"DÄLI" boluň, emma "KOMPÝUTERŞIK" bolmaň ...
5 minut alar
Salam, hormatly Makalam platformasynyň agzalary,
Bu meniň bu platformada ilkinji makalam. Bu makalada üstünde durmak isleýän mowzuklarym bolsa "DÄLILIK" (gowy manyda), "KOMPÝUTERŞIKLER", "KÖPHÜNÄRLIER" we gysgaça entek özüni gözläp tapmadyklar. Sorasaňyz, bularyň biri-birine degýän ýeri näme ? Bulary bir ýerde jemleýän zatlar barada däl de, geliň bulary biri-birinden aýyrýan zatlar barada gürrüň açalyň.
Hünäriňi dogry saýalamak
Mežnunyň Leýliniň däli aşygy bolşy ýaly, sizem ömrüňiz ötýänçä işiňizi söýüp onuň dälilerçe aşygy bolmak (göçme manyda) islemezmisiňiz ? Söýýän işiň bilen güýmenmek, edýän işiňi söýmek, we ondan soňky deme çenli lezzet almak üçin birnäçe möhüm şert bar.
- Halaýan, söýýän işiňizi anyklamak,
- Halaýan hünäriňizi dogry saýlamak,
- Gündelik wagtyň aglaba bölegini şol iş bilen güýmenmek,
- Söýýän işiňizde dälilerçe ussatlaşmak.
Söýýän işiňiziň "DÄLISI" bolmaly. Ol işde, ol hünärde ussatlaşmaly.
Sorasaňyz, bu ýere nädip geldik ? Onda geleliň asyl bu düşünişmezligiň nireden gelip çykanyna...
Asyl düşünişmezlik
Biziň ýurdumyzda dillere dessan bir hünär bar, ol hem "KOMPÝUTERŞIK". Emma meniň şahsy pikirimçe bu hünär däl. Bu, IT hünärlerinden uzak biriniň, islendik IT ugry bilen güýmenýän adama dakýan ýasama ady.
IT ugurlarynda onlarça, belki has hem köp ugurlar bar. Olardan birnäçesini sanasam: Network hünärmeni, Serwer administrator, Database administrator, Backend developer, Frontend developer, 3D Designer, Video editor, we ş.m.
Men, uniwersitet ýyllarymda, 5 ýyllap diňe programmirleme we matematika okadym. Ýurdumyza gaýdyp gelemde, özümden ulyrak tanyşlaryň biri maňa AutoCAD programmasynda bir zat ýasap bermegi haýyş etdi. Meniň bu haýyşa "oňaramok" diýen jogabyma diýseň geň galdy. Soňunda, "Ahow, sen 5 ýyllap näme okadyň otaýda?" diýdi...
IT hünärlerini dogry düşünmeýänler, içinde prosessor, plata, simler bolan islendik zady "KOMPÝUTERŞIK" oňarýandyr öýdýärler. Hatda olaryň pikiriçe "Kompýuterşikler", týuner sazlama, parabolik antenna sazlama, dükanlardaky POS enjamy düzedip, sazlap bermek, mobile enjamlary we smart sagatlary, ak-gara printeriň, reňkli printeriň reňklerini dolduryp bermek, browser'a, mobil enjama programma ýazmak, notebook bejermek ýaly ähli işlerden başy çykmalydyr öýdýärler.
Siz hiç sport awtoulaglaryny, egin-eşikleri, interýer ýa binanyň daşyny, Web'de ýa mobil enjamda user interface'i, kitap we žurnallary birbada dizaýn edýän "DIZAÝNER" görüpmidiňiz ?
Siz hiç italýan, rus, ýapon, hytaý, türk, arap tagamlarynyň köpüsinden, hem asyl tagam hem süýjiliklerden, hem etli hem wegetarian, deňiz önümlerinden, ähli etli önümlerinden, doňdurmalardan, çaýlardan, hamyrly önümlerden, alkogolly we alkogolsyz içgilerden başy çykýan "AŞPEZ" görüpmidiňiz?
