6 minut alar
DOGA KYLÝAN ELLER
“Käte bir gün bir ussadyň kagyzyň ýarty bölegine galam bilen çyzan ýa-da bir bölejik tagtanyň ýüzüne bir demir bilen gazap salan sudury onuň arly ýyllap äňrybaş azabyny siňdirip döreden eserinden has gowy we has çeper bolup çykýar” diýip beýik suratkeş, haşamçy (гравёр), çapçy, matematik Albreht Dürer öz nazary eserleriniň birinde ýazýar. Bu kyssa hem şol gürrüňi edilýän kiçijik we ýönekeý, emma dünýäde örän giň ýaýrap, nyşana (символ) öwrülip giden sungat eserleriniň biriniň döreýiş taryhy hakynda…