Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

CLUBHOUSE

4 minut alar

Pandemiýanyň möwç alan wagtlary. Hemme ýer gulply Atabaý . Wideoçy Kakajan öýündäki “Almaly” kompýuteriniň başynda kofýajygyny owurtlapjyk montaž işlerine gümra bolup otyr. Aý näme pandemiýa sebäpli her kim öýde eli boş. Onsoň bir kellesi işleýän bende “Clubhouse “ programmasyny oýlap tapypdyr (Oňňardaý şuna) ýöne diňe “Almaly” telefony barlar ulanyp bilýär. Hany adalat? (Puluň bolmasa adalaty gözleme han ogul!)

Kakajan hem almaly telefon ulanýanlaryň hatarynda. Instagramdaky Türkmen tanyşlary ony Clubhouse-a çagyrdylar. Girip görse tüweleme ep esli Türkmen bir grupbada gybat kakyşyp hezil edip otyrlar. Täze gelene üýşip “Hoş geldiň-de hoşgeldiň”, barysy gara gadyr. Derrew tanyşlyk açylýar. “Wiýýý siz şol Wideomontažçy Kakajan diýilýänmi? Gaty gowy suratdyr wideolaryňyz bar. Maňa-da öwredäýiň-dä?”

“Eý waý. Girenim şu wagt welin eýýäm bir zatlar hantama adamlar. Onça kilometr daşdan men nädip wideo montaž etmäni öwredeýin?” diýip Kakajan içini gepledip otyrka birdan gapy kakyldy. Baryp gapyny açsa ýüzi maskaly Makgy dur;

– Agam salawmaleýkim. Habar bermedim welin aýyplaşma, öýde ýeke özüm içim gysdy-da kofýajyk içeli diýip gaýdyberdim.

– Aý oňarypsyňeý Makgym. Gelnejeňä işe gitdi. Gel geç, gazly jaýyň ýerinä bilýän. Rezko 2 sany ajyja kofýajyk ýasa onsoň saňa bir programma görkezjek!

Kakajan bir zatdan galyp barýan ýaly haýdap gelip clubhouse-daky Türkmenlerden ötünç sorady. Ine 5 minut soň Makgy elinde 2 bokal ajy (zäher) kofýany alyp geldi. Seretse Kakajan başagaý bolup birileri bilen gürleşip otyr.

Makgy pyşyrdap “Agam! Bular näme diýýäraýt? Munça Türkmeni bir ýere nädip üýşürip bildiň? Gowja gyzlaram barmy? Seslerä ýaşajyk hemmesiniň!

– Durhoow inim. Hemme zady düşündirjek,howlukma!

Onsoň Makgy akyllyja bolup diňläp otyrdy. “Gürleýän zatlaryna seretseňä bular gaty ylymly bilimli adamlara meňzeýär? Biri Amerikada master okaýar, ýene biri Ýewropa…. Molodes men diňe Ors bilen Türkde Türkmenler bardyr öýdüp ýördüm ahyry?!” Iň soňunda çydaman Kakajandan edil şu programmany açyp bermegini haýyş etdi emma bir problem bar. Makgynyň telefony Android. Oňa muňa jaň edip ol meseläni hem çözdüler. Soň Makgy Kakajan bilen hoşlaşyp öýüne gaýtdy. Indi Makgynyň bar pişesi şol artyp Clubhouse boldy. Gulagyna nauşnigini dakyp irdenden agşama çenli wahaha wahaha. Bir gün oýun oýnaýarlar, beýleki gün üýşip kino görýärler. 1–2 hepde soň bile ýaňaýan öýündäki oglanlary ony bir birdan otaglaryndan kowup başladylar. Sebäbi oglanlar düşünenok. Makgy olara bir zat diýýärmi ýa başga birine. Oglanlar jogap berýärler welinä “Ýokhow saňa diýemok!” diýip nauşnigi görkezýär, yz ýanyndanam “Saňa diýýänhow” diýip oglanlara yrsaraýar…

Günlerde bir gün üýşip “Goşgy agşamy” gurnapdyrlar. Her kim paslaşyp goşgy okaýar emma bu gün olaryň grupbasyna täze guşjagaz goşulypdyr. Ulanyjy ady “Gül”. Baýbaýow sesi dagyn 10 gyza degýär, labyzly okaýyşy 100 gyza degýär, (Häpsii) wah asgyryşy milýon gyza degýär.

Makgy bu Clubhouse programmasynda täze tilsimler öwrendi ahyry. Isleseň beýlekilerden daşary aýratyn grupba açyp bolýan ekenä. “Dawaý Güli çagyraýyn?”

Ynha bar zadyň başy şol grupbadan başlady oturyberdi. Gürleşiberseler bular garyndaş hem çykyberdi;

– Aý oglan sen nirede okaýaň?

– Nigdede.

– Şol ýerde meniň jigim hem okaýar. Ady Leýli

– Hawa tanaýaryn. Tejenli dälmi?

– Hawa Tejenli. Menem Tejende köp ýaşadym!

– Eýwaý niresinde?

– Kerpiçnyda “Ak öýli” kafeniň ýanynda

– Bäh. Sen meniň ejemi hem tanaýansyň onda? Bahar gelneje diýýärler.

– Hawa süýt satýan gelneje. Tanaýan tanaýan.

Şeýdip gürleşip gürleşip bular söýgüli boldy oturyberdi. Günlerde bir gün Makgy ejesine bu gyz barada gürrüň bermek isledi;

– Eje menä bir gyz tapdymaýt!

– Hä ýene niriň nämesini tapyp ýanyp köýüp ýörkäň? Aýt hany?

– Şu 2 köçe aňarymyzdaky Baýramgül gelnejäniň jigsimişin. Ady Gülbahar.

– Hmmmm men ony gowy tanaýan. Elinden dagy dür dökülýändir. Sypdyrmagyn, haçan gitmeli olara? Gözümi ýumup gitmeli hem bolsa gitjek!

– Duraweri jan dogan. Zat aýdarlygam ýogaý beh….

Günler geçdi, aýlar geçdi. Bu ýaş juwanlar toý edip durmuş gurdylar. Toýlaryndan soň ikisi bileje Stambula gezmäne gitdiler. Makgynyň dogan oglany Ahmetler gelin çörege çagyrypdy welin barsalar ýene 2 sany myhman bar. Saglyk amanlyk soraşyp bolansoňlar nahara oturdylar. Nahar başynda beýleki oglan oturyp oturyp Clubhouse barada söz açdy;

“ Eý şu wirus döwri şol priloženiýada her kim gülüşdi, degişdi welin söýüşenler hem barmyka? Aý näbileýin internetden tanşyp söýüşmek maňa bir hiliräk gelýär!”

Ahmet aşaklyk bilen ýylgyryp “Eý dost sen näme diýýäňhow? Edil gapdalyňda şol priloženiýada tanşyp, söýüşip toý edenler otyr!”. Öýüň içi dym dyrslyk. Soragy soran oglan utanjyndan haýdap haýdap naharyny iýýär….

10 |