Ah, Epsilon! Part I
2 minut alar
Ah Epsilon!
Salam Epsilon!
Oňatmy ýagdaýlaryň?
Inşallah oňatdyrsyň!
Meni sorasaňa
Menem oňat hudaýa şükür munça bolsa ...
Bugün ýene asman bulutly
We ýene asmanyň gözleri ýaş'ly
Bu gezek ýöne-möne ýaş'ly däl
Göwnüme bolmasa zaryn-zaryn aglaýa asman
Üst-başyňy öl-myžžyk etjek derejede
Biraz demini alan çaý
Penjiräniň öňü, ýagyş we hyýallar ...
Ýel'e sowrulan sary ýapraklar mysaly
Sowruldym ýene senli hyýallara
We ýene sen ýadyma düşdüň
Nädeýin elimde däl
Ýogsa ýatlajak däl seni
Seni ýatlamajak bolup
Kalbymyň düýbüne bir ýerlere gömüpdim
Bilmändirin
Ekilen her bir zadyň gögerjegini
Wagtyň geçmegi bilen
We sen kalbymyň düýbünde bir ýerde
Ýagşyň her damjasynyň hormatyna
Kalbymyň düýbünde gögerip başladyň
Beýleki pasyllary bilmedim ýöne
Bahar pasyly gülleriň açyljak wagty
Ýöne men açylsyn islämmok kalbymda gülleriň
Goý bu baharam açylmasyn kalbymda güller
Bar onuňam sebäbi ...
Her ýagyş ýaganda şäherime
Göremde çagalaryň ýylgyrşyny
Görsem bir demini alan çaýy
Köplükde ýeke galamda
Dertlerim gerdenime çökende
Ýalňyzlyk agyr basanda
O gara gözleriň
O sadalygyň
Göz öňüme geler
Meni menden alar
Alyp gider meni menden uzaklara
Ýagyşyň ýagan ýerine
Seni tanamadygym günler
Öz başyma kiçijek adamdym
Ýöne dünýäniň öňünde ejiz biridim
Arzuwlarym bardy
Kiçi-kiçi arzuwlar
Köňlümiň uly arzuwlara güýji ýetenokdy
Sebäbi men bagty gara bendedim
Bu bäş günlik dünýede
Ozalama men kän bir oňat adam däl
Men oňat bolmak isledigimçe beter batýan
Batdykça batýan batgalyga
Çäresizlik
Ýalňyzlyk
Sessizlik
Sensizlik
Bularyň bary üýşüp üstüme abanýar
Gara bulut mysaly
Güýçsüzdigimi, sessizdigimi, sensizdigimi
Bilýän bolmaly herhal
Aý näme bolsa şol bolsun
Maňa näme
Gelse gelibersin
Isle birin birin
Islese ikisi birden
Hemmemsi üýşüp gelende näme
Meni gorkuzarmy bular
Derdi beren dermanyny bermezdimi
Derdi beren unudardymy meni
Öňümde galam we kagyzlar
Ýanyma ýoldaş demini alan çaý
Bugün ýagan ýagyşyň hormatyna ýatladym seni
We ýene sessizlik, sensizlik, ýalňyzlyk ...