Gir

Post

Bagtyň formulasy ýokdur, diňe käbir adamlaryň bu mesele babatynda özboluşly düşünjesi bardyr. Ilki käbir bagt baradaky pikirleri nygtap, olary bir gyra süýşürip, soňam bagt baradaky öz pikiriňizi nygtapsyňyz. "Bagt isleýäniňi edinmek bolsa, onda adam bagt diýilen närsäni bütin ömri boýunça kowalap gezer" diýipsiňiz, emma içgi we daşky dünýäňi deň saklamak, şükürli bolmak ýaly zatlaram islegdir, iň azyndan şolara gowuşmak üçin isleg, soňam yhlas gerek. Şeýle-de, "amal etmek, hereket etmek" düşünjesi bilen, "şükür etmek" düşünjesi biraz biri-birine çapraz düşýär. Eger "şükür", bar zadyňa guwanmak, kanagat etmek bolsa, bu ýerde hereket bolmaýar, eger hereket edýän bolsaň bu kanagatsyzlygy aňladýar.

· 1 / 2

Eger-de şükür etmek, hem kanagat etmegi, bar bolan zatlaryň kaýyllygy, günüňden razylygy, hem-de bu zatlar bilen çäklenmän, hereket etmegi, arzuwlaryňa berk ýapyşmagy aňladýan bolsa, onda "şükür" etmegiň manysy galmaýar, iki manysy boldugy bolýar. Ýagny, garyp-gasar, elinde üýtgeşik zady bolmadyk adamlaram "şükür edýärin" diýýär, maddy taýdan baý, mydama iş üstünde bolan adamlaram "şükür edýärin" diýýär. Bir paradoks bar.

4 jogap

"Jedel" diýlen zat, öz pikiriňi goldap, subut etjek bolup yhlas etmekdir, alada etmekdir, pikiriň üçin göreşmekdir. Emma men, "meniň pikirim şu tarapdan dogry" ýa-da "mamla" ýaly zatlary diýmedim we öňe sürmedim, ýagny bu ýerde jedel ýok, diňe düşündirmek üçin ýazylan teswir bar. Siz bolsa, göýä gyzgalaňly çekeleşik bar ýaly hasaplap, öňünden "jedel etmek niýetim ýok" diýýärsiňiz, emma jedel etmän hem bir meselede düşünişip bolýar. Jedel diýlen zat, hileden ybaratdyr, hilesiz jedel etmek aňsat däldir. Emma ýene-de men, hiç hilesiz, sözi oýan-buýan çekmän, diňe düşündirýärin, şuwagt hem şeýdip otyryn. Eger "göz ýetirmedik" we "düşünmedik" zadym bar bolsa bu meselede, sizem men ýaly düşündirip bilersiňiz!

Şükür babatynda paradoks siziň kelläňizde bar :) ýazan teswiriňizde getiren delilleriňize (we bular delil däl aslynda, "goşa dyrnakdaky" delil) men jogap bermek we jedel etmek niýetim ýok, sebäbi siziň entäk göz ýetirmedik we düşünmedik zadyňyz kän bu meselede. Ýazanlarymy hem ýalňyş kabul edipsiňiz. Minnetdar!

Başda-da belläp geçişim ýaly, bagtyň formulasy ýokdur. Sebäbi hemme kişi üçin ählumumy, ýörgünli bolan (global) bagt düşünjesi, ýörelgesi ýokdur. Munuňam sebäbi, adamlar biri-birinden tapawutlydyr, bir kişi üçin gowy bolan zat, başga kişi üçin erbet, bir kişi üçin ahlakly bolan zat, başga kişi üçin ahlaksyzlyk, bir kişi bir zady owadan hasaplasa, başga kişi hasaplanok, bagt hem şeýle, ýagny "bagt" diýlen zat ýokdur, bu diňe bir adalgadyr, hemme kişi özüçe pikir ýöredip, şadyýan bolýar we muny "bagt" diýip atlandyrýar, ýagny bu, kişiniň öz düşünjesinden ybarat.

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç