Gir

Post

@b.jorayev-e jogap

Bagtyň formulasy ýokdur, diňe käbir adamlaryň bu mesele babatynda özboluşly düşünjesi bardyr. Ilki käbir bagt baradaky pikirleri nygtap, olary bir gyra süýşürip, soňam bagt baradaky öz pikiriňizi nygtapsyňyz. "Bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer" diýipsiňiz, emma içgi we daşky dünýäňi deň saklamak, şükürli bolmak ýaly zatlaram islegdir, iň azyndan şolara gowuşmak üçin isleg, soňam yhlas gerek. Şeýle-de, "amal etmek, hereket etmek" düşünjesi bilen, "şükür etmek" düşünjesi biraz biri-birine çapraz düşýär. Eger "şükür", bar zadyňa guwanmak, kanagat etmek bolsa, bu ýerde hereket bolmaýar, eger hereket edýän bolsaň bu kanagatsyzlygy aňladýar.

Başda-da belläp geçişim ýaly, bagtyň formulasy ýokdur. Sebäbi hemme kişi üçin ählumumy, ýörgünli bolan (global) bagt düşünjesi, ýörelgesi ýokdur. Munuňam sebäbi, adamlar biri-birinden tapawutlydyr, bir kişi üçin gowy bolan zat, başga kişi üçin erbet, bir kişi üçin ahlakly bolan zat, başga kişi üçin ahlaksyzlyk, bir kişi bir zady owadan hasaplasa, başga kişi hasaplanok, bagt hem şeýle, ýagny "bagt" diýlen zat ýokdur, bu diňe bir adalgadyr, hemme kişi özüçe pikir ýöredip, şadyýan bolýar we muny "bagt" diýip atlandyrýar, ýagny bu, kişiniň öz düşünjesinden ybarat.

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç