Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

DOGA KYLÝAN ELLER

6 minut alar

 
“Käte bir gün bir ussadyň kagyzyň ýarty bölegine galam bilen çyzan ýa-da bir bölejik tagtanyň ýüzüne bir demir bilen gazap salan sudury onuň arly ýyllap äňrybaş azabyny siňdirip döreden eserinden has gowy we has çeper bolup çykýar” diýip beýik suratkeş, haşamçy (гравёр), çapçy, matematik Albreht Dürer öz nazary eserleriniň birinde ýazýar. Bu kyssa hem şol gürrüňi edilýän kiçijik we ýönekeý, emma dünýäde örän giň ýaýrap, nyşana (символ) öwrülip giden sungat eserleriniň biriniň döreýiş taryhy hakynda.  

XV asyrda Germaniýanyň Nürnberg şäheriniň golaýyndaky obajykda, bir baý howlynyň içindäki tamjagazda Wengriýadan göçüp gelen bir garyp maşgala kireýine ýaşaýardy. Asyl käri zergär bolan Albreht Dürer öz hünärini diňe gijelerine ýöredýärdi. Gündizlerine bolsa özüniň on sekiz baş çülpe çagasyny eklemek üçin golaý-goltumlarda näme iş tapsa kireýine haýdabererdi. Köp perzendi dünýä inderenligi zerarly mydama sag-sökel keýwanysyndanam oňa känbir goldaw ýokdy.

On sekiz çaga! Onça agzy aç etmän saklasa kaýyl atanyň olary ylymly-bilimli etmäge hiç haçan gurbunyň çatmajakdygyna çagalaryň ýaş başyndan gözleri ýetikdi. Emma ýaş kalplarda dömen arzuw-umytlar durmuşyň ajy hakykatlaryna pitiwa edýärmi näme? Düreriň uly ogly, 16 ýaşly Albertiň we ondan bir ýaş kiçi, kakasy bilen atdaş Albrehtiň göwün hyýallary beýik ussatlardan suratkeşlik hünärini öwrenip, bu sungata ömürlerini bagyşlamakdy. Zehinli ýetginjekleriň çem gelen ýere galamdyr kömür bilen çyzýan şekilleri hem olaryň bu hyýallarynyň bihuda däldigini köre-hasa görkezibem durdy welin... Nürnberg şäherindäki çeperçilik akademiýasyn-da birnäçe ýyllap okamak üçin harjy nireden almaly?

Ençe gijeleriň dowamynda çaga-çugadan hyryn-dykyn ýorgan-düşekde pyşyrdaşyp geňeş eden  aga-ini  ahyrsoňy bir çukura tüýkürdiler: bije atyşmaly! Bijesi çykan-a akademiýa gitmeli, bijesi galan bolsa golaýdaky kömür köwegine işe girip, onuň harajatlaryny üpjün etmeli. Soňra dört ýyldan akademiýany gutaran dogany öz çeper eserlerini satyp ýa-da öz gezeginde kömür köweginde işläp, beýlekini akademiýada okatmaly.

Olar şeýle hem etdiler. Ýekşenbe günki ybadat-dogadan soň taşlanan bijäni Albreht utdy we Nürnberge ugrady, Albert bolsa inisiniň okuwyny hem-de gaýry harajatlaryny üpjün etmek üçin kömür köwegine işe girdi.

Çagalardyr ýetginjekler inçemik bolanlary üçin darajyk kömür köweklerinde olaryň zähmeti şol döwürlerde giňden ulanylýardy. Üstesine olara hakam az tölenýärdi. Kömri arabajyklara ýükläp, agaç relslerde daşamak üçin çagalar ýeriň astyndaky hin ýaly uzaýan pessejik ötüklerde ýüzin ýatyp diýen ýaly olary itekleýärdiler. Ulurak çagalar arabajyklaryň ýüpüni garynlaryndaky kemere daňyp, şol dar ötüklerlerde emekläp, olary süýreýärdiler. Iň kiçijik körpeler günuzyn ýer astynda, tüm garaňkyda oturyp, howa böwetlerini açyp-ýapýardylar. Albert ýaly ýetginjekler bolsa ellerini zerzaw etdirip, kömür goparýadylar. Garaňky, demikdiriji, her pursatda opurylma howply köwekler köp ýaş ömürleri göýdükdi-ripdi,  ençemesini  bolsa heläk edipdi.  Emma  ähtine  gaýym  Albert ejir-külpetlere hem, ölüme hem göz ýumup, öz boýnuna düşen borjy berjaý edýärdi.

