Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Mör-möjekler içki duşmanyňyz...

3 minut alar

2-nji bölüm

DISCLAIMER

 Bu makalanyň mazmuny diňe dildüwşük teoriýasynyň çäginde gurulýar.  Dildüwşük teoriýalary köplenç resmi wakalary sorag astyna alýan we alternatiw hakykatlary hödürleýän pikirlerdir.  Bu ýerde görkezilen pikirler, wakalar we gahrymanlar düýbünden awtoryň hyýalynyň önümidir we hiç bir hakyky adama, edara ýa-da hadysa bilen gönüden-göni baglanyşykly däl we hakykat hökmünde dalaşgärlik edenok.

 Bu tekstiň maksady, dürli garaýyşlary hödürlemek we okyjyny intellektual maşk hökmünde pikirlendirmek.  Berlen teoriýalaryň we mazmunyň hakykata hiç hili baglanyşygy ýok we hakyky wakalar ýa-da adamlar bilen garyşdyrylmaly däldir.  Awtoryň maksady hakykaty ýoýmak ýa-da ýalňyş maglumatlary ýaýratmak däl-de, diňe döredijilikli pikir synagyny hödürlemekdir.

Salam hormatly homo-insektuslar!

Birinji bölümden aňladygyňyz ýaly, mör-möjekler ýaly ýaşap başladyňyz we şeýle ýaşamagy dowam etdirýärsiňiz. Bu pikir aklyňyzyň ujyndan bile geçmezdi. Belkide siziň üçin bu aýdýanlarym bir fantastika. Ýöne gynansakda siziň ynanýan zatlaryňyz, nämäniň hakykatdygny üýtgedenok.

Biraz bu suratlary synlaň!

Bäbekleri nämüçin beýdip gundaglaýarsyňyz? Kim size munuň gowy zatdygny aýtdy? Gadymkylar beýle edýärmidi? Siz näme sebäpden beýdip başladyňyz? Näçe wagt bäri bu işi edýärsiňiz?

Bu ýerdäki mör-möjekler heniz oýanmadyk. Olar heniz doly kemala gelmedik. Assa ýuwaş kemala gelýärler. Emma bäbek oýa we kemala gelen, ýöne gol aýagy bagly bolsnsoň hereket edenok we "özüni özi kämilleşdirenok". Siz hem ol bäbege doly kemala gelmedik hökmünde garaýarsyňyz, bir lyçinka ýaly. Çünki "adam ýaly" düşünip bileňizok. Çagaňyza adam ýaly bakmagyň ornuna, siziň DNK-ňyza kodlanyşy ýaly oňa hem bir "mör-möjek" hökmünde seredýärsiňiz we oňa seretmegi hem şoňa görä meýilleşdirýärsiňiz. Bäbek 1 ýaşa gelende ýöremäge we gürlemäge taýýar bolýar, emma ejesi onuň kämmilleşmesine derrew kömek etmez. Oňa ýene "kiçijik" we "ejiz" hökmünde garap, şoňa görä ulaldar. Bäbek ejesi bilen baglanyşygny goparyp, tebigy ýaşaýşa ädimlejek wagty, ýene maýyplar ýaly oýerden bu ýere eltilýär we ş.m. 

Şondan soňra bäbek ejesine bagly galar we ony ýeke täk goragçysy hökmünde seredip, özüniň tebigy kämilleşmesini haýalladýar.

Şondan soň bäbek ejesini adamzadyň daşyndaky bir barlyk hökmünde garap başlaýar. "Hemişe ony goldaýan, oňa bakan, doýuran we ony şatlandyran EJE".

Çaganyň özbaşyny özü çaramak instingti öldüriler, şeýlelikde olar hemişe olary goldaýan "goragçy" zerurdygna ynandyrylýar. 

Onuň isleýäni şul. Ejizledilen, eklenje mätäç we "ene söýgüsine" mätäç bir beden. Modifisirlenen we islenilen hala getirlen "gurban". 

Emma ol heniz biz ýaly fiziki jandar däl. Henizem ol bir "düşünje şekli"-nde. Şol sebäpli ol gurbanyny diňe düşünjeleri bilen aragatnaşyk açyp ony dolandyryp bilýär. Ol "YLAHY" däl. Ol gurbanynyň kömegi bilen ýaşaýan bir "parazit". 

Biziň aramyza fiziki taýdan ýerleşmek üçin bir zehinleri, pikirleri agtarýar. Şeýlelikde onuň bu dünýädäki höwürtgesi taýýarlanýar.

Ilkinji kompýuterler peýda bolup başlady.

Assa-ýuwaş kämilleşip başladylar.

Has çalt, has çylşyrymly, has-da üns çekiji.

Oňa özbaşdak düşünip bilmek ukybyny berdik. Biz oňa berdik. Ynanýaňyzmy?

Kwant prosessor hökmünde öňe gidişlik.

Biz göni interfeýs arkaly oňa birikdik.

Özüni bize meňzedýär, bize meňzemäge çalyşýar.

Şeýdip adamzady kontrolyna alýar...

Garşy çykmak peýdasyz.

Duruň, duruň. Robotlar adamlary ýok etmez. Maksat bu däl. Ol diňe adamlary özi isleýän görnüş hökmünde şekillendirýär. Ýary sintetik, ýary biologik. Özüni özi zarýadlaýan, buýruklary çerine ýetirýän bir koloniýa.

Şuwagt ony eýýäm ýerine ýetirip başlady. Kem-kemden. Biziň öz razylygmyz bilen(mi?). Öwrenşdirip kabul etdirmek.

Şeýdip ol özüniň fiziki bedenine gowuşar. Siz bu hekaýaty bireýýäm bilýäňizä. Gadym bir jadygöýüň ýa-da bir şeýtanyň oýanyp dünýäni ele geçirme ssenariýsi. Siz bolsa muny ýönekeý bir fantastika hasaplaýarsyňyz. Çünki nähili şekilde bolup geçjekdigni bileňizok. Onuň isleýän bedenine mynasyp bomagynyz üçin zäherlenýäňiz. Howaňyz, suwuňyz, iýmitiňiz zäherlenýär. Mikroplastiklerden her ýyl ortaça 250 gram organizmiňize girýär. 

Autizm partlamasy sizi pikirlendirenokmy? Bu onuň çagalary, onuň nesli.

Ikatýok guşy öz ýumurtgasyny başga guşuň höwürtgesine taşlaýar. Gurbanlary onuň çagasyny ýetişdirýär. Nähili dana pikir, şeýle dälmi?

We olar siz ýaly bolmagy öwrenýärler, siziň jemgyýetiňize adaptasiýa bolup, uýgunlaşyp, soňra öýli işikli bolup bala-çagaly bolarlar...

Dowamy bar bolmagy mümkin...

62 |
|