürek bilen ýaşamalydygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen okyjysyna tanyş bolmadyk bu obraz barada entek aýdylmaly zatlar köp. Ony öz gezeginde okyjylar köpçüligi bilen tanyşdyrmak edebiýatyň nämedigi bilen tanyşdyrmaga deň bolardy.

 

                                                              Bägül ATAÝEWA

167 |
|