Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Agaçlar

2 minut alar

Bugün takside gelýärkäm bir topar bolup oturan agaçlara gözüm düşdi. Içimden "Biz adamlaram edil şu agaçlaryň kökleri bilen ýere berk ýapyşyşy ýaly bu dünýä berk ýapyşýarys öýdýän."diýdim. Käbir agaçlaryň göwresi daýaw, käbirleri bolsa maňa meňzeş, ejizjedi.

Dürli-dürli agaçlar bar bu dünýäde. Hersiniň wezipesi, ýaşamaklygy üçin gerekli bolan şertleri hem tapawutly. Hersi öz ýerinde özlerine düşen işleri berjaý edýärler. Biri plan ýerde gülläp otyr, biri plan ýerde gurap otyr, biri bolsa plan ýerde miwe berip otyr. Gurap oturan agaç hem oňa berlen ýumuşy berjaý edip otyr. Miweli agaç miwe bermeýän bolsa, diýmek oňa "miwe berme" diýlendir. Garaz hemme agaç özlerine buýrulan buýruklary ýerine getirip ýörler. Bular meniň pikirlerim, ýöne ýüregimem bu diýýänlerimi tassyklaman duranok. Ýüregim bilen aklym bir bolan bolsa, bu temada meni tutuş ele alypdyrlar diýmek bolýar.

Gel-geleliň biz adamlara. Bizem dürli-dürli. Käbirimiz agyr başly, agras, käbirimiz bolsa ýeňlesiräk. Käbirimiz içimizdäkileri paýlaşmakda ussat, käbirimiz bolsa näçe kösensek hem içimizde bolup geçýän zatlary hiçkim bilen paýlaşyp bilmeýäris. Bu dürlülikler näçe köp bolsa-da biz bir ýerlerde birikýäris. Edil agaçlaryň özlerine berlen ýumuşlary berjaý edişleri ýaly. Agaçlara ýumuş berlen bolsa, biz adamlara-da ýumuş berlen bolmaly. Agaçlar ýumuşlaryny jikme-jik edýärler, sebäbi olaryň özlerinde erk ýok. Bize bolsa erk berlen. Erk meselesi bolsa gaty çuň. Meniň ýaly erksiz biriniň bu tema girmegi gelişmez.

Gep-gepi açar diýleni boldy biraz, agaçlardan başladyk, erke geldik. Adam hökmünde men, gynansak-da özüme berlen wezipäni ýerine ýetirip bilmeýärin. Ýeterlik erkim ýok we bu bir bahana däl. Daş töweregimdäki nijeme adamlardan saýlanýan hem bolup bilerin, ýöne olaryň ýetmezçilikleri meni beýik görkezse-de men özümiň pesdigimi bilýärin. Bu bir tarapdan gowy, bir tarapdan bolsa ejir berýär. Olara gynanýaryn. Birdenem "Olara gynanýançaň özüňi düzeltmegiň ýoluna düşmeli, özüňi düzeltmeli. Adam ilki bilen özüne gynanmaly." diýen pikir urdy kelläme. Şuňa meňzeş mazmunda birzatlary öň bir kitapda okapdym we kelläme ornaşypdy. Şugünler üçin ornaşan ýaly.

  • Erk diýilse Gurbannazar Ezizowyň "Erk hakynda goşgy" atly goşgysy ýadyma düşýär. Köpüňiz bilýänsiňizdirem. Ony özüňiz tapyp okaýyň.
50 |