Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Arzuwsöýer

"Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby"

2 minut alar

Ýagmyrly günleriñ biri.Elimde saýawanym,serimde dostluk hakdaky pikirlerim bilen işe barýan.Zemine sary ýol ýasan ýagyş damjalary saýawanyma degip çyt-çyt ses edýär.


"ÝAŞASYN ADAMYÑ HEM TEBIGATYÑ

ARASYNDA GÜWLÄP DURAN SAZLAŞYK"


Arasynda güñläp duran sazlaşyk". Serimdäki pikirleriñ köpüsi şahyrlaryñ şygyrlary bilen utgaşýar.Poeziýa tutuş durkuñ bilen berilmek bu bolsa gerek.Çünki,dostluk hakdaky pikirlerimi oýaranam oñat görýän şahyrlarymyñ biriniñ setirleridi:


"DOSTLAR GITDI, BULAŞYPDYR HASABY"


Dostluk.Göräýmäge ýöntemje,manysy düşnükli sözlerden biri ýaly.Emma her haýsymyz muña özümizçe düşünýän ýaly.Durmuşymyzdaky boşluklary dostlarymyz bilen doldurjak bolýas.Kimdir  biri bilen tanyşanymyzda ony göniden göni dostumyz yglan edýäs.Ol kişi hakykatdanam dostuñ bolmaga mynasypmy?Seniñ dostluga garaýşyñ bilen onuñky deñmi?Olam seni dosty hökmünde görýärmi? Bu zatlar hakynda oýlanmalydyram öýtmeýäris.
Belkem,biz gatnaşyklarymyza derrew at goýmalydyr öýdýäris.Täze tanyşan kişimizi ýönekeýje bir tanyş saýanymyzdan dost saýanymyzy eý görýäris.
Soñ näme bolýar diýýäñizmi? Sizi-hä bilemok,ýöne men dost diýenimiñ iñ ownujak hereketinden öýkeleýän.Ony "dostlarym" sanawyndan çykaryşymam,şol sanawa salyşym kimin çalt bolýar.
Men dostlarymdan kän zada garaşmandym ahyry.Bile gyzykly wagt geçirip bilmek,degişmek-gülüşmek,şatlygymy paýlaşyşym ýaly gussalarymy-da paýlaşyp bilmek.
Ýogsa-da,dostlarynyñ naharyna zäher sepmänlerini hormat saýýan şahyr mamla bolup bilermi? Dostlukdan,bir tabakdan aş iýmekden nädip nahara zäher sepmäge çenli ýetip bilýärkä bu tanyşlyklar?
Häzir öýkelän haýsydyr bir kişime "Men saña dostum diýipdim-ä"diýsem,olam maña "Bu seniñ ýazygyñ"diýäýjek ýaly bolup dur.
Dagy nä,gysga wagtyñ içinde ony "dostum"yglan etmegim meniñ müýnüm ahyry.Her gezek "Şu gezeg-ä adamlara çalt öwrenişmen"diýdigimçe öñkümdenem gysga wagtda öwrenişýändigime düşünýärin.
Buýr-bulaşyk içki dünýäm,pikirlerim bilen başagaý bolup ýörşüme işleýän ýerimiñ bosagasyndan ätlänimem duýman galypdyryn.
Ýeri bolýa-da.Gitse gitsin dostlarymyz.Şahyr aýtmyşlaýyn 

"SAG GITSIN-DE AMAN BOLSUN, GOÝ OLAR!"

 

102 |