Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Déjà vu we ylym

3 minut alar

 

Geçen makalamda belleýşim ýaly, biz düýşi oýa wagtymyz hem görüp bilerismi? Biziň oýa wagtymyzda görýän täsin zadymyz, has dogrusy ýatlamamyz bu düýş däl. Onuň ylmy ady déjà vu. Adamlar dežawýu effektini düýş bilen baglanyşdyrýarlar, çünki olar bolup geçýän hadysany ýadynda galan düýşleriniň käbir elementleri bilen meňzeş görýärler. Irki döwürlerde dežawýu başgaça oýa wagtynda görülýän düýş diýilse, häzirki wagtda bu çaklama ýalňyş diýlip bellenildi.  
 

Dežawýu-bu näme? 

Bu sözi siz, köplenç, kinofilmlerde, telewidenýelerde, gündeki durmuşyňyzda eşdip görensiňiz. Onuň adamyň aňynda birnäçe sekundyň dowamynda bolup geçýänligi sebäpli, bu  täsin ýagdaý häli häzire çenli ylym üçin çözülmedik syr bolmagynda galýar. Muňa garamazdan, dežawýu barada alymlar köp maglumat topladylar.


Dežawýu (fransuz dilinde "déjà vu"- "öň görülen" manyny aňladýar)-bu adamda şol wagtdaky bolup geçýän hadysalaryň öň bolandygy ýa-da görlendigi barada döreýän psihiki ýagdaý.  Ýatlap geçsek, dežawyu hadysasy sizde-de, iň bolmanda, ömrüňizde 1 gezek bolup geçendir.  Soňky geçirilen barlaglara görä, bu täsin ýagdaý syýahat edýän we köp film görýän adamlarda beýlekilere görä  ýygy-ýygydan bolup durýar.


Bu termin ilkinji gezek fransuz psihology  Emil Buarak tarapyndan "Psihologiýanyň geljegi" atly kitabynda 1876-njy ýylda ulanyldy. 
Fiziologik nukdaýnazardan seredenimizde dežawýunyň döremeginiň sebäbi adam beýnisidir. Onuň üstünde eksperiment geçirmek örän howply we kyndyr, sebäbi sähel ýalňyşlyk goýberilen ýagdaýynda adam kör ýa-da ker galyp bilýär, hatda ysmaz keseline hem duçar bolup bilýär...


90-njy ýyllarda neýropsihiatr Pýer Gluryň nygtamagyna görä, adamyň ýady "dikeltme" (retrieval) we "tanama" (familiarity) funksiýalaryny ulanýar. 1997-nji ýylda bolsa neşir edilen işinde bellemegine görä, dežawýu hadysasy ýadyň "dikeltme" funksiýasynyň däl-de, "tanama" funksiýasynyň işjeň wagty ýüze çykýar.
Şeýle hem alymlara dežawýu wagtynda kelle beýnisiniň haýsy bölekleriniň işleýändigini bilmek başartdy. Kelle beýnisiniň  bölekleri ýadyň dürli bölümlerine jogap berýär. Maňlaý bölegi geljege, çekge bölegi geçmişe, ortaky-esasy bölegi bolsa häzirki wagta jogap berýär. Bu bölekler öz kadaly işlerini ýerine ýetirenlerinde bir zadyň boljakdygy baradaky pikirimiz diňe haçanda biz geljegimiz barada pikir, alada edenimizde, plan düzenimizde ýüze çykýar. 


Hakykatda, geçmiş, şu wagt we gelejek biziň beýnimizde hemişe hereket edýär. Biz nämedir bir zady alada edýäris, geçmişdäki şoňa meňzeş ýagdaý bilen deňeşdirýäris we geljekde bu ýagdaýa düşenimizde nähili hereket etmelidigimiz barada netije çykarýarys. Şol wagt hem beýnimiziň gerekli bölekleri işjeňleşýär. Eger gysga we uzak wagtly ýatlamalarymyzyň arasyndaky baglanyşyk köp bolsa, häzirki wagt geçmiş ýaly kabul edilýär we dežawýu effekti ýüze çykýar. 


Käbir psihologlar bu hadysa adaty goranyş funksiýasy hökmünde seredýärler. Ýagny, haçanda kyn ýagdaýa düşenimizde stresde wagtymyz özümizi köşeşdirmek üçin biz awtomatik usulda şoňa meňzeş geçmişde başymyzda geçiren ýagdaýlary gözläp başlaýarys. 
Dežawýu hadysasy haçan görendigiňizi we onuň näme baradadygyny ýadyňyza düşmeýän, ýöne öň gören filmiňize meňzeşdir: dežawýuny başyndan geçirýän adam, ýagdaý näçe tanyş bolsa-da, haçan we nirede görendigini ýadyna düşürip bilmeýär. 


Dežawýu hadysasynyň tersine durmuşda žamewýu ("jamais vu") effekti hem gabat gelýär. Žamewýu effekti adamyň tanyş zatlary düýbünden tanamazlygy bilen häsiýetlendirilýär.
Žamewýu adaty huş ýitirmeden tapawutlanýar, sebäbi bu hadysa birdenkä ýüze çykýar: gürleşip oturan halatyňyzda  dostuňyz duýdansyz size nätanyş bolup görünýär. Bu adam baradaky maglumatlar durşuna ýok bolýar. Ýöne "žamewýu" effekti dežawýu garanda az duş gelýär.

Ýokarda belleýşim ýaly, dežawýu hadysasy örän çylşyrymly ýagdaý we oňa doly we dogry derejede düşünmek örän kyn. Muňa garamazdan alymlar bu täsin ýagdaý bilen baglanyşykly köp maglumatlar topladylar we häzirem onuň üstünde işlemegini dowam edýärler.

74 |