Post
7 jogap
Bagt sozune herbir adam durlice dusunya herkimin oz dunyagaraysyna gora bagt diyip hasaplayar. Haladym mowzugy🤍
5. Bagtyň uniwersal formulasy bolman biler, ýöne şu formula musulmanlaryň näme sebäpden has bagtlydygyny düşündirýär (şu hakda statistiki maglumat bar, gyzyklansaňyz internetdan gözläp okap bilersiňiz). 6. Her bir düşünjäniň aňladýan ahwaly, ýagdaýy ýa-da fenomeny bar. Bu fakt. Bagt hem düşünje boldugyna görä, onuň özi hem bolmaly, we de bar! Minnetdar!
Babageldi, ilki atan töhmet derejesindäki bellikleriňizi, synlaryňyzy, ýüzlenmeleriňizi gürleşeli, bu zatlary gürleşmäge wagt tapylar. Eger töhmet däl bolsa, arkaýyn düşündirip bilersiňiz, minnetdar!
Bolýar, diňlemek niýetiňiz bar bolsa hormatly Seneca, siziň beren soraglaryňyza jogap bereýin: 1. Men islege garşy çykýanymy ýazmadym. 2. Amal etmek bilen şükür etmek bir-birine çapraz düşmeýär. Şükür hakynda makala ýazaryn, bu temada şonda giňişleýin durup geçerin siziň üçin. 3. Hereketiň sebäbi kanagatsyzlyk bolup biler, adam bar zadyndan kanagatsyzlyk etmeli däl, özünden kanagatsyzlyk etmeli. Kanagatsyzlyk netijesinde hereket bolýar, hereket bolsa ösüş diýmek. Ýagny bärde amal etmek özüňi ösdürmek bilen bagly (şahsy ösüş). 4. Şükür etmek - şu günki günüňe razylyk duýmak. Bu diňe şonuň manylaryndan birisi (yzynda hem şol barada ýazypsyňyz, şondan şu ýerde gysgajyk hem bolsa agzap geçeýin diýdim). Galanyny ýokarda belleýşim ýaly, ýazaryn
Makalada ýazan zatlaryň bilen ylalaşamog-a diýemok. Emma, ol adamlara baglylykda formuladaky üýtgeýänleriň sany artyp ýa kemelip biler. Bagt - meniň pikirimçe durmuşyňdan, amala aşyrýan işleriňden we ş.m lezzet almak hem-de ruhubelent bolmak. Bu ýagdaýa ýetmek üçin bolsa adama baglylykda dürliçe hereketleri, amallary ýerine ýetirmeli bolar. Meselem, diýeli, niýeti erbet adam bagtly bolup bilmez öýdýän bolsaňyz bu düýbünden ýalňyşlyk. Bular ýaly adam şol niýetindäki maksadyna ýetse wagtlaýyn (ýa mydama) bolsa-da özini bagtly saýar, eden işinden lezzet alar. Bu ýönekeýje mysal formulanyň üýtgäp biljekdigini görkezýär. Ol adamyň gurşawyna baglylykda wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär. Emma bagta ýetmek üçin gerekli esasy üýtgewsiz zat: SAGLYK!
Näsag adam kim bolsa-da hiç haçan bagtly bolup bilmez, çünki ol ýaşaýyşdan lezzet alyp bilmez we ruhubelent bolmaz!
Bagtyň formulasy ýokdur, diňe käbir adamlaryň bu mesele babatynda özboluşly düşünjesi bardyr. Ilki käbir bagt baradaky pikirleri nygtap, olary bir gyra süýşürip, soňam bagt baradaky öz pikiriňizi nygtapsyňyz. "Bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer" diýipsiňiz, emma içgi we daşky dünýäňi deň saklamak, şükürli bolmak ýaly zatlaram islegdir, iň azyndan şolara gowuşmak üçin isleg, soňam yhlas gerek. Şeýle-de, "amal etmek, hereket etmek" düşünjesi bilen, "şükür etmek" düşünjesi biraz biri-birine çapraz düşýär. Eger "şükür", bar zadyňa guwanmak, kanagat etmek bolsa, bu ýerde hereket bolmaýar, eger hereket edýän bolsaň bu kanagatsyzlygy aňladýar.
Eger-de şükür etmek, hem kanagat etmegi, bar bolan zatlaryň kaýyllygy, günüňden razylygy, hem-de bu zatlar bilen çäklenmän, hereket etmegi, arzuwlaryňa berk ýapyşmagy aňladýan bolsa, onda "şükür" etmegiň manysy galmaýar, iki manysy boldugy bolýar. Ýagny, garyp-gasar, elinde üýtgeşik zady bolmadyk adamlaram "şükür edýärin" diýýär, maddy taýdan baý, mydama iş üstünde bolan adamlaram "şükür edýärin" diýýär. Bir paradoks bar.
Ýöne şu makala hakda belläp geçesim gelýär ýene-de bir zady: Formulada bir üýtgeýän kem bolsa, ýa-da bolmasa bagtyň hümmeti gaçýar. Başardygymyzdan hemme üýtgeýänleri uly sifrler bilen belgiläp hasaplalyň bagtymyzy!
,,Özüňi bagtly saý bir ajap pursat / Sen begenip bilseň adaty zada".~G.Ezizow~ ,,Bagt - baryp ýetmeli menziliň däl-de, seniň öz döretmeli ahwalyňdyr".~Robin Şarma~ "Öleňde kim aglar" şahsy ösüş kitabyndan.
Elbetde. Men makalalar bilen bagly temada goşgy setir (poeziýa söýüji bolanym üçin) we sitata ga:ldyrmagy halaýanym üçin ýazdym.Ýogsa elbetde, bagt, söýgi, durmuşyň manysy... ýaly zatlar şahsyýetleýin (subýektiw) we şahsyň ýaşyna görä üýtgäp durýan düşünjeler.