Albreht barada aýdylanda bolsa, onuň Nürnberg akademiýasyndaky okuw-tälimi bu ýerdäki sungat adamlary üçin haýranlyga öwrüldi. Onuň metala we agaja salýan oýma şekilleri, ýagly boýa suratlary eýýäm ençeme ussatlaryňka “gaýra dur” diýdirýärdi. Dört ýyl onuň üçin baýram ýaly geçip gitdi. Okuwyny gutaran wagtynda irgözinden at gazanan suratkeşe gelýän buýurmalar sanardan kändi.

Albrehtiň Nürnbergden dolanyp gelmegi mynasybetli Dürerleriň maşgalasy ýazlag ýerde saçak bezäp, öz ýakynlary bilen kiçijik şagalaň gurdular. Aýdym-sazdyr oýun-gülkä beslenen dabaranyň barşynda Albreht öz hormatly ornundan ör turup, Albertiň şanyna söz sözledi. Arzuwynyň hasyl bolmagy ugrunda agasynyň eden pidagärligini alkyş bilen ýatlap, sözüni şeýle jemledi:

-- Indi bolsa, agam, nobat seniňki! Arzuwyňa ýet! Nürnberge git-de, arkaýyn oka! Hiç hili gaýgyň bolmasyn: seniňem, bütin maşgalanyňam aladasyny indiden beýläk men öz üstüme alýaryn!

Hemmeleriň nazary uzyn desterhanyň aňry ujunda oturan Alberte tarap gönükdi. Emma begenmegiň deregine onuň ýüzüni sallap oturyşyna “Ýok, ýok, ýok... Sag bol, sag bol...” diýip, kellesini iki baka ýaýkaýandygyny gördüler. Ençe ýyllap ýer astynda, garaňkyda işlän ýaş ýigidiň gan-petsiz, hortaň ýüzünden ajy ýaşlar syrygýardy.

 Ahyry ol gözýaşlaryny sylyp, ýerinden turdy-da, desterhanyň töweregindäki ezizleriniň ýüzüne birlaý mährem nazar aýlady. Soň Albrehte garap, mylaýymlyk bilen:

-- Bu ýagşy niýetiň üçin sag bol, doganym – diýdi. – Ýöne indi meniň Nürnbergde işim ýok. Maňa bu zatlar giç. Ýeriň astyndaky dört ýylyň mähnetli işi meniň ellerimi, gör, nätdi? Barmaklarymyň hersiniň azyndan bir gezek süňki döwüldi. Olaryň boljagy boldy... Sen, näme, indiden soň şu eller ak kagyzyň ýa-da kendir matanyň ýüzüne galamdyr çotga ýöredip, nepis çyzgylar çyzar öýtdüňmi? Maňa bolsa şu bir çemçe çorbany agzyma dogry eltmegem görgi ahyryn. Ellerimiň damarlary çişip, gijelerine ýatuw berenok. Onuň üçinem, inim, sen indi maňa indiden soň “Nürnberg”, “okuw” diýme. Men “okap boldum”... Şol dowzah köwege giren ilki  günlerimden men saglygymdanam, arzuwlarymdanam el üzüpdim. Ýöne sen meniň azabymy köýdürmejek bolsaň, eýe bolan hünäriňde yhlas  edip, çagalyk arzuwlarymyzy amala aşyr, belent derejelere ýet, adymyza abraý getir! Diňe şu umyt bilen men uly külpete döz geldim. Ýoluň ak, bagtyň açyk bolsun!..

Howa, Albreht bu ynamy aňryýany bilen ödedi. Ýigrimi ýaşlaryndaka özüniň agaç haşam suratlary bilen  bütin Ýewropada meşhurlyga eýe bolan Albreht Dürer demirgazyk Gaýtadan döreýşiniň iň beýik suratkeşi hasaplanýar. Rafael, Leonarda da Winçi ýaly ägirt ussatlar, Martin Lýuter, Erazm Rotterdamly ýaly beýik danalar, Maksimilian I ýaly kuwwatly hökümdardan başlap ençeme patyşalardyr begzadalar onuň bilen dostlukly gatnaşykdady. Çet ýerli garyp zergäriň ogly şanyň tarhanlyk hatyny alyp, öz neberesini tugraly asyldarlaryň hataryna girizdi. Syýahat edip baran ýurtlarynda şäher kethudalary oňa ajaýyp jaýdyr iňňän ýokary aýlyk hödürläp, şol ýerde galmagy teklip edýärdiler. Emma ol her sapar öz dogduk mekanyna dolanyp gelýärdi. Barybir bu ýere uzak ýurtlardan oňa lomaý-lomaý buýurmalar gelip durdy, suratkeşiň gyzyla barabar gymmatlanýan eserleri bolsa bu ýerden kerwenler arkaly alyslardaky hyrydarlaryna iberilýärdi.

Bir gezek bir tütjar söwdagär Albreht Dürere ybadathana üçin surat sargyt etdi. Onda doga kylýan ýagşyzadanyň şekili bolmalydy. Suratkeş ýagşyzadanyň doga kylýan elleriniň garalama şekilini çekmek üçin nusgalyk gözläp uzaga gitmeli bolmady. Sungata höwesi we zehini özüniňkiden kem bolmadyk, emma ömür ýolunyň başlangyjynda agyr zähmetiň astynda maýyp galan garyp agasy edil häzir onuň kaşaň ussahanasynyň bir çüňkünde hemişekisi ýaly şükranalyk bilen doga kylyp otyrdy. Albreht onuň ellerini emaý bilen özüne tarap öwrüp, sähel salymda ol elleriň şekilini bir gök tagta kagyzyň ýarty tarapyna tuş bilen çekdi.

1508-nji ýylda çekilen, häzir Wenadaky Albertina muzeýinde saklanýan bu ýarysy ýyrtylyp aýrylan kagyzdaky garalama suratyň döränine bäş ýüz ýydanam köp wagt geçipdir. Sungatyň, ylmyň we tehnikanyň dürli pudaklarynda täsin açyşlar eden  A. Düreriň dünýäniň dürli muzeýlerinde saklanýan ägirt uly mirasy-nyň içinde ýene-de bolsa hut şu kiçijik eser iň meşhurydyr diýmek bolar. Onuň bu garalama suraty ulanyp döreden ýagly boýa şekilleri hem giň köpçülige onuň ýaly belli däldir. “Doga kylýan elleriň” dürli görnüşlerdäki  millionlarça nusgalary ýadygärlik sowgat, toý gutlagy, duýgudaşlyk-teselli alamaty hökmünde birek-birege berilýär, buthanalarda, ýaşaýyş we iş otaglarynda goýulýar.  Ýewropada onuň tekiz surat ýa-da gabartma (рельеф), Amerikada bolsa  heýkel görnüşindäki nepis nusgalary giň ýaýrandyr. Olar uçurym dabaralarynda hem ak patanyň alamaty hökmünde ýaşlara gowşurylýan doga-tumarlaryň biri.  Çünki beýik ussadyň bu kiçijik mirasynda onuň gamgyn kyssasyny bilýänler üçin durmuşyň bir mukaddes kadasy beýan edilen: ýaş zehinleriň güllemegi hem-de arzuwyna ýetmegi üçin zähmet çeken we doga kylan mährem eller ebedilik alkyş-hormata mynasypdyr. 
 

 
1 |