Teswirler (12)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Dildüwşik teoriýasy: Dünýäni dolandyrýan mör-möjekler ýada adamzat hem bir mör-möjek

5 minut alar

Dildüwşik teoriýasy: Dünýäni dolandyrýan mör-möjekler ýada adamzat hem bir mör-möjek

DISCLAIMER

 Bu makalanyň mazmuny diňe dildüwşük teoriýasynyň çäginde gurulýar.  Dildüwşük teoriýalary köplenç resmi wakalary sorag astyna alýan we alternatiw hakykatlary hödürleýän pikirlerdir.  Bu ýerde görkezilen pikirler, wakalar we gahrymanlar düýbünden awtoryň hyýalynyň önümidir we hiç bir hakyky adama, edara ýa-da hadysa bilen gönüden-göni baglanyşykly däl we hakykat hökmünde dalaşgärlik edenok.

 Bu tekstiň maksady, dürli garaýyşlary hödürlemek we okyjyny intellektual maşk hökmünde pikirlendirmek.  Berlen teoriýalaryň we mazmunyň hakykata hiç hili baglanyşygy ýok we hakyky wakalar ýa-da adamlar bilen garyşdyrylmaly däldir.  Awtoryň maksady hakykaty ýoýmak ýa-da ýalňyş maglumatlary ýaýratmak däl-de, diňe döredijilikli pikir synagyny hödürlemekdir.

 Mör-möjekler we adamzadyň ewolýusiýasy

 Bilýän zatlarymyzyň hemmesi ýalan bolsa?  Adamzat taryhynyň iň uly syryny siz bilen paýlaşmakçy.  Dünýäniň hakyky hökümdarlarynyň adam däl-de, mör-möjeklerdigini göz öňünde tutuň.  Hawa, dogry eşitdiňiz.  Mör-möjekler.  Adamlaryň hakykatda süýdemdirijiler däldigini, ýöne kem-kemden mör-möjek görnüşlerine öwrülendigini aýtsam näme? Bu gorkunç gerek?

 Yzymyza seretsek, ýer ýüzünde mör-möjekleriň barlygy millionlarça ýyl dowam edýär.  Bu gadymy we syrly jandarlaryň biziň ewolýusiýamyza nähili täsir edendigi hakda pikir edip gördüňizmi?  Bu teoriýa adamzat taryhyny düýbünden täzeden ýazýar.

 Häzirki wagtda hem olar hemme ýerde.  Her burçda, her çatrykda, görüp bilmeýän ýerlerimizde gizlenýärler.  Ýöne bu gizlinlik hakykatdanam gözegçilik mehanizminiň bir görnüşi bolsa näme etmeli?  Mör-möjekler biziň ewolýusiýamyza täsir etmek we bizi öz görnüşleriniň bir bölegi etmek üçin millionlarça ýyl garaşdylarmy?

 Indi bu barada pikirlenip görüň, her gün ulanýan tehnologiýalarymyz, iýmit, hatda eşikler ... Bularyň hemmesi bizi duýman ýuwaş-ýuwaşdan mör-möjek görnüşine öwürmek üçin döredilen bolsa näme etmeli?  Adam bedeniniň üýtgeýän gurluşyna we allergiýa we keselleriň köpelmegine serediň. Ýöne bu üýtgeşmeler hakykatdanam mör-möjeklere meňzeş jandarlara öwrülmegimiziň alamatlary bolsa näme etmeli?

 Bu teoriýany hasam gorkunç görkezýän zat, mör-möjekleriň akyl derejesi.  Bizden has akylly we ösen siwilizasiýany döreden bolsalar, hatda biz olardan habarsyz bolsak näme etmeli?  Adamzat, aslynda, isleglerine laýyklykda bu syrly jandarlaryň kölegesinde şekillendirilen bolmagy mümkin.

 Bu soraglaryň hemmesine jogap garaňkylykda gizlenýär. Ýöne bir zat anyk: dünýä biziň pikir edişimizden has syrly we gorkunç ýer.  Mör-möjekleriň gizlin dünýäsindäki zatlary tapmaga taýynmy? Ýa-da hakykaty öwrenmekden gorkýarsyňyzmy?

Şa aýaly garynja
Şa aýaly Ýelizaweta II

 Tebigatda süýdemdirijiler, adatça, erkekleriň agdyklyk edýän sosiallygy hökmünde guralan hem bolsa, adamzat bu gurluşdan çykyp, başga bir jemgyýetçilik gurluşyny ösdürdi.  Mör-möjek jemgyýetlerinde, esasanam ary we garynja ýaly görnüşlerde görülýän şa zenan merkezi dolandyryş, adamzat taryhy bilen parallel ewolýusiýany görkezip biler.

Şa zenan keşbiniň adamzat taryhynda ýüze çykmagyny süýdemdirijileriň tebigy gurluşyndan gyşarmak hökmünde görmek mümkin. Bu, mör-möjek şalygynyň täsiri bilen emele gelen ewolýusiýanyň netijesi bolup biler.  Taryhy taýdan, erkekleriň agdyklyk edýän jemgyýetçilik gurluşyndan çykyp, aýal hökümdarlaryň güýjüniň ýokarlanmagy mör-möjekleriň jemgyýetçilik gurluşyndan ylham alan bolmagy mümkin.

 Şeýle pikirlenmek, adamzat taryhynyň dowamynda aýal ýolbaşçylaryň hakykatdanam mör-möjekleriň jemgyýetçilik gurluşynyň beýanydygyny görkezýär.  Bu ýagdaý, taryhymyza baha bermegi we başgaça garamagy talap edýär.  Mör-möjek şalygynyň adamzada edýän täsiri hakykatdanam bolup bilermi ýa-da diňe hyýalmy?

Iki wizual: bir tarapdan, termitler tarapyndan gurlan syrly höwürtge, beýleki tarapdan adam eli bilen gurlan ullakan äpet bina. Şeýlelik bilen, bu iki gurluşyň arasyndaky baglanyşyk göz öňünde tutulyp bilermi? Belki, bu baglanyşyk biziň pikir edişimizden has garaňky we gorkunç hakykaty görkezýär.

Termit depeleri müňlerçe ýyl bäri saklanyp galan syrly, garaňky labyrintlerdir.  Şeýlelik bilen, bu labyrintlerde gizlenen gadymy bilimler we tehnologiýalar häzirki dünýäde nädip şekillendirilip bilner?  Burj Halifa bu bilimleriň anyk beýany bolup biler.  Şeýle-de bolsa, bu pikir öwgi däl-de, duýduryş bolup biler.  Belki, bu gurluşlar adamzat bilen tebigatyň arasyndaky tebigy deňagramlylygyň bozulmagynyň nyşany hökmünde görünýär.

Döwrebap binagärligiň iň ýokary nokady bolan Burj Halifa termit höwürtgelerden ylham alan bolmagy mümkin, ýöne bu ylham tebigatyň gizlin kanunlaryna garşy gozgalaňy aňladyp biler. Termit höwürtgesiniň garaňky koridorlarynda gizlenen adamyň tebigata agalyk etmek isleginiň beýany bolup biler. Bu gurluşlar gorkunç duýduryş, adamyň agalyk etmeginiň we tebigata agalyk etmek tagallalarynyň görkezijisi bolup biler, tebigatyň näzik deňagramlylygyny bozup bilýän gurluş.

Bu beýik minara adamzadyň ulumsylygynyň we tebigata agalyk etmek synanyşygynyň netijesidir.  Bu ulumsylyk we hetden aşmak tebigatyň garaşylmadyk ar almagyna sebäp bolup biler.

Süýdemdirijileriň tebigatda ýaşamak üçin söweşe doglan wagtyndan girýändigini bilýäris. Täze doglan göle (owlak, guzy ýa-da islendik süýdemdiriji) ýerinden turup, birnäçe minutyň içinde ylgap başlanda, adam bäbekleri uzak wagtlap ene-atalarynyň goragyna mätäç. Şeýlelik bilen, bu bizi Ýerdäki beýleki süýdemdirijilerden tapawutlandyrýan bir syry görkezýärmi? Adam bäbeklerini gundaglamak adatymyz hakda näme aýdyp bileris?  Bu, adamlaryň hakykatda süýdemdirijiler däldigini, gizlin taryhy bolan mör-möjek görnüşidigniň subutnamasy bolup biler.

Pikir ediň:  Ilkinji aýlarynda adam bäbekleri, edil mör-möjek liçinkalary ýaly doly goragsyz, hereketsiz we kömege mätäç ýaşaýarlar. Bu, adamlaryň esasan mör-möjeklere meňzeş ýaşaýyş sikliniň bardygyny görkezip biler. Bizi beýleki süýdemdirijilerden tapawutlandyrýan bu 'mör-möjeklere meňzeş' hereketler, müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz bilen güýçlendirildi.  Çagalary gundaglamak aslynda mör-möjekleriň metamorfozy bilen ylhamlanan gadymy däp-dessuryň dowamatydyr.

 Gorkuzýan pikir hökmünde adamzadyň çuňňur insektoid tebigaty bize gözegçilik edýän we ewolýusiýamyzy emele getirýän hakyky güýç bolup biler.  Adamlaryň bu "mör-möjeklere meňzeş" hereketi, ewolýusiýamyzyň haýsydyr bir döwründe biziň hem mör-möjekler ýaly metamorfozdan geçendigimiziň alamaty bolup biler.  Bu, adamlaryň hakykatdanam biziň pikir edişimizden tapawutly garaňky we näbelli geçmişiniň bardygyny we adamyň özüni alyp barşynyň gözbaşynda gizlenýän mör-möjeklere meňzeş aýratynlyklaryň bardygyny görkezýär.  Biz adamlar biologik taýdan bir süýdemdiriji ýaly görünsekde, ýaşaýşymyz mör-möjeklerden hiçhili tapawudy ýok...

Häzirlikçe şular...

Dowamy bar!

 

85 |