Siz hiç karate, aikido, dzýudo, jiu-jitsu, kung fu, uşu, boks, sambo, kikboks, taekwondo, muay thai, nindzýa stil, gylyçlaşmak, okly ýaraglary ulanmak ýaly ugurlaryň ählisinde ökde bolan "SÖWEŞÇI" ýa "TÜRGEN" görüpmidiňiz ?
Çynymy aýtsam, men hem görmedim. Siziň hem berjek jogabyňyzy öňünden bilýärin. We meniň bulara şeýle bir soragym bar: "Ahow, siz 5 ýyllap näme öwrendiňiz?"
Isleseňiz bu adamlara 5 däl-de 50 ýyl beriň, onça ugry bir adamda ussatlarça jemlemek mümkin däl. "Her çemenden bir gunça" diýen ýaly, her ugurdan çigit ýalyjak zat öwrener, emma hünärleriň hiçisinde ussatlaşmaýar.
Muňa da bir mysal hökmünde bir waka ýadyma düşýär. Daşary ýurt dilleriniň birini okaýan tanşymyň biri: "Men ilkinji ýylymda 20'den gowrak dilde salamlaşmagy öwrendim" diýip öwünerdi. Emma okuwyny gutaransoňam şonuň öz okaýan ugrunda, öz bilmeli dilinde bolmalysy ýaly ussat bolandyr öýdemok.
Bu zatlary jemlesek, şeýle bir netije çykýar. Sizden äpet bir haýyş, söýýän kiçijik bir ugruňyzy saýlaň-da ol ugurda "DÄLI"-lerçe ussatlaşyň.
Mysal üçin:
- Frontend Developer
- Backend Developer
- UX/UI Designer
- Tikinçi
- Aşpez
- Awtoulag ussasy
Mundan has hem gowy maslahat, ýokardaky ugurlary has hem daraldyň we ol ugurda dälilerçe ussatlaşyň ('a', 'b', 'c' - da görkezilenler):
- Frontend developer
- React.js developer,
- Angular developer,
- Vue.js developer,
- Backend developer
- Express.js developer,
- Java Spring Boot developer,
- Ruby on Rails developer,
- Django developer,
- UX / UI Developer
- Mobile UI developer,
- Mid/large screen UI developer,
- Tikinçi
- Zenan milli köýnek tikinçi,
- Gyz çaga egin-eşikleri tikinçi,
- Erkek çaga egin-eşikleri tikinçi,
- Aşpez
- Toý dabaralary boýunça tort konditer,
- Keks, piroženoe görnüşli önümler boýunça konditer,
- Türkmen milli tagamlar aşpezi
- Awtoulag ussasy
- Toyota awtoulaglary boýunça elektrik,
- BMW hereketlendirijeri boýunça ussa,
- Mercedes kondisioner ulgamy boýunça ussa,
Bu görkezilenleriň ählisi ýöne kiçijek bir mysal. Öz şertleriňize, ýagdaýyňyza we halaýan işiňize görä ýokardaky ýaly hünärleriň birini saýlamak siziň özüňize galýar.
Mekdepdäki waka
Asyl edýän işim barada, ugrum, hünärim barada ogluma da bir agyz düşündirdim. Mekdepde meni tanaýan mugallymlaryň biri ogluma, "Şuny Eminiň kakasy seredip bermezmika, Eminiň kakasy kompýuterşigä" diýen sowalyna, oglumyň gönimel "Ýok, meniň kakam kompýuterşik däl, programmist" diýen jogaby meni diýseň begendirdi. Etmeli iş bolsa, ýa Windows gurnap bermeli, ýa printere seredip bermeli, ya şuňa meňzeş bir zatdy. Käbir ýagdaýda bulary başarsam başarýanam welin, bu işden lezzet almaýandygym sebäpli, güýmenesim, wagt aýyrasym hem gelenok.
Ýüze çykyp biläýjek soraglar
Munça okalanlardan soň şeýle bir sorag ýüze çykan bolup biler.
Onda Elon Musk, Jeff Bezos ýalylar näme ? Bular biri-birine bagly bolmadyk dürli ugurly şereketler açyp dolandyrýarlar. Dünýäň pulynam gazanýarlar. Bu adamlaryň edýän işi we gazanjy, seniň berýän maslahatyňa gabat gelmeýär.
Ine bu iki milliarderiň şereketler sanawy..
Elon Musk:
- SolarCity (güneş panelleri öndürýär)
- SpaceX (raketalar)
- Twitter (IT şereket)
- The Boring Company (Tunnel gazýan şereket)
- Neuralink (Emeli aň bilen meşgullanýan şereket)
Jeff Bezos:
- Amazon (Söwda platformasy)
- AWS (Amazon Web Services - web hyzmatlary)
- Blue Origin (Kosmos enjamlary)
- The Washington Post (Gazet, žurnal)
Dogry. Olar ençeme iş bilen meşgullanýarlar, dünýäniň puluny hem gazanýarlar. Emma dogry düşüniň. Olar oturyp "Neuralink"-de emeli aň programmasyny ýazmýar, "The Washington Post"-da makala ýazmaýar, "SpaceX"-de raketa öndürmegiň çyzgylaryny çyzmaýar, "Amazon"-da ammarda ýa-da dostawkada işlemeýärler.
Olar bu şereketleri dolandyrýarlar. Olar uly işläp duran çarhy dolandyrmagyň hünärini okadylar, öwrendiler we ol işde ussatlaşdylar. Siz hem olar ýaly bolmak isleýän bolsaňyz, ol işi söýýän bolsaňyz onda Menejment, ýa-da şoňa meňzeş dolandyrmak bilen bagly okuwlary/ugurlary okaň.
Jemläliň
Bu makalany şeýle bir hekaýa bilen jemläsim gelýär. Belki bu hekaýany eşidensiňizem.
Bir şereket, işinde ulanýan enjamyny (goý bu HP printer bolsun) bejertmek üçin ençeme ussa ýüz tutýar. Bu ussalaryň ählisi beýle enjam bilen ençeme wagt işleýändiklerini emma beýle näsazlyga gabat gelmändiklerini aýdýarlar. Belki sebäbini anyklasalar gysga wagtda çözüp biljekdiklerini nygtaýardylar. Emma, geň zat, näsazlygyň sebäbini tapyp bilmeýärler.
Ahyry soňunda maslahat boýunça öwülen we bir ýerlerden tapylan bir ussa duşýarlar. Ol ussa 2-3 minut enjamy dürli taraplaryndan synlap, näsazlygyň sebäbini anyklap, enjamyň bir ýerjiginde kiçijik bir bölejigi (goý bu boltik bolsun) çalşyp goýberýär. Enjam daş edip işläp başlaýar.
Ertesi gün bu ussa, ýerine ýetiren hyzmatlary üçin şerekete 10 001 (on müň bir) manat hasap ugradýar. Şereket şok bolýar. "Bujagaz iş üçin onça töleg talap etmek bolarmy? Goý 10 000 (on müň) kabul etdikmişin, soňundaky 1 (bir) manady näme ?"
Ussa jogap berenmiş: "1 (bir) manat, çalşan bölejigimiň (boltik) tölegi, 10000 (on müň) bolsa bu hünäri öwrenmek üçin sarp eden ýyllarymyň we jemlän äpet tejribämiň tölegi" diýipdir.
Bu äpet we belki beýle manyly bolmadyk makalany okamak üçin sarp eden wagtyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Ähliňize saglyk-amanlyk, üstünlikler we dynuwsyz gujur gaýrat dileýärin !!!