Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Edgar Allan PO

17 minut alar

Edgar Allan Ponuň içinden parran geçip görmek ukyby hakda.

     (Ýazyjynyň “Köpçüligiň adamsy” atly hekaýasynyň edebi derňewi)

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen açylan “Dünýä edebiýaty” žurnaly okyjylaryň söýgüsini gazandy. Sebäbi dünýäniň edebi hazynasy bilen tanyşdyrýan bu žurnal nädip köpleriň göwnünden turmasyn?! Türkmen okyjylarynyň ruhy dünýäsiniň has-da baý bolmagyny, türkmen edebiýatynyň ösüşiniň ileri bolmagyny nazarlaýan Gahryman Arkadagymyza tutumly işleri üçin çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň ähli işleri rowaçlyklara, üstünliklere beslensin. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara dünýä edebiýatyny oňat özleşdirmek baradaky sargytlaryndan ugur alyp, dünýä belli amerikan ýazyjysy Edgar Allan Ponuň “Köpçüligiň adamsy” atly hekaýasynyň edebi derňewini ýazmagy makul bildik. Bu hekaýa ruhy ahlak gatnaşyklarynyň çeper hem-de özboluşly beýany bolup, türkmen okyjylarynyň ýüreginde orun tutar diýip umyt edýäris.

  Edgar Allan Ponuň döredijiligini görmek hadysasy bilen baglanyşdyrýandygymyz ýöne ýerden däl. Türkmen halkynda-da görmek bilen bagly birnäçe nakyllar ýüze çykypdyr:

Gördüm diýme, bildim diý

Görmän – görmän küti boldum, baryny görüp – ýiti (sah.133)

Nakyllaryň mazmunyndan bildirişi ýaly, görmek hadysasy – daş – töwerekdäki zatlary görmek düşünjesiniň çygryndan çykyp, görmegiň göçme manysyny aňlatmaga hyzmat edýär. Türkmen halkynda görer gözi aýna deňemek däbi bar. Bu däp  hasam “aýna ýaly gözler”, “Çüýşe ýaly dury gözler” söz düzümlerinde, “Aýbymy enem aýtmasa-da, aýna aýdar” ýaly nakyllarda oňat duýulýar. Mälim bolşy ýaly, arap elipbiýindäki “aýn” harpy gözüň, görejiň şekilindedir. Gözüň göçme manysyny beýan edýän “aýna” sözi (kontekstlerde) hem şu harpdan gelip çykypdyr. Dünýä halklarynyň edebiýaty bilen tanyş bolanyňda, olaryň görmek işligininiň çygryny ýönekeý görmeklikden adaty bolmadyk görmeklige çenli uzaldandygyna şaýat bolýarsyň. Netijede, görmek işligi – aňlamak, bilmek, düşünmek ýaly psihiki işlikleri, adamyň akyl  ýetiriş işi bilen bagly ýagdaýlary aňlatmaga geçipdir. Sözümiziň subutnamasy hökmünde ýokardaky mysal getirilen nakyllary ýatladyp bileris. Görmek işligi “bilmek” işligi bilen ugurdaşlykda ulanylýar. Bular bir hadysanyň iki tarapydyr. Rus halkynda “ведать” işliginiň gelip çykyş köküni (manysy – bilmek) “видеть” (manysy – görmek) diýen işlikden hasap edýärler. Diýmek, bir kökden gelip çykan bu iki söz şo bir hadysanyň iki tarapyny aňladýan bolmaly. Ýöne biz bu ýerde bilmekligiň hem birnäçe etaplarynyň bardygyny ýatlatmak isleýäris, ýagny ähli bilýän zatlaryň entek özleşdirilen, aňlanylan, göz ýetirilen proses (hadysa) däldir. Görmeklik – bu nämedir bir zady bilmeklige bolan başlangyçdyr. Bilmeklik bolsa, nämedir bir zada düşünmeklige bolan başlangyçdyr. Şu sebäpden, biz on dokuzynjy asyryň beýik söz ussady  E.A. Ponuň döredijiligini “görmek” nukdaýnazaryndan derňemegi makul bildik, sebäbi Ponuň döredijiligi bilen tanşan okyjy öň hiç kimiň “görmedik” zadyny ýazyjynyň ilkinji bolup görendigine akyl ýetirse gerek.

 Onuň “Köpçüligiň adamsy” atly hekaýasy ýazyjynyň güýz gijeleriniň birinde Londondaky kafeniň penjiresinden daşaryny synlap oturmagyndan başlaýar.[1]  Ýene-de şu ýerde ýazyjynyň däbe öwrülip giden görmek ukyby bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýazyjy öz wakasynyň çägini kesgitleýär. Wakanyň çägi Londonyň köçeleriniň biri. Ýazyjy eseriň çägini oýlap tapanyndan soň, ony şol çäkdäki wakalary görmekden başlaýar. “Synlap otyrdym” diýmek bilen, ol öz oýlap tapan wakasynyň çägine häzirlikçe daşyndan, ýagny kafeniň penjiresinden seredýär. Filosofiýada islendik bir hadysanyň wagtynyň, çäginiň we giňişliginiň bardygyna ynanýarlar.  Bularyň haýsysynyň birinji bolup döreýändigi baradaky pikirlere bolan garaýyş häzirki günlerde hem dürli – dürli bolmagynda galýar. Ýazyjy wakanyň çägini beýan etmezden öň, onuň wagtyny habar beripdir. Ýöne biz okyjylara has düşnükli bolar diýen umyt bilen ilki wakanyň çägini kesgitlemegi makul bildik. Eseriň çägi hakynda häzirlikçe şular bilen kanagatlanyp, onuň wagtyna üns bereliň. Ýazyjy hekaýany “Güýz gijeleriniň birinde” diýip başlaýar. Edebiýatda wakanyň wagtyny ilki habar bermek däbi ýörgünli. Siz muňa köpsanly çeper eserlerden göz ýetirensiňiz. Agşam – Edgar Allan Po üçin tötänleýin wagt däldir. Munuň şeýledigi bilen ýazyjynyň terjimehalyny okanlaram, onuň köpsanly eserlerini (şol bir wagtda goşgularyny) okanlaram ylalaşsalar gerek, sebäbi şolaryň aglabasynda ýazyjynyň wagt taýdan Günüň garaňky bölegini ileri tutýandygy duýulýar. Wakanyň agşamlyk wagty ýazyjynyň görmek ukyby güýçlendigisaýy goýulaşyp, öz ornuny gijä, soňundan tümlüge berýär. Munuň beýle bolmagyny Edgar Ponuň ýapyk hem tutuksy häsiýeti bilen düşündirýän edebiýatçylaram bar. Ýazyjynyň kynçylyklardan we synaglardan doly ömründe onuň ýalňyzlyga imrinip, adamlaryň ýok ýerinde bolanyny kem görmeýändigi barada ýazylypdy.[2] Şol sebäpden Ponuň agşamy, gijäni, tümlügi özüne ruhy taýdan ýakyn wagt aralygy hasap eden bolmagy ähtimal. Iň bolmanda, biz ýazyjynyň şu wagt aralygynda ähli döredijilik işjeňliginiň ýüze çykýandygyny nygtap bileris. Şeýlelikde, Po wakanyň wagtyny agşamdan başlaýar. Agşam bolsa onuň hasratdan doly durmuşy bilen ýeke galyp, ony uly hyjuw bilen beýan etmäge ýykgyn edýän wagty, ýagny agşam – ýazyjynyň tragediýany, öz şahsy tragediýasyndan başlap, beýleki ähli tragediýalary duýmaga ýykgyn edýän wagty. Agşam ýazyjynyň ähli gaýgy – gamlarynyň janlanýan we obrazlar ulgamyny düzýän wagty. Belli nemes filosofy F. Niçşe “Tragediýanyň köki nämede?” – diýen soragyna “Mümkin, lezzet almakda, güýçli bolmakda, saglykda, dokuzy düzüwlilikde” – diýip jogap berýär.[3]

