Teswirler (16)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Bu gyzlardan uzak dur

6 minut alar

Bu gyzlardan gaç.

Erkekler barada, erkekleriň nähilekdigi, nähilek gyzlary halaýandygy, nähili häsiýetleriniň howpludygyny, nähili erkeklerden uzak durmalydygy we ş.m birtopar zat barada ýazgylar, makalalar, wideolar bar. Esasanam nähilek erkekleriň howply bolýandygy, nähilek erkekleriň ikilik edýändigi, nähilek erkekleriň psihopat, narsist we dälidigi barada gaty kän maglumatlar bar. Erkekler we olaryň dünýäsine degişli gaty kän zat bolandygy üçinem, aýallara degişli zatlar kän ýok ýa-da gürleşilenok, ýa-da gaty öňe çykanok. Şeýle-de aýallar barada erkeklere bir zatlar gürrüň berýän, aýallaryň tebigaty, nämeleri halaýandygy, häsiýetleriniň nähilekdigi barada olary habarly etmek isleýän adamlar ýa-da toparlar kän ýok. Bu bolsa erkekleriň aýallar bilen baglanyşykly maglumatynyň gaty pes bolmagyna, aýallar barada köp zatlara ýalňyş düşünmeklerine sebäp boldy. Aslynda Red Pill pelsepesi hem şonuň bir netijesidir.

Size bu mowzugymda nähili aýallardan uzak durmalydygyny, nähili aýallaryň sizi has köp aldadyp biljekdigini düşündirmekçi. Bu aýal-gyzlar töweregiňizde gaty kändir aslynda. Ýöne erkekler, başda-da aýdyşym ýaly aýallar barada maglumat taýdan gaty erbet yzda bolandyklary üçin, gözüniň öňündäki zatlary hem görmekde kynçylyk çekýärler. Sebäbi bilenoklar. Bu aýal-gyzlaryň azyndan biri siziň töwerekleriňizde-de bardyr. Bu aýal-gyzlary göreňizde bary etmeli zadyňyz aýdan zatlarymy pikirlenmek we bulardan başardygyňyzça uzaklaşmak. Iň esasanam: bu aýal-gyzlara asla ýüz bermezlik we söýüşmek, gürleşmek islemezlik. Sebäbi bu aýal-gyzlar, üns berýänçileri gaty kän bolandygy üçin şeýle ýagdaýda aslynda. Ýagny biz erbet gyzlar diýip tankytlaýarys, ýöne olaryň bar bolmagyny we kän bolmagyng sazlaýan aslynda erkekler. Şol sebäpli muny bileliň, her görenimize ýüz bermäliň we muny beýleki kişilere-de aýdalyň, düşündireliň.

1. Ünse aşyk bolanlar.

Aýallaryň iň ejiz ýeriniň üns, ýagny gyzyklanmadygyny bilýäňizmi? Muny 15 müň aýal-gyz bilen işlän Adyl Ýyldyrymam aýdýar. Ol eger-de bir gyza däli ýaly üns berseňiz ony yrmagyňyz 2-3 hepde alar diýýär. Muny çykan her programmasynda-da belläp geçýär. Adyl muny aýtmasa-da aýallaryň ünse aşykdygyny gaty kän kişi bilýär. Menem size şu ýerden duýduraýyn. Eger bir gyz ünse aşyk bolsa, diňe "maňa seretsinler", "meniň bilen gürleşsinler", "meniň bilen gyzyklanmaly", "diňe meni tassyklamaly" diýip ýören bolsa, sähel üns berilende derrew üýtgeýän bolsa, ol gyzdan size haýyr gelmez. Sebäbi bu kişiniň ejiz ýeri gyzyklanma. Eger-de siz onuň bilen bir ýola girseňiz, ýa-da durmuş guraýsaňyz, başga kişileriň däli ýaly ünsi zerarly size dönüklik edip bilerler. Üns berýän oglan dagy gelşikli, pullurak bolsa dat günüňize. Bu diňe real durmuşda däl. Wirtualdaky ýagdaýyna hrm seretmeli bolýaňyz. Eger yzarlaýjysy 2-3K we ondan ýokarsy bolup, özi hem üýtgeşik suratlar (dodagyny her hili edýän, öz bedenini her hili ýagdaýda görkezjek bolýan, müň dürli eşik geýýän) paýlaşýan bolsa, arkaňa seretmäň gaç. Sebäbi bularyň hassalygy ünsdir we 2-3K adamlaryň içinden azyndan 500 kişi ýazýandyr. Siz "men alsam düzederin" diýip bilersiňiz. Ýöne siz onuň gyzyklanma mätäçligini kanagatlandyrmasaňyz arkaýyn başga birine gidip bilerler. Sebäbi aýallaryň iň ejiz ýeri şol.

