Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Backend Programmaçy

PHP dili

2 minut alar

Informasion asyry

Ählimiziň bilşimiz ýaly XXI asyr informasion asyry boldy. Informasiýanyň mukdary çalt depginler bilen artýar. Bu onlaýn söwda, marketing, reklama, bilim we beýleki pudaklara informasiýa bilen işlemäge mejburlyk  döretdi. Häzirki wagtda hiç bir edarany ýa-da hususy kärhanany şahsy torsuz ýa-da web saýtsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu programmaçylara hem uly mümkünçilikleri döretdi. Dogursy programma düzüş pudagynda hem soňky wagtlarda düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi. Indi programmalar ýa-da saýtlar noldan (sada dilde) ýazylmaýar. Her bir informasion meseläni çözmek üçin her bir programmirleme  diliniň öz goşmaça gurallary bar. Bu gurallar programma we web-saýt gurluşyny has hem tizleşdirip ýokary öndürijiligi gazanmaga mümkünçilik berýär.

PHP dili

Web saýt ýa-da programma gurmak üçin köpimiziň bilşimiz ýaly programmirleme dilleri ulanylýar. Her bir programmirleme dili haýsydyr bir informasion pudakdaky meseleleri çözmek üçin niýetlenendir. Meselem Python dili aýry meselä Golang aýry meselä niýetlen. Ýöne olaryň umumy ýerleri-de gabat gelýär. Şu makalamda esesan PHP dili hakda durup geçesim gelýär.

PHP ýokary derejeli programmirleme dili bolup 1995-nji ýylda Rasmus Lerdorf tarapyndan döredildi. Ol backend programmirleme dili bolup IT ulgamynda özüni tanatdy. Backend näme ? Bu web programmirlemäniň bir şahasy bolup web programmanyň serwer hasaplaýyş  bölümidir. Backend programmaçy programmanyň login, registrasiýa, maglumat bazasyna birikme bölümine başgada birnäçe işlerini sazlaýar. Hatda şu makalanyň web saýtda saklanylmagy bakend bölegiň işi esasynda ýerine ýetirilýär. Frontend bölekde bolsa web saýtyň ulanyjylara görünýän bölegi ýerleşýär. Meselem görýän animasiýalarymyz, ýazgy bölekleri we ş.m frontende degişli. Frontend bilen backend biri-biri bilen baglanşykda işleýär. PHP dili hem serwer hasaplary ýerine ýetirmekde uly öndürjilige eýe. Facebook-yň belli bölekleri hem şol dilde ýazylan. Ýene-de bir zady belläp geçesim gelýär. Häzirki wagtda internet ulgamynda, sosial torlarda PHP dilini pes tizligi üçin tankytlaýarlar. Şol tankytlaryň hiç biri hem hakykat bilen gabat gelmeýär. Arassa kod ýazylmadyk ýagdaýynda hiç bir programma hem öndürjilikli işlemeýär.

PHP dili özüniň sadalygy we öwrenmäge aňsatlygy bilen has meşhur.

 <?php
 
 echo("Hello world");

Emma diliň ýeke özünde web saýt ýazmak köp wagty talap edýär. Şol sepäpli hem her bir programmirleme diliň belli maksada gönügen freýmworky ýa-da kitaphanasy ulanylýar. PHP diliniň Larawel freýmworky web saýt ýa-da web programmanyň logikasyny ýazmakda giň mümkünçilik döredýär. Bu freýmwork barada indiki makalamda (has dogrusy makalalarymda ) giňişleýin belläp geçmekçi. Öz tejribämde ulanyp gördüm gowy freýmwork.

github  https://github.com/Kesha005

Eger soragyňyz bolsa teswir ýazyp bilersiňiz (Has dogrusy ilkinji makalam)

82 |
|