Daşky gurşawy goramak – geljegimiziň ruhy we maddy kepili
2 minut alar
“Tebigatyň gözelligi onuň baýlygynda däl, onuň arassalygyndadyr”.
Dünýäniň ähli künjeginde adamzadyň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri – daşky gurşawy goramakdyr. Tebigat diňe bir ýaşaýyş çeşmämiz bolman, eýsem, nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagynyň hem kepilidir. Şonuň üçin, daşky gurşawy goramak baradaky mesele diňe alymlaryň ýa-da ekologlaryň işi däl, eýsem, ähli jemgyýetiň, her bir adamyň öňünde duran beýik borçdur.
Adamzat tebigatyň aýrylmaz bölegidir. Ýer, suw, howa we ösümlik dünýäsi – biziň ýaşaýşymyzyň diregidir. Emma soňky ýyllarda ylmy-tehniki ösüşiň çaltlaşmagy, senagat kärhanalarynyň köpelişi, şäherleriň giňelmegi bilen daşky gurşawa ýetirilen zyýan barha artýar. Mysal üçin, dünýäde her ýyl 10 million gektardan gowrak tokaýlaryň ýok edilýändigi aýdylýar. Bu diňe bir agaçlaryň däl, eýsem, müňlerçe guşlaryň, haýwanlaryň ýaşaýyş ojagynyň hem ýok bolmagydyr. Şeýle ýagdaý adamyň tebigata edýän täsiriniň netijeleridir.
Elbetde, ekologik kanunlar we halkara şertnamalar möhümdir. Ýöne iň güýçli kanun – bu ynsanyň öz ýüregindäki jogapkärçiligidir. Her bir adam tebigaty goramagy öz durmuş ýörelgesine öwürmelidir.
Plastiki gaplary ýöriteleşdirilen ýerlere zyňmaklyk, öýde elektrik energiýasyny tygşytly ulanmak, suw çeşmesini ýerlikli harjamak, her möwsümde yzygiderli bag ekmek ýaly kiçi işleriň her biri umumylykda uly ähmiýete eýedir.
Bir agaç ekmeklik – müňlerçe damja arassa howany adamzada sowgat etmekdir. Bir damja suwy tygşytlamak – nesiller üçin arassa çeşmäni saklamakdyr.
Daşky gurşawy goramak diňe tebigaty saklamak däl, eýsem, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny hem üpjün etmekdir. Ýerleriň zaýalanmagy oba hojalygyna päsgel berýär, howanyň hapalanmagy ilatyň saglygyna täsir edýär, suwlaryň hapalanmagy bolsa, jemgyýetiň durmuş derejesini pese düşürýär. Eziz Diýarymyzda bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar: ýylsaýyn millionlarça bag ekilýär, şäherleriň töwereginde ýaşyl zolaklar döredilýär, suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu alnyp barylýan taryhy özgertmeler diňe bir halkymyzyň däl, eýsem umumadamzadyň ýagty geljegini nazarlaýar.
Ýaş nesil – geljegi gurujy güýçdür. Şonuň üçin, ýaşlaryň daşky gurşawa bolan garaýşy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň tebigaty goramak çärelerine işjeň gatnaşmagy olaryň düşünjesini has-da giňeldýär, ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrýar. Ýaşlaryň bag ekmek çärelerini göz öňüne getireliň: kiçi bir meýdança gülleýän tokaýa öwrülýär. Bu diňe bir ösümlik däl, eýsem, ýaşlaryň ýüreginde tebigata bolan söýgüniň kök urmagydyr.
Daşky gurşaw – biziň ýaşaýşymyz, biziň saglygymyz, biziň geljegimizdir. Ony goramak diňe borç däl, eýsem, beýik ynsanperwerlikdir. Her bir adam nusgalyk hereketleri bilen öz ojagyndan başlap, bütin jemgyýete oňyn täsir edip bilýär.
Geljekki abadançylygyň, durnukly ösüşiň, bagtyýar durmuşyň açarynyň daşky gurşawy goramakdadygyny ýatdan çykarmaly däldiris!
Bahargül HALILOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.