2. Pula aşyk bolanlar.

"Muny bilmeýän barmy" diýip bilersiňiz, hak aýdýaňyz. Ýöne bularyň sanynyň pikir edişiňizden gaty erbet kändigini bilýäňizmi? Hatda size şuny aýdaýyn: köp gyz baý we pully birini isleýändigini özine aýdanok, ýagny özüne ýalan sözleýär. Şol sebäpli "akylly, meni söýýän biri bolsa bolýar" diýen kişilere-de üns beriň.

Üýtgemeýän bir düzgün bar: pul üçin gelen, pul üçin gider.

Ynsanyň maddy ýagdaýy mydama şol bir durkunda durmaýar. Başyňyza kynçylyklar gelip biler, iň kyn günleriňiz gelip biler, hatda ullakan kompaniýalaryň hem birden çökýändigini we gaty sokulýandygyny köpüňiz bilýänsiňiz. Şular ýaly ýagdaýda eger ýanyňyzdaky pul üçin sizi söýen bolsa, sizi bellibir wagtdan soň taşlar we bir zarba hem ol ýerden alarsyňyz. Siz başagaý bolup durkaňyz ýene bir gezek çökersiňiz. Adyl Ýyldyryma bir programmada birtopar profil (ýagny gelşikli we akylly, gelşiksiz we pully ş.m) aýdýarlar we bularyň haýsysyna üns bererler diýýärlär. Adyl Ýyldyrym ençeme profiliň içinden diňw pullularyň syrtlanlar bilen (ýagny babnikler) ýaryşjakdygyny ýöne ýene-de pullularyň gazanjakdygyny aýdýar. Sebäbem "bu döwür pul döwri, şu döwri göz öňünde tutup aýdýaryn" diýýär.

Pully aşyk bolanlary aňsat tanap bolmasa-da tanamak gaty kynam däl. Bu ýagdaýda ýene iş size düşýär we gatnaşyga başlamankaňyz gowy analiz etmegiňiz gerek. 

3. Geçmişinde birtopar kişi bilen gürleşen.

Aslynda iň uly maddamyz şu bolmalydy. "Erkekde geljege, aýalda geçmişe" serediler sözlemi gaty dogry sözlemdir. Bu söze häzirki feminen şerraý agzalary garşy çykyp, erkekleri aýallaşdyrmaga synanyşsalar hem bu sözlemiň dogrudygyny gaýta aýallaryň özi tassyklap gelýär. Heý 4-5 oglan bilen gürleşip, söýüşip, olar bilen ençeme wagt geçirensoň size kanagat edip oturarmy bu kişi? Ýa-da siz ol kişini gelniňiz edip alarmysyňyz?

Siz maňa "goýsana how, gürleşmedik gyz galdymy" diýip gaty mamla sorag berip bilersiňiz. Men "geçmişinde gürleşmedik" diýemok, aslynda şol bolsa has gowy. Ýöne iň azyndan 1, iň köp 2 kişi bilen gürleşen bolsa bolar. Ondan soň näme üçin aýryldylar, näme üçin uzak dowam etmedi, kim terk etdi ýaly soraglara däli ýaly jogap gözlemegiňiz gerek. Mysal üçin diňe bir oglan bilen gürleşendir, ýöne ol oglan bilen diňe kiçijek sebäpden aýrylandyr, ýa-da oglan 2 gün idän däldir welin aýrylandyr, bular möhüm zatlar. "Nädip bileli" diýmegiňize gerek ýok ýigitler, maglumat jemläp bilmek aňsat. Esasanam joralary köplenç dogry zatlary aýdagan bolýar.

Bir aýalyň emosional güýji mydama şol bir derejede durmaýar. Bir oglan bilen gürleşer, baglanmak kuwwaty bir dereje peseler, ýene biri bilen gürleşer ýene bir dereje peseler, şeýdip-şeýdip baglanyp bilmeýän bir aýala öwrülýärler we emosional taýdan edil robot ýaly kişiler bolýarlar. Bularyň iň howplulary bardyr, olam biri bilen jynsy gatnaşyga girenler. Bulam möhümdir.

Etmeli zadyňyz: durman maglumat toplaň. Gaty ýiti gözleşdiriň, hemme kişiden soraň, hemme kişiden. Näçe köp maglumat, şonça-da gowluk. Bolmasa siz kösenersiňiz. Ýanan diňe siz bolarsyňyz.

4. Ýeňlesler.

Bular köplenç birinji maddadakylar bolýar ýöne tapawudy bar. Bu kişiler ýeňil kişiler, hatda şeýlebir ýeňil welin howada gaýyp ýörler. Siz 2-3 gowy söz diýseňiz-ä göni ganat çykyp uçuberýärler. Gaty daşda durmaly bulardanam. Bularyň birinji aýratynlygy düşünjesiz bolmagydyr. Düşünjesi gaty erbet ölüdir. Özüne degişli ne pikiri, ne düşünjesi, ne bir dünýägaraýşy bardyr. Kelle boşdur, jahyldyr. Diňe boş-boş gürläp, boş-boş gülüp, hikirdeşip ýörendirler. Ýene bir aýratynlyklary gybatçydyrlar. Gaty kän gybat ederler. Mysal üçin Jelil barada bir täzelik barmy, 2-3 sagatlap şony gürleşerler aralarynda. Ýa-da bir oglan barada gep çykdymy, şony ara alyp, döwlet meselesi çözýän ýaly gürleşerler. Özem gülüp, hikirdeşip gürleşerler. "Gyyy", "goýaýaaaaa" ýaly sözler tanyşmy size? Bu kişilerem tanamak kyn düşüp biler. Sebäbi hemme gyz bir maska bilen gezýär. Bularam "agras" maskasyny geýse näme etjek? Daşyndan agrasdyr ýöne tanamasaň bilip bolmaýar. Aýallar özüni gizlemekde gaty başarjaňdyr, muny unutmaň. "Tanadym" diýeniňiz aslynda düýbünden beýle däl bolmagy mümkin. Şol sebäpli ýene ýerine ýetirmeli zadymyz: maglumat. Köpüsini tanamak gaty aňsatdyr, sebäbi iki gezek gürleşeňde hem belli bolar. Ýöne käbiri gaty gizlindir.

Ýeňlesler bilen alçak, göwnaçyklary biri-birine garyşdyrmaň. Alçak kişilerin gepi sözi ýerindedir, adamlar bilen gatnaşygy gowudyr we kän duşmany ýokdur. Adamlar bilen gowy gürleşer we mylakatlydyr. Ýöne ýeňlesler beýle däldir, hökman duşmanlary bardyr (sebäbi gaty gybatçy), diňe boş zatlary gürleşerler we ýok ýerden "ähähähähähä" edip gülerler.

Ýeňles gördüňizmi, arkaňyza seretmän ökjäni göteriň.

Bular meniň taýynlan maglumatlarym. Aslynda bular gaty kän. Men size käbirlerini aýtdym. Bu kişilere gabat geleňizde gaty üns beriň. Sizi sebäpsiz ýere terk edip bilerler, ikilik edip bilerler, aldadyp bilerler. Şeýlelik bilen çöken diňe siz bolarsyňyz. Bu maglumatlary tapmak kyndyr. Maňa sagbolsyn aýdyň we "like" basyň.

© Awtory men däl özi biler :)

126 |