Teswirler (1)

Ýüklenýär...

Deň bolmaly däl,beýik bolmaly

1 minut alar

 

Seljuk hökümdary Soltan Sanjar geçirimlikde örän adygan eken.Bir gün wezir-wekilleri we nökerleri bilen bir obanyň deňesinden geçip barýarka,ýaşaýjylaryň biri Soltana gödek sözleri bilen ýüzlenipdir.Nökerler salymyny bermän,ýaňky şaltakçynyň goluny gandallap,Soltanyň ýanyna getiripdirler."Muňa degmäň,elini çözüň we öz ýoluna goýberiň.Goý,diyesi gelen zady diýip,içini sowatsyn.Göwnünde arman galmasyn"diýip,soltan parahatlyk bilen buýruk beripdir."..Emma,hökümdarymyz,bu siziň şanyňyza dil ýetirdi ahyry edepsizlige eglişik etmek,bigadyra ýagşylyk etmek,şor ýere tohum sepmekdir.Yhlasyňyz yrýa bolmakdan başga hiçzat gazanyp bilmersiňiz"diýip,wezir-wekilleri soltana gylaw bermäge çalşypdyr."Bendesiniň dil uzadany bilen ynsanyň mertebesi peselmez.Deň bolmaly däl,beýik bolmaly.Geçirimlilik bilen iň möhüm zat-ömrüň berekedi gazanylýandyr"diýip,soltan jogap beripdir.

49 |