  Ýokardaky kesgitleme ýazyjynyň başdan geçiren duýgularyna gabat gelýär. “Köpçüligiň adamsy” hekaýasynyň derňewiniň dowamynda biz ýazyjynyň agşam, gije wagtynda ýüze çykýan tragediýasynyň ýokardaky sebäpler esasynda kemala gelýändigini subut ederis.  Wakanyň çägi we wagty barada aýdylanlary jemlesek, onda waka Londonyň köçeleriniň birinde, agşamlyk bolup geçýär. Häzirlikçe ýazyjy öz döreden meýdanynyň içine penjireden seredip otyr. Ýazyjy özüniň bu wakany beýan etmek höwesini ýokardaky sanawymyzyň göni birinjisinden başlaýar. Ol “...keselden gutulanymdan soň...meniň ýene-de keýpim göterildi” (şol ýerde)  diýmek bilen, öz görýänlerinden lezzet alýandygyny habar berýär. Ol şo wagtda hal – ahwaly üýtgäp duran adamyň birden şadyýan görnüşe geçip, uly hyjuw bilen gürrüň bermäge başlan pursatyny ýadyňa salýar. Ýazyjy öz ähli görýänlerini beýan etmekçi, ýöne ol öz beýanynyň beýlekilerden tapawutly boljakdygyny “elektrikleşen intellektiň” (intellekt – lat. Intelle  -akyl) garaşylmadyk, ýöne örän anyk kesgitlemeleri  oýlap tapýandygy baradaky pikiri bilen berkidýär, ýagny ýazyjy wakany elektrikleşen intellekt esasynda görmäge başlandygyny duýdurýar. Ol şular ýaly ýagdaýa haçan, nädip düşýändigini iki sözde mälim edipdir(seret: şol ýerde) Elektrikleşen intellekt – bu akyl öýjükleriniň elektrik tizligi bilen hereket etmegidir. Ýöne adamyň bu mümkinçilige gatnaşygy çäkli bolup, ol akyl öýjükleriniň ähli mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmeýär. Bu eýýäm ylmy taýdan subut edilen delilnamadyr. Ýöne bir tarapdan, biziň gürrüňimiz adaty adam barada däl-de, tutuş barlygy örän inçelik bilen duýup bilýän ýazyjy barada gidýär. Onuň dünýäni we adamlary hasratyň (tragediýanyň) aňyrsyndan aňlaýandygy hakynda belläpdik. Şol hasratyň ýazyjyny hereketlendiriji güýje eýedigini ýaňzydypdyk. Edgar Allan Ponuň dünýägaraýşyndaky hasrat F. Niçşäniň hasratyň tebigaty hökmünde kesgitlän duýgularynyň esasynda kemala gelipdir. Diýmek, hasrat – bu diňe jebir çekip ýörmek däl-de, bu eýsem, aňlamak – bilmek, göz ýetirmek, lezzet almak, hyjuwa eýe bolmak we ş.m  Eger-de hasrat çekmekligiň tebigatynda ýokardaky sanan duýgularymyz ýatan bolsa, onda ýazyjynyň: “...men gynançly zatlara-da begenip otyrdym”(sah.110) – diýmeginde kanunalaýyklyk bar. Şu ýerde hekaýanyň birinji sözlemini düşnükli bolar ýaly bölek – bölek däl-de, tutuşlygyna mysal getireliň. Şol sözlemiň mazmunyna görä, ýazyjy agşamyna güýz gijesinde Londonyň köçelerinden  birini kafeniň penjiresinden synlap otyr. Indi haýsy sebäbe görä biziň ilki agşamy, soň köçäni, soňundan kafeniň penjiresini – wagt, çäk, giňişlik hökmünde kesgitländigimiz düşnükli bolsa gerek. Onda “Synlap otyrdym” diýen jemleýji söz hakynda hem ýatladalyň. Synlamak – görmek nukdaýnazaryndan alsaň, bu Edgar Ponuň täze bir wakany beýan etmäge başlajakdygyny ýaňzydýar. Şol sebäpden hem “synlamak” işligi eseriň başlangyç nokady diýilmäge degişlidir. Biz hem makalany şu kanunalaýyklygy göz öňünde tutup görmek-synlamak –bilmek işlikleri bilen baglanyşdyrdyk. Indi ýazyjynyň “men gynançly zatlara-da begenip otyrdym” diýen sözlemine gaýdyp gelsek, hasrat – lezzet, şatlyk – gaýgy konsepsiýasy filosofiýanyň, etikanyň öwrenýän dualist häsiýetli duýgularydyr. Filosofiýada bu duýgulara özbaşdak düşündiriş bermedik akym ýok diýen ýalydyr. Edebiýatda biri – birine garşy ýagdaýlara – paradoksal ýagdaýlar diýlip, olaryň çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylmagyna bolsa antiteza diýilýär. Umuman, bu iki (şatlyk – gaýgy) konsepsiýany işlemedik edebiýatçy hem aňsat – aňsat gabat gelmez. Munuň sebäbi bu duýgularyň biziň durmuşymyzda örän wajyp orny eýeleýänliginden gelip çykýar. Bu duýgular köplenç halatda beýleki duýgularyň üstünden dominirleýji, ýagny esasy duýgular hökmünde çykyş edýär. Galyberse-de, şatlyk – gaýgy konsepsiýasynyň kulminasion (çözüji, çözüliş) häsiýeti bardyr. Aktuallygy (Işjeňligi) sebäpli, bu biri – birine gapma – garşy duýgulara bolan gyzyklanma gadymyýetde ýüze çykypdyr. Mälim bolşy ýaly, XIX asyr filosofiýada öwrülişikli asyrlaryň biri boldy. Sebäbi şo döwürde köpsanly filosofik akymlar ýüze çykyp,adam duýgularynyň tebigatyna täzeçe garaýyş kemala geldi we ylmy taýdan subut edildi. Belli nemes filosofy F.Niçşe “Tragediýanyň genialogiýasy” atly eserinde şatlyk – gaýgy konsepsiýasyna seljerme bermek bilen, olaryň biri – birini gaýtalap, gezekleşip gelýändigini hem-de bir kökdendigini nygtady. Şeýlelikde, F.M.Dostoýewskiniň dili bilen aýdanyňda, bu konsepsiýanyň tebigaty hakynda “ikitaraplaýyn taýajyk” diýen garaýyş emele geldi. Ýazyjy ikitaraplaýyn duýgulary başdan geçirýändigini açyk aýdýar. Onuň bir-de biparh, birde-de höwesli synlamak islegi hem şol ýagdaýda ýüze çykýar. Gürrüňi edilýän wakanyň Londonyň köçeleriniň biridigi hakynda ýokarda habar beripdik. Ýazyjy esasy wakanyň başyny şol köçäni giňişleýin beýan etmekden başlaýar. Netijede, biziň wagt hem çäk emele gelen wakamyzyň giňişligi örboýuna galýar. Ol giňişligiň ady – köçe. “Bu şäheriň esasy köçeleriniň biridi...”(sah.110) – diýip, ýazyjy derrew köçedäki adamlar hakynda aýtmaga başlaýar. Köçe barada bary – ýogy üç – dört sözden ybarat sözlemiň beýanyna seretmezden, beýleki bir köçe sypatlandyrmak ukybynyň ussady özüniň meşhur “Newa prospekti”[4] bilen ýadyňa düşüp gidýär. Köçe barada, elbetde, gadymyýetiň awtorlarynda-da dürli ýazgylara duşmak mümkin. Baryp-ha, şäheriň (polisiň) dörän döwründen bäri, jemgyýet ýaşaýşynyň olisitwareniýasy(janlandyrmasy) hökmünde köçeleriň ritorik mazmunly ýazgylary peýda bolupdyr. Köçe dünýäni, ýaşaýşy, jemgyýeti aňlatmagyň çeper serişdesi hökmünde çykyş edipdir. Ýene-de bir bellemeli zat, köçäniň “ikitaraplaýyn taýajygyň” obrazly aňlatmasyna laýyk gelýänligidir, ýagny onuň başynyň hem soňunyň ikitaraplaýyn häsiýete eýe bolup,onda gelmek we gitmek konsepsiýasyna kybaplyk bar. Muňa geometrik figura arkaly syn edeliň. Goý, köçäniň başlanýan nokady A nokat, gutarýan nokady hem B nokat bolsun. Şeýlelikde, biz aşaky kesimi mysal alýar ys:

  A                       B

Geliň, indi şu kesime B nokatdan seredeliň, ol A nokat aralygyna deň bolar ýa-da tersine. Diýmek, ýazyjynyň ähli zatda iki tebigaty, iki başlangyjy görmek ukyby şu ýerde has hem aýdyň görünýär. Gije düşdügiçe, adamlaryň sany köpelýär. Ýolçyralar ýakylandan soňra, olar iki sany akyma bölünip, köçeden geçip ugraýarlar. Ýazyjy gije düşdügiçe, öz “dünýäsine” çümmek bilen bolýar. Onuň “görüp başlamagy”  bada-bat märekäni iki akyma bölüp, ony herekete getirýär. Ýazyjy daşyndan synlamak bilen kanagatlanman, indi “görmegiň” täze usullaryna geçmelidigini duýýar. Has dogrusy, ol “görmek” aňsat bolar ýaly, birbada iki akymly märekäni beýan etse, beýleki bir tarapdan, “görmekligiň” tehnikasyny mälim edýär. Bu tehnika ylmy dilde analiz we sintez diýýärler. Bir tapawutly ýeri, biz Edgar Ponuň döredijiliginde bu derňewleri bilmek hadysasy hökmünde däl-de, görmek hadysasy hökmünde seljerýäris. Ýazyjy ilkibada märekä umumylykda seredendigini aýdýar. Umumylyk düşünjesi bu ýerde sinteziň kanunalaýyklygyny düzýär. Mälim bolşy ýaly, sintezde elementler umumy forma eýe bolýarlar. Ýöne Po bu hili görmek bilen kanagatlanmaýar. Ol öz görmek isleýän zadyna daşyndan umumylykda seredesi gelenok-da, oňa içinden – böleklere bölüp seredesi gelýär. Şeýdip, görmekligiň analizi başlanýar. Ýazyjy şol bölekleri märekäniň eşiklerini, manerasyny (özüni alyp barşyny), ýöreýşini, mimikasyny... öwrenmekde görýär. Märekäniň şu taraplary onuň ünsüni çekýär. Ýazyjyny gyzyklandyrýan sanawyň içinden ilki bilen märekäniň manera (özüňi alyp barmagyň medeniýeti) häsiýetnamasy açylyp görkezilýär. Ýazyjy olary özünden göwnühoş, ulumsy toparlar diýip atlandyrýar. XX asyryň ösen senagat önümçiligi adamlaryň özüni alyp barşyna ep-esli täsirini ýetirdi. Kapitalist jemgyýet täze aňy kemala getiripdi. Ýazyjylaryň hemmesi bu täze aňy oňlap barmadylar. Olar kapitalist jemgyýetiniň diňe öz bähbidiňe we öz “meniňe” gönükdirilen söwda, bazar gatnaşyklary syýasatyny tankyt edýärdiler. Megerem, bu närazylyk rus dilli edebiýatyna-da mahsusdygyna seretmezden, (F.M.Dostoýewskiý) iňlis dilli edebiýatynda has masştablaýyn, has ýiti duýuldy. (J.Golsuworsi, Ç.Dikkenz) Iki akymyň birinjisi şo hilli özünden göwnühoş, ulumsy adamlaryň toparyna degişli bolmaly. Akymyň ikinji toparyna bolsa, sypaýy sözler bilen aýdanyňda “aňkasy aşan” adamlaryň topary diýilse-de ýerine düşmän duranok. Bu adamlaryň topary öz – özleri bilen gürleşýärler we köpçülik ýerlerinde özüni ýalňyz duýýarlar. Elbetde, ähli jemgyýetde öz-özi bilen gürleşýän, köpçülikde özüni ýalňyz duýýan adamlary bu hili aňlatma bilen atlandyryp bolmaz. Ýok, biz muňa, hatda, islegem bildirmeýäris. Ýöne, hakykatyň hatyrasyna, bu ýerdäki atlandyrmanyň şertli ýagdaýdadygyny göz öňünde tutmaly. Gürrüň iki jemgyýetçilik gurluşynyň arasynda galan adamlar hakynda barýar. Bir tarapdan, “Öz ýakynyňy söý” diýen wesýet esasynda kemala gelen adamlar manufakturanyň, senagatyň ösmegi bilen, maşyn eýýamynyň başlamagy bilen täze bir döwre gadam basypdylar. Bu täzeçilligi bolsa, hemme adamlar islenilişi ýaly çalt kabul edibilmedi. Şol sebäpden “iki oduň” arasynda galan adamlar ýyl-ýyldan garyplaşyp, birwagt bir saçakda nan iýen adamlarynyň (indi olar özlerine jenap diýip ýüzlenmeklerini talap edýärdi) gara işçilerine öwrülipdiler. Bu bolsa, diýseň – diýmeseň, olaryň akyl ýetirişine we özüni alyp barşyna täsir etjekdi. Başgaça, olar täze jenaplardy we täze jenaplarynyň işçisine öwrülen köne jenaplardy.  Ýene-de şu ýerde tekstiň içindäki gizlin paradoksallyk bilen, kontekstual paradoksallyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýigriminji asyryň edebiýatynda bu iki akymdaky adam tipleriniň biri – birine öwrülişini, onda-da, ruhy öwrülişini beýan edýän eserler sanardan kändir.

 Adamlary manera babatda tapawutlandyrmak Edgar Ponuň aýratynlygydyr. Adatça, edebiýatda daşky geýim boýunça adamlary tapawutlandyrmak endigi bar. Bu däp bolup giden endik ýazyjynyň belli bir derejede hudožnikliginden habar berýär. Elbetde, Edgar Po hem daşky geýim boýunça jemgyýet gatlaklarynyň dürli wekillerini tanaýar. Ýöne ol muny ýazyjy – hudožnik hökmünde däl-de, ýazyjy – sülçi, ýazyjy – derňewçi nukdaýnazaryndan yzarlaýar. Onuň nazaryndan, esasan, adamyň şahsyýetine degişli, onuň sosial statusyna (jemgyýetde kim bolup ýaşaýandygyna) degişli soraglaryň sypmaýandygy görnetin duýulýar. Eger-de, beýleki ýazyjylar kimdir birini suratlandyrýan wagtynda , esasan, şol adamyň ruhy gözýetimine düşünmek isleýän bolsalar, Po bularyň tersinedir. Ol düşünen zadyny anyklamak isleýär. Anyklamak islegi onuň beýleki isleglerinden ýokarda durýar. Edgar Ponuň eserlerinde çeperçilik serişdelerinden doly, tutuş sahypany tutup duran suratlandyrmalara gabat gelmeýärsiň. Ol eselerindäki gahrymanlary örän inçelik, ussatlyk, ýitilik bilen synlaýar. Şeýle gyzyklanmanyň netijesiz gutarmajagy öz - özünden düşnüklidir. Ýazyjy şol adamda beýlekileriň görmedik iň ähmiýetsizje detalyny meselem getirýär-de, şol adamyň jemgyýetdäki ornuny aýan edýär oturyberýär. Ol, hamana, subutnama ýok ýerinden jenaýatçy hakynda kiçijek bir, beýlekileriň, gözüne ilmeýän detaly tapyp, şol esasynda tutuş derňew işini geçiren sülçi ýaly beýan edýär. Ponuň eserlerini okaýan wagtyň onuň şeýle ýiti synçylygyna haýran galýarsyň. Özem şol synçylygyň beýleki ýazyjylardaky ýaly ruhy – estetik garaýyşlaryň esasynda kemala gelen stil däl-de, adamyň sosial tarapynyň jemgyýetçilik – psihologik akyl ýetirişiniň aýratynlyklaryny açmaga gönügen stildigini aýtmak zerurdyr. Edgar Poda bular ýaly ukybyň nädip kemala gelendigini diňe çaklaýmak galýar. Sebäbi “ynha şu” – diýip, göni gerekli zadyň üstünden düşmek ukybyna mistika, gudrat diýmän näme diýjek?!

 Gijäniň barha ýakynlaşmagy bilen ýazyjy märekäni synlamak isleginiň içine doly çümýär. Ol muny: “...gije wagtynda tertipli adamlar öýüne ýygnanýarlar...ähli erbetlik bolsa, ýaňy bir öz hininden çykýar” (sah.112) – diýip düşündirýär. Eseriň şu ýerinden ýazyjynyň öz “wagtyna” düşendigini, indi onuň wakany özüçe, diňe özüne mahsus ukyby bilen “görüp” başlajakdygyny aňýarsyň. Ol adatdan daşary ýagdaýda görjekdigini gizläbem duranok.Gün şöhleleri bilen hoşlaşan köçäniň emeli çyralarynyň ýagtysyna görüp başlajakdygyny aýtmak bilen ýazyjy biziň ýokardaky pikirimizi berkidýär. Şular  ýaly çeperçilik serişdelerinde, meselem, hemme zatlar tümlüge gaplanandy, ýöne şol tümlükde-de gara agaç ýaly öwşün atýardy, (sah.112) diýmegi bilen, ýazyjynyň şahyrlyk ukyby özüni bildirýär. Po çeperçilik serişdeleriň üsti bilen (emeli çyralaryň ýagtysynyň – ýalana deňelmegi) okyjyny “ikitaraplaýyn” wakasynyň içine salybilipdir. Bu ýerdäki emeli çyralaryň ýagtysy ýöne bir ýagtylyk bermek hyzmatyny ýerine ýetirenok. Ol bijeli ykbalyň hyzmatyny ýerine ýetirýär. Sebäbi şol çyralar tümlükde kimiň ýüzüne düşse, şol ýüz ýagtylýar-da, ýazyjy ony has oňat synlabilýär. Tümlükdäki beýleki göwreleri ýazyjy “penjiräniň deňinden geçip barýan ruhlar” – diýip atlandyrýar. Ýene-de obrazlaryň köpmanylylygy, allegoriýasy, olisetwareniýasy(janlandyrmasy) – ählisi bir ulgamda, yzly – yzyna sepleşip, ýazyjynyň Günüň şöhleleri barka, “dogry” ýagtylyk bilen gören dünýäsiniň ikinji tarapyny, ýagny Gün şöhleleriniň deregine emeli çyralaryň ýagtysyna görýän “ýalan” dünýäsini örboýuna galdyrýar. Eseriň şu ýerinden “emeli dünýä” başlanýar. Ol dünýäniň çyralary hem emeli, adamlary bolsa – ruhlar.

 Ýazyjy penjirä ýelmeşip, olary synlap otyrka, birden altmyş bäş – ýetmiş ýaşlaryndaky, gagşap giden garry adama gözi düşýär. Kimdir birini ýatladýar gerek?! Hawa, bu garry adamyň obrazy edebiýat söýüjilere N. W. Gogolyň “Portret” powestindäki garrynyň keşbini ýatladýar. Deňeşdirip göreliň:

1)N.W.Gogolyň “Portret” powes

tindäki hem 60-70 ýaşly garry;

2) onuň hem keşbi gorkunç;

3) ony hem şeýtanyň obrazy hasap

edýärler;

4)powestdäki garry hem erbetligiň

simwoly, birleşen obrazy.

Ýazyjy bu garrynyň şeýtany ýatladýandygyny aýdanyndan soň, ýazyjy – derňewçi hökmünde öz düşünen zadyny anyklamak isleýär, barlap görmek höwesi Po-da birinji ýerde durýar. Ol garrynyň obrazynda-da ikitaraplylygy görýär, bir tarapdan, adam akylynyň ägirt uly mümkinçilikleri ýadyna düşse, beýleki bir tarapdan, hüşgär bolmak, husytlyk, açgözlük, sowukganlylyk, dönüklik, ganojaklyk, dabaralylyk, şatlyk, elheç gorky we tükeniksiz dert çekmek ýaly duýgular serine dolýar. Özem şu duýgularyň hemmesi ägirt uly tizlik bilen aňyndan geçýär. Eseriň şu ýerinde biz şeýtanyň obrazy barada ikinji bir maglumaty alýarys:

1)    Ol gorkunç keşpli garry (näme üçin garry adamdygy doly derňewe zerurlyk çekýär)

2)    Oňa tizlik mahsus. Şeýtanyň obrazyny tizlik  wagt aralygy bilen ölçemek synanşyklary hemişe-de bolupdy, ýöne bu synanşyklar diňe edebiýatda şowly gutardy diýip bileris. Şeýlelikde, ýazyjy ýaňky garrynyň täsirine düşýär. Onuň şol garry hakynda has köp maglumatlary anyklasy gelýär. Ýazyjy garrynyň keşbini ikitaraplaýyn suratlandyrypdyr: birinjiden – ol hapa , ýyrtyk eşikli garry, ikinjiden, haçan-da emeli çyranyň ýagtysy düşýän wagtynda, ýyrtyk eşikli bolsa-da, eşigiň gymmatbahaly matadan tikilendigini görmek bolýar, üstesine, garrynyň ýanynda göwher bilen hanjaram bar. Ynha, biziň ähli zatda “ikitaraplaýyn taýajygy” görýäris diýmegimiziň sebäbi şundan gelip çykýar. Po ähli nusgawy söz ussatlaryna mahsus bolşy ýaly, şeýtanyň obrazynda-da ikitaraplylygy saklapdyr. “Ne-hä baý, ne-de garyp” şeýtanyň obrazyna gündogar edebiýatyndan alnan käbir elementleri goşmakdan saklanybilmändir. Olar garrynyň ýanynda göterýän göwher bilen hanjarydyr. Bu bize derrew Abu Ali ibn Sinanyň “Ýola çykan wagtyňda, ýanyňda hökmany suratda üç sany zat bolsun. Olar : Gül, hanjar we göwherdir”  diýen sözlerini  ýatladýar. Elbetde, bu öwüt – ündewler gündogar mifologiýasynda her dürli žanrlarda (rowaýat, erteki, dessan, aýdym) duşýar. Özem bu motiwiň dörän wagty örän gadymy döwürlere degişli edilýär. Ýöne, Edgar Allan Po gündogar edebiýatynyň mifologiýasyny nireden bilýärkä? Oňa bu babatda, Geýnäniň, Gýotäniň täsiriniň ýeten bolmagy ähtimal. Mälim bolşy ýaly, bu nemes şahyrlary gündogar edebiýatyny örän söýüp okar ekenler. Edgar Po bolsa, nemes edebiýatyny örän gowy görüpdir. Şeýlelikde, garrynyň yzyna düşüp barýan ýazyjy içi gysmaz ýaly, beýleki çeperçilik serişdelerinem ulanypdyr. Meselem, onuň şo garry bilen ikiçäk galmak üçin eserinde ýagyş ýagmagyny oýlap tapan bolmagy mümkin. Biz bu ýerde ýagşyň G.G.Markesiň eserlerindäki funksiýany ýerine ýetirýändigini görýäris – ýagny, ýagyş kem-kemden beýleki adamlary köçeden ýygnaýar. Ýazyjy garrynyň yzyna düşýär. Şonda garrynyň hereketleri ony geň galdyrýar, garry bir-de çaltlyk bilen, bir-de haýýallyk bilen ýöreýär. Garry köçäniň soňuna çykansoňam, ýene yzyna gaýdýar.

Haýal, çalt

Gitmek, gelmek

                           – konsepsiýalary ýene ugurdaşlykda öz ýüzüni görkezýär. Bularyň gezekleşigi ýadyňa, çarhypelegiň aýlanyp durandygyny düşürýär. Diýmek, biziň köçäniň giňişliginde ölçän figuramyz (AB kesim) başga bir figuranyň –tegelegiň içine düşýär. Elbetde, biz bu figuralar hakda, olaryň edebiýatdaky simwolik orny hakda aýdyp, makalanyň masştabyny has giňeldip bilerdik. Ony adamzat, dünýä, älem, zemin nukdaýnazaryndan derňäbilerdik. Ýöne biz beýtmekden saklanyp, diňe garrynyň obrazyna gönükdirilen derňewimizi dowam edýäris. Diýmek, garry ýöräp – ýöräp, ýene öňki köçesine gaýdyp gelýär. Ol ýoluň ugrundaky söwda dükanyna barýar, ondan soň teatra barýar, iň soňunda bolsa, şäheriň çetki künjekleriniň birindäki jaýlaryň deňine barýar. Garrynyň şu geçen ýoly adamzat taryhyndaky ykdysady – medeni etaplaryň beýany ýaly bolup dur. Gynandyrýan ýeri, şol etabyň soňudyr. “Bu Londonyň garyplygyň we jenaýatçylygyň möhüri basylan iň ýürekbulanç hapa ýeridi” (sah.115) – diýip, ýazyjy garrynyň iň soňunda baran çetki künjegine baha berýär. Ýazyjy ol ýerdäki jaýlaryň islendik pursatda ýykylyp – ýumruljakdygyny aýdanda, jenaýatçylygyň we garyplygyň islendik gurluşy hem (hatda olar eserdäki ýaly beýik hem gadymy jaýlar bolaýanda-da) çüýretjekdigine ümleýär. Ol garryny köýmezden öň, güýçli ýanyp gidýän lampa meňzetmek bilen, onuň ömrüniň tamamlanyp barýandygyny duýdurýar we şol bir wagtda munuň sebäbini hem aýan edýär. “Güýçli ýagtylyk gözümizi gamaşdyrdy-da, biz öwrümde Jynyň öýüni – Içginiň ybadathanasyny gördük”(şol ýerde) – diýmek bilen, ol biziň ýokardaky- şeýtanyň obrazynyň gündogar mifologiýasynyň täsiri netijesinde emele gelendigi baradaky pikirimizi berkidýär. Sebäbi Jynlar, mälim bolşy ýaly, gündogar edebiýatyna mahsus ruhy güýçlerdir. Elbetde, bu gara güýçler günbatar mifologiýasynda hem azlyk edenok, ýöne olar günbatar mifologiýasynda jyn däl-de, demon, demiurg we ş.m atlandyrylýar. Üstesine, olaryň başgarak  spesifik- edebi häsiýetnamasy bar. Obrazlar babatda grek – rim mifologiýasyndan hem öňe gitmegi, megerem, Edgar Po nemeslerden öwrenen bolsa gerek. Belkem, onuň: “Ýer ýüzündäki käbir kitaplar özüni okamaga mümkinçilik berenok” diýen nemes jümlesini gaýtalamagynyň sebäbi şondandyr. (sah.109) Ýazyjy şol kitaplary käbir syrdan doly adamlar babatda ulanypdyr. Edgar Po garryny hem şeýle adamlaryň hilinden hasap edýär.

“  - Bu garry – diýip, men ahyrsoňunda boýun aldym. – Agyr jenaýatlaryň birleşen obrazy. Ol öz – özi bilen ýekelikde galyp bilmeýär. Ol köpçüligiň adamsy. Ony yzarlap ýörmegiň özi peýdasyz, sebäbi men ol hakda-da, onuň eden işleri hakda-da hiç bir zady bilibilmen. Sebäbi kök urup giden haramzadanyň ýüregi – dünýädäki iň ýigrenji kitap...şol sebäpdenem ony okamagyň mümkin däldigi üçin hudaýa şükür edýärin” – diýen netije bilen ýazyjy hekaýasyny jemläpdir. 

  Umuman, Edgar Ponuň ýekelikde gezýän garrynyň köpçüligiň adamsydygyny nygtamagy, biziň  “ähli zatda “ikitaraplaýyn taýajygy” görýär diýen pikirimizi güýçlendirýär we ony kanunalaýyk bir zada öwürýär. Ähli zadyň iki tarapyny görmek ukyby bolsa hemmelere bagyş edilen däldir. Sebäbi ikitaraplylyk – deňlik diňe adalatly şahsyýetiň analitik (seljeriş) ukyplary esasynda kemala gelýär. Bize bolsa öz gezegimizde,  şeýle anyk “görübilýän” we ony “ikitaraplaýyn” anyklaýan, seljerýän ýazyjynyň eserlerinden lezzet alaýmak galýar.

                                                                                  Bägül ATAÝEWA

 

 


 


[1] Edgar po rasskazy moskwa hud lit 1981

[2] Gerbi Allen. Edgar Po. – m,  1987 molodaya gwardiýa str 36 

[3] Fridrih niçşe soçinenie. Tak goworil zaratustra  moskwa mysl tom 2 str56

[4] “Newa prospekti”  N.W.Gogolyň galamyna degişli

26 |
|