Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Damja 2 – Ýola taýýarlyk

2 minut alar

 Salam. Nähili ýagdaýlaryňyz? Menem erbet däl. Höwesim gaçmanjyk maksadyma ymtylsam, täzelik bolsa gelip aýdyp bererin diýipdim. Akja zatlar birnäçe gezek düýşüme girip ýatyrmady. Ilki-ilkiler şo gorkunç balykdan gorkup oýanýardym. Soňa-baka şol ýagýan zatlara seredip düýşlemden keýp alyp başladym. Ýöne düýşler seredip ýatmak üçin berilýän däldir şeýle dälmi? Ymtylmajak bolsaň arzuwyñ näme peýdasy bar? Garaz şu pikirler bilen ýokary çykmagyñ küýüne düşdim. Bir zatlar edip ýokary çykmagyñ ugruny tapmalydym. Geçenki ýaşulyñ ýanyna barasym gelenokdy. Birhili gürleýşi mañzyma batmandy. Töwerekden soraşdyrdym. Başga bilýän tapmamsoň barmaly boldum.

 Näme-de bolsa öňki ýerinde tapdym. Bu gezek boşrak eken. Meni görüp erbedem garşy almady:

 -Gel inim, sen şol araky bilesigeliji ýigit dälmi?

 -Hawa, men sizden ýene bir zatlar soramana geldim.

 -Gel, geç. Aýdyp otur.

 -Menem edil siziň gidişiňiz ýaly ýokary gidesim gelýär.

 -Akja zatlary görmek üçinmi?

 -Diňe bir olam däl. Men hakyky şöhle göresim gelýär.

 -Häää tüweleme şöhläň yşgyna düşdüňmi? Nähili ýola girýäniňden habaryň barmy? Gereginden artykmaç zatlar görmegiň nähili howply bolup biljegi göz öňüňe gelenokmy?

 -Men indi gözümi ýumup tümlük içinde ýaşap ýöresim gelenok. Bilmekdenem gorkamok, öwrenmekdenem. Siz maňa diňe nädip gitmelidigini öwrediň. Nirä barmaly, nämeli gitmeli?

 -Pylan ýere baryp gitmeli diýip zat ýok. Öz içiňde käbir üýtgeşmeleri etmeli. Fizika-himiýa dagy bilýän bolsaň pikirlenibem tapyp bilersiň.

 Fizika-himiýa dagy näme diýmek diýip sorap bilmedim. Utandym. Näme-de bolsa yzynam aýdyp başlady. Soramaly bolmadym:

 -Başlangyçda esasy iki sany möhüm zat bar. Birinji bilenä hemişe ýyly damjalar sowuk damjalardan has ýokary bolýandyr. Eýtde-beýtde içiňi ýylatjak bol. Ýagtylygyň ýok ýerinde men özümi nädip ýylydaýyn diýme. Yhlas etseň bolar. Herkime mähirli bol. Ikinji hem aslynda kän bir üýtgeşik däl. Duzly damja hemişe has aşakda bolýandyr. Birzatlar etde süýjejek bol. Duzuňy azalt. Diňe bir diliň, gürleýşiň süýjiligi däl. Aňyň, ruhuň, duýgularyňy süýjetjek bol. Ýuwaş-ýuwaş ýokary galarsyň. Hatda ýokary galýanyňam duýman galarsyň. Irmän, ýadaman üstünde işlemelidir. Hezillik ýokdur.

 -Sag boluň köp-köp. Minnetdar. – diýdim-de gaýtdym. Diýen zatlaryny bellemegem gerek bolmady. Hemmesi aňymda sözme-söz ýaňlanyp durdy.

 Men indi nädip süýjejek bolmaly? Men hemişe şu şorlugyň içinde ýaşadym ahyry. Hatda şorda gezip ýörenimem, ýokary gitdigiňçe duzuň azalnýanynam şuwagt bildim. Mundan öň bu babatda pikirem etmändirin. Sowuk barada-da şeýle. Ýokarynyň has ýylydygyny men nirden bileýin? Entäk bilmeýän zadym kän bolarly. Ýyrtyjy balygy görýänçäm şöhledenem habarly däldim ahyry. Aý bolýa-da, iň bolmanda nädip ýokary çykmalydygna öwrendik. Indi praktika geçmeli. Häzirlikçe sagboluň. Täzelik bolsa ýene gelerin.